BIR TÖWRA

Stefan Zweig/Awstriýaly ýazyjy

Dünýädäki iň esasy güýç hasap edilýän pula hiç haçan boýun egmän, adamlaryň arasynda hiç hili duşman gazanman ýaşamak ýaly, amal etmesi örän çetin bolan iki sany durmuş ýörelgesini bir wagtlar maňa öwreden adamy ýatdan çykaraýsam, gadyrbilmezlik etdigim bolmazmy?!
Olar ýaly adam aňsat-aňsat duşanok, men hem tötänden gabat geläýdim. Ol döwürler etrap merkezinde ýaşaýardym. Bir gün agşamara itimiň aýagyny ýazmak üçin daşaryk çykardym. Ýöräp barýarkak itim birden birgeňsi hereketler etmäge, ýerde çabalanyp, agaçlara süýkenmäge başlady. Özi-de naýynjar çyňsaýardy.
Näme bolduka diýip, aljyrap durkam, ýeňsämden biriniň maňa tarap golaýlap gelýänini duýdum. Ol otuz ýaşlarynda, pukaraja geýnen, boýunbagsyz, kellesinde şapkasy bolan bir adamdy. Oňa gedaýdyr öýdüp, elimi jübüme uzadanymam şoldy welin, edil köne tanşyna seredip duran ýaly, onuň maňa tarap ýylgyryp, gök gözleri bilen parahat ýagdaýda garap durandygyny gördüm.
Ol:
– Bu janawere bir zatlar-a bolupdyr – diýdi.
Soňra ýüzüni ite tarap öwrüp:
– Hany, sen gel bärik. Häzirjik bileris, ony – diýdi.
Özi hem, maňa ýüzlenende, hamala, ikimiz köneden dost ýaly, “sen” diýip ýüzlenýärdi. Ýöne onuň beýdip içginsiremegine hiç hili gaharym gelmedi, sebäbi onda ýasamalyk ýokdy, onuň özüni alyp barşy nähili akýürekli hem dostana adamdygyndan habar berýärdi.
Ýiti ses bilen sykylyklap, iti ýnyna çagyrdy. Itim aňyrdan ylgap gelşine öňki aýaklaryny nätanyş adamyň dyzynyň üstünde goýdy. Ol adam mähirli elleri bilen itiň ýagyrnysyny sermäp ugrady. Az salymdanam:
– Ine, tapdym – diýip gygyrdy.
Şol barmana it çyňsady, oňa nämedir bir zat edendigini aňdym. Ýöne it janawer şonda-da ondan gaçjak bolup durmady. Ol adam şondan soň ony öz ugruna goýberdi.
Ol elindäki zady ýokaryk galdyrdy-da, ite ýüzlenip:
– Ine, sen ondan gutuldyň, indi arkaýyn ötägit – diýip, ýylgyrdy. It gidensoň özem ýerinden turdy-da, başyny egip, maňa salam berdi, soňra bolsa, öz ýoluna ýöräberdi. Ol şeýle bir çalt uzaklaşdy welin, men oňa sagbolsunam aýdyp ýetişmedim.
Öýüme dolanyp gelenimde, henizem ol adamyň geň hereketleri hakda pikir etmekden aýňalyp bilemokdym. Duşuşygymyzy hyzmatçy aýala gürrüň berdim.
– Oňa Anton diýýärler, onuň ökde käri şolar ýaly işlerdir – diýdi.
Näme pişe edýänini, näme bilen eklenýänini soradym.
– Ol pula-beýlekä üns berýän adam däldir – diýip, jogap berdi.
Pul hemme ýerde bolşy ýaly, bu kiçijik etrap merkezinde-de gerekli zat dälmidir, eýsem: çörek alanyňda, ýatara ýer peýläniňde, geýim-gejim aljak bolsaň…
Onuň ýaşaýşynyň syryny çözmegi ýüregime düwdüm. Salym geçmänkä, hyzmatçy aýalyň aýdanlarynyň janynyň bardygyna göz ýetirdim. Hakykatdanam, Antonyň belli bir pişesi ýok eken. Ol daň saz berenden tä agşama çenli, göräýmäge hiç bir maksady ýok ýaly, şäherçäniň köçelerini garyşlaýardy; gezip ýörkä-de töweregini diýseň eserdeňlik bilen synlaýardy. Şeýdip, käwagt geçip barýan arabaçyny saklap, atynyň esbabynyň ykjam däldigini aýdýardy; käwagtam, biriniň melleginiň gyrasyndan baryp, eýesine mellegiň haýatynyň çüýrän ýerlerini görkezýärdi. Adamlar hem ol işleriň köpüsini onuň özüne tabşyrýardylar; sebäbi olar Antonyň bu zatlary pul üçin etmeýändigini bilýärdiler. Bir gezek bolsa, men ony bir ädikçiniň ussahanasynda, ädik oňaryp oturka gördüm.
Garaz, gyssaga düşen Antonyň ýanyna ylgaýardy. Hatda bir sapar onuň aýallar bilen bazarda alma satyp oturanyna-da şaýat boldum. Satyp oturan ýeriniň eýesi – aýalyň aýbaşysy gelýän eken. Ol Antona ýerine seredip bermegi haýyş edipdir.
