Duşuşyk

Serçeler baglarda ikindi çagy,
Saýrap duşuşygyñ gürrüñin edýär.
"Seni çykarmasak boljak däl" diýip,
Ýerde duran juwan gyza seredýär.

Gyz şeýle gyzarýar, ýañagnyñ reñki,
Asmanyñ ýüzüne ýaýylyp gidýär.
Eli gül çemenli şadyýan ýigit,
Gyzy elinden tutup, seýle äkidýär.

Aşyk ýigit " biz asmanda" diýensoñ,
Olaryñ ýoluna düşýär ak bulut,
Magşuk gyza uzak wadalar berýän,
Ýigidi ýalançy etmejek bolup.

Onsoñ olañ ýoly bulutdan ýaña,
Akmaýanyñ ýoly deý barha ýagtalýar.
...Ertekini gürrüñ berseñ beriber,
Señ söýgiñ erteki bolmasa bolýar.



2 лайков 83 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.