Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar

Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger,
Gyzlyk ejabynyng çaginden geçip
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder
Söýgüsinden geçip, hem senden geçip.

Biwepa saýma sen,
Bigäne saýma,
Ýazgarma belkam ol seni tanandyr
Söýgüsine degmaniñ üçin biçäre
Gijeler ah çekip ýalñyz ýanandyr.

Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar
Olarda günä ýok söýgüden özge,
Düýn söýen gyz bu gün seni ýigrense,
Onuñ sebäbini diñe özüñden gözle!
2 лайков 100 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bahar Toÿlyÿewa
21 авг 2021, 00:11
Hakyky