Ýetmiş gyza aşyk bolýar ýigitler
Gurbannazar Ezizow
Men köp gyza aşyk boldum ömrümde,
Köp aýala bölüp berdim ýaşlygy,
Emma şol ýyllarda kök tutan eken
Biziň ýürekleriň garyndaşlygy.
Sag bolsun şol gyzlar, ak bolsun ýoly,
Biwepa ýyllarym geçmişe gitdi.
Olar gyza mahsus gedemlik bile
Maňa seni söýmekligi öwretdi.
Bir jedelde ýetmiş pikir döredýän,
Ýöne hakykat bar sadadan-sada.
Ýetmiş gyza aşyk bolýar ýigitler,
Diňe birin söýmek bolupdyr kada.
Şeýdip, ýaryň bolýar bedeniň ýarsy,
Ýakyna getirip ara daşlygy.
Başlanýar mukaddes, iň bir elýetmez
Biziň ýürekleriň garyndaşlygy.
Sen meň Hakykatym, sen meniň Söýgim,
Joşly göwnüm seni juda söýüpdir.
Hakykat gap-çanak ýuwýan pursatam
Ajaýypdyr, ýönekeýdir, beýikdir.
Men köp gyza aşyk boldum ömrümde,
Köp aýala bölüp berdim ýaşlygy,
Emma şol ýyllarda kök tutan eken
Biziň ýürekleriň garyndaşlygy.
Sag bolsun şol gyzlar, ak bolsun ýoly,
Biwepa ýyllarym geçmişe gitdi.
Olar gyza mahsus gedemlik bile
Maňa seni söýmekligi öwretdi.
Bir jedelde ýetmiş pikir döredýän,
Ýöne hakykat bar sadadan-sada.
Ýetmiş gyza aşyk bolýar ýigitler,
Diňe birin söýmek bolupdyr kada.
Şeýdip, ýaryň bolýar bedeniň ýarsy,
Ýakyna getirip ara daşlygy.
Başlanýar mukaddes, iň bir elýetmez
Biziň ýürekleriň garyndaşlygy.
Sen meň Hakykatym, sen meniň Söýgim,
Joşly göwnüm seni juda söýüpdir.
Hakykat gap-çanak ýuwýan pursatam
Ajaýypdyr, ýönekeýdir, beýikdir.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.