Ýazyjylar hakda täsin maglumatlar

Gadymy basnýaçy Ezop şeýle bir garyp ekeni welin, hatda bergilerini üzlüşmek üçin gul bazarynda özüni satmaga mejbur bolupdyr. Şol wagtlar ol otuz ýaşynda eken.


Mark Twen edebi tahallusy bilen eser döreden Semýuel Klemens oňat oýlap tapyjy bolupdyr. Onuň oýlap tapyşlarynyň arasynda galamgärler üçin niýetlenen, sahypalary aňsat goparylyp alynýan ýandepderçe, süýşürilýän tekjeli şkaf bar, ýöne iň haýran galdyrýan zat bolsa, boýunbagy daňar ýaly enjam bolupdyr!

Ýazyjy Daniel Defonyň hakyky familiýasy onuň asylzada gelip çykyşyny aňladýan de Fo däl-de, Fo eken. Ol aslynda ýeke-täk «Robinzon Kruzonyň başdan geçirenleri» atly kitabyny ýazmandyr, tersine, üç ýüzden gowrak kitabyň ýazary bolupdyr. Onuň eserleriniň arasynda taryha, ykdysadyýete, geografiýa degişli ylmy işlerem, jadygöýlük barada birgiden kitaplaram bolupdyr. Ol hatda Russiýada patyşalyk eden Pýotr I barada hem kitap ýazypdyr.

Onore de Balzak gara kofäni juda köp içipdir, özem ol bu içgini zäk ýaly gaýnatdyryp, günüň islendik çagynda içiberer eken. Aýdyşlaryna görä, ol her gün 20-den gowrak bulgur kofe içen bolmaly. Hasaplanyp görülse, Balzak «Adamzat komediýasyny» ýazmak üçin 15000 bulgur kofe içipdir.

Onore de Balzak garaňkyda ýazmagy halaýan ekeni, şonuň üçin ol gündizlerine penjirä gara tuty gerip, şemleri ýakyp ýazypdyr. Ýeri gelende aýtsak, öz adyndaky asylzadadygyny aňladýan «de» söz bölegini Balzak satyn alypdyr. Bu ýazyjy boýunbaga (galstuga) bagyşlap, giden bir kitap hem ýazypdyr.

Lew Tolstoý özüniň romanlaryna, şol sanda «Uruş we parahatçylygyna» şübhe bilen garaýar eken. 1871-nji ýylda ol galamdaşy, şahyr Fete ýollan hatynda şeýle sözleri ýazypdyr: «Meniň nähili bagtyýardygymy bir bilsediň... Indi-hä «Uruş...» ýaly köpsözli patarrakyny ýazmasam gerek.»

Ähli döwürleriň we halklaryň iň öndümli işlän ýazyjylaryň biri-de –– ispan ýazyjysy Lope de Wegadyr. «Bedede ýatan it» eserinden ötri ol bir müň sekiz ýüz sany sahna eserini döredipdir, özem olary goşguda ýazypdyr. Wega sahna eserleriniň her biriniň üstünde üç günden artyk işlemändir. Onsoňam, oňa eserleri üçin oňat galamhaky hem tölenipdir, şonuň üçin Wega hakynda ýazyjylaryň arasynda seýrek duşýan millioner diýse hem bolar. Mundan başga-da, Lope de Wega sonet ýazmakda ussat bolupdyr, biziň günlerimize onuň üç müň töweregi soneti gelip ýetipdir
15 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.