MALA DILEMEGIN YERINE
Öñem bir baý öz bolýan ak öýüne giräýen ýerinde özüniñ ýygnan altynlaryny gömüpdir. Bir günem ol öýünde otyrka, goñshy baýlaryñ biri öz talabanyny ýañky baýyñ ýanyna mala dilegi bilen ugradypdyr. Bagtygara talaban salam berip girishine shol baýyñ altynyny gömen ýeriniñ üstünde oturypdyr. Özüniñ mala dilemäge iberileni ýadyna düshmän:
__ Baý aga, men siziñ gyzyñyzy diläp geldim - diýäýmezmi.
Köpigören baý parasatly adam ekeni. Ol talabanyñ gepine kän bir pitiwa bermändir:
__ Geregiñ gyz bolsa tapylar. Hany bärräk süýsh. Me, bir käse çaýam bereýin.
Talaban eline çaýyny alansoñ, baý ondan ikilenç habar sorapdyr:
__ Ýeri, ýagshy ýigit, aýdyp otur. Näme hyzmat bilen geldiñ?
Talaban sakawlapdyr:
__ Baý aga, meni hojaýynym iberdi. Ertire çenli malañyzy berip dursun diýdi.
__ Dilegiñ diñe shu bolsa, ishi haýyr-la. Mala düýnki sürülen atyzyñ gyrasynda durandyr. Berip goýbererler.
Baý eleshan eshikli talaban turup gidenden soñ, onuñ yzyndan seredip, myssa ýylgyrypdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.