OL YERDE...

OL ÝERDE owadan köshkler-galalar
Öwshün atyp, dulanyp dur dumana.
OL ÝERDE üç ýoluñ çatrygy dushýar:
,,Gitse, geler", ,,Gitse, gelmez", ,,Gümana..."
OL ÝERDE symruglar äpet ganatly
,,Pasyrdashyp", ondan-oña uçup ýör.
OL ÝERDE üç ýa-da ýedi kelleli
Aždarhalar agzyndan ot saçyp ýör.
OL ÝERDE sheýle bir täsin bag hem bar,
Täsin bagda bitýär altyn almalar.
OL ÝERDE ,,dirilik suwundan" dolup,
Akyp ýatyr çeshmelerdir salmalar.
OL ÝERDE owadan suw perileri
Näz-kereshme bilen gezim edýärler.
OL ÝERDE jadygöý garry kempirler
Ýash gyza öwrülip, hezil edýärler.
OL ÝERDE aýlanyp ýörler derwüshler,
Arkasy torbaly, goly hasaly.
OL ÝERDE satashýar jynlar-arwahlar,
Saçlary it oýnan ýorunja ýaly.
OL ÝERDE ýekegöz döwler ýashaýar,
Perileri gabap goýup zyndana.
OL ÝERDE geñ-täsin uçýan haly bar,
Üstüne mündügiñ, galýar asmana.
OL ÝERDE adalat gyljyna hem-de
Ganatly bedewe gabat gelýärsiñ...
OL ÝERIÑ adyny aýdyp durjak däl,
Sebäbi sen ony eýýäm bilýärsiñ!
7 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.