HATAM TAY ROWAYATY
Halk hakydasynda orun alan Hatam Taý 605-nji ýylda aradan çykýar. Rowaýata görä, sahylygyñ, jomartlygyñ nusgasyna öwrülen Hatam Taý aradan çykanda, Ýemenli halk örän hapa bolupdyr. ,,Indi biziñ günümiz nähili bolarka? Hatam bize sahawatly goluny uzadyp, ýetmezimizi ýetirip durardy" diýipdirler. Halkyñ bu sözlerini Hatamyñ özünden kiçi dogany eshidip: ,,Näme, men Hatamça bolmaz öýdýärsiñizmi?" diýip magtanypdyr. Onuñ bu sözüni Ejesi eshidipdir. ,,Aý, balam, sen hiç wagtam Hatamça bolup bilmersiñ. Men Hatamy çaga wagty emdiremde, ol bir göwsümi emerdi-de, beýlekisine göz garaltmazdy. Ony goñshy-golamyñ ýetim-ýesir çagalaryna goýardy. Sen bolsa iki göwsümi-de boshadyp goýardyñ" diýip, hakykaty aýan edipdir.
Hatam Taýyñ bu beýik ahlak keshbi onuñ adynyñ halk arasynda hemishelik ýashap ýörmegine sebäp bolupdyr.
Hatam Taýyñ bu beýik ahlak keshbi onuñ adynyñ halk arasynda hemishelik ýashap ýörmegine sebäp bolupdyr.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.