"Özüňden gözle"

Eger söýgiň köyen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň

Düyn Leýli dey söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginen geçip
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söygüsinden geçip
Hem senden geçip.

Biwepa sayma sen,
saýma bigäne,
Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr.
Söygüsine degmän üçin biçare
Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr.

Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,
Olarda güna yok söygüden özge.
Düyn söyen gyz
bu gün seni yigrense,
Onuň sebäbini özüňden gözle!


Nobatguly Rejepow
5 лайков 107 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.