Elbetde, islendik şäherde hem, näme iş diýseňem elinden gelýän birgiden adam bardyr. Antonyň olardan tapawudy, näçe agyr hem bolsa, edýän işi üçin diňe bir güne ýeterlik pul alýanlygydy. Şol bolşuny-da hiç üýtgetmeýärdi. Bir güne ýeterlik pul gazanansoň, näme iş etse-de, eden işi üçin pul almaýardy. Iş buýran kişä-de: “Pul gerek bolsa, meň özüm seni taparyn” diýýärdi.
Kän wagt geçmänkä, hemme kişä kömek etjek bolup jan edýän bu täsin adamyň özüne düýpgöter başgaça bir ýaşaýyş terzini saýlap alandygyna göz ýetirdim. Ol adamlaryň wyždanyna bil baglaýardy. Köp pul gazanyp, olary bankda saklamak ýerine adamlaryň wyždanynda saklamagy has ýeg görýärdi.
Hemme kişiniň Antona nähili ynanýandygyna göz ýetirmek üçin, köçede gezip ýörkä, oňa ýöne bir syn etmek ýeterlikdi. Ähli adam oňa ýürekden salam berýärdi, bar kişi onuň bilen elleşip salamlaşýardy. Sada, göwnaçyk, pukara eşikli bu adam şäheriň köçelerinde, öz mülkünde aýlanyp ýören baý emeldar ýaly salyhatly hem mylaýym gezip ýördi. Onuň üçin hemme gapy açykdy. Kimiň saçagyna oturasy gelse, oturyp bilýärdi. Hemme zat öz elindedi. Ertiri alada etmän diňe Allaha bil baglap ýaşaýan adamyň nähili uly güýje hem-de söýgä eýedigine, edil şular ýaly anyklykda ömrümde birinji gezek göz ýetirýärdim.
Bir gün jaýymyň ternawy jaýrylyp, aşak suw geçirip başlady. Hyzmatçy aýala oňartmak üçin Antony çagyr diýdim.
– Ol beýdip çagyrylanok, onuň nirede bolýanyny bilýän adam ýok – diýdi. Diýmek, bu täsin adamyň belli ýurdy-da ýokdy. Ony tapmak üçin islendik adama:
– Şu Antony tapyp bolmazmyka, bir işjagaz bardy welin… – diýmek ýeterlik eken.
Aýdylşy ýaly, şol günüň özünde geldi. Dykgat bilen töweregi synlap, mellegiň içinden geçýän ýodadan ýöräp gelşine, pudamaly agaçlary görkezýärdi. Agaçlaryň birini görkezip, ony başga ýerik göçürmelidigini aýtdy. Soňra ternawy oňarmaga başlady.
Iki sagat soň işi dynandygyny aýtdy-da eglenmänem çykyp gitdi. Ýene-de sagbolsun aýdyp ýetişmedim. Ýöne hyzmatçy aýala gören wagtyň artykmajy bilen pul bergin diýip tabşyrdym.
Hyzmatçy aýal oňa alty şiliň uzadypdyr, ol welin olaryň hemmesini almandyr, diňe iki şiliň alypdyr. Ertir agşama çenli ýeterlik bolýar diýen eken.
– Ýöne lukmanyň köne penjegi zady bar bolsa… – diýipdir.
Yzyndan ylgap, baýyrdan aşaklygyna bakan gygyrdym:
– Anton! Anton! Gel, saňa penjek bereýin!
Hyzmatçy aýal ähli köne-küşülimi orta döküp, dörmäge başlady. Anton bu üýşmek bolup duran geýim-gejimleri birlaý gözden geçirdi. Bir penjegi egnine sokup, barlap gördi. Parahat äheňde:
– Şu-ha maňa bolaýmagy mümkin – diýdi.
Soňra beýleki eşiklere-de göz aýlap:
– Şu köwşi Duzçy petigindäki Juja sowgat edip bilersiň. Ol bir jübüt aýakgaba diýseň mätäç. Şu taýdaky köýnekleri hem, Uly ýoldaky Žozefe beräý, çatyp geýer-dä. Isleseň, seň ýeriňe olary meň özüm eltip bereýin – diýdi.
Ondan bäri köp ýyl geçdi. Antony hiç unutmadym. Sebäbi ahlak babatynda edil onuň edişi ýaly, maňa başga kömek eden adam bolmandy.
Ownuk-uşak pul dawalaryndan ýadap içim gysan wagty, köplenç Antony ýatlaýaryn. Bir günlük sowjagyndan artykmajyny hiç haçan islemändigi üçin, arkaýyn hem parahat durmuşda ýaşap ýören ol adamy ýatdan çykarar ýaly däldi. Şeýle pikir etdim:
“Ähli adamlar bir-birine edil şonuň ynanyşy ýaly ynansady, polisiýa, kazyýete, türmä we pula hajat galmazdy. Hemme kişi, ile hyzmat etmek üçin ylgap ýören, onsoň muzdundanam diňe gerejigini alýan şol adam ýaly ýaşasady, dünýä düýbünden başga ýere öwrülmezmidi?!”
Ençeme ýyl geçdi, Anton barada soň hiç zat eşitmedim. Oňa näme bolandygyny-da bilemok. Ýöne ol barada alada etmäge zerurlyk ýokmuka diýýärin, sebäbi ony Taňry hiç haçan ýalňyz goýmaz diýip pikir edýärin. Üstesine, adamlaram ony hiç haçan ýalňyz goýmaz ahyry.
1 лайков 272 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.