Gel, Söwda edeli Ezraýyl aga!

Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!
Azat bolmaldyr millionlarça jan...
Zemini çüýreden gurçuklar barka
Garyp agysyna neneñ çydaýañ?

Degme,
Gezsin garyp göwnün baýadyp,
Halal ojagyna dowul hökmanmy?
Ogul-gyzlaryna ýetishjek bolup,
Olar onsuzam öýüne myhmandyr.

Jahany bakylyk mesgeni saýyp,
Göz aýla sen Hakdan bihabarlara.
Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören
Baryp gaýt ýüregi harabalara.

Sadalary gurda iým edip ýören
Kän-ä ynsan geýmin geýinen tilki.
Hemem kemäýseñ mugthorlañ neslini,
Tapdan düshen ynsap daýanar belki.

Tämiz çagajygnyñ Behishdi ysyn
Ýañy koklan ejeleri aglatma!
Ýa-da, ol, çagadan Jennetin alyp,
Mähirsizleñ del ellerin galgatma!

Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy--
Dillerinden "däde" sözün sogurma!
Hem senden iñ soñky wajyp dilegim
Atalañ arzuwyn aja ýugurma!

Söz berseñ aýdanlam razylamaga
Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!

Şyhnazar Durdyýew
8 лайков 276 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
12 авг 2022, 20:35
eshdip gormedik shahyrym bolsa-da gowy yazyan eken
Suleyman
12 авг 2022, 21:07
Jan bermek, jan almak, ýaşatmak Ezraýylyň elinde däl. Diňe Allatagalanyň buýrugy bilen kimiň janyny haçan, nirede almalydygy üstüne ýüklenen jan alyjy perişde. Özbaşdak erki ýok onuňam.

Üstesine awtor, dünýädäki erbetlikleri sanap, munyň çözgüdini ýa-da bes edilmegini Ezraýyldan dileýär. Muňa Erzaýylyň dahyly ýok. Hemmesi Allaň elinde.
Suleyman
12 авг 2022, 21:11
We ýene bir düşünmedik zadym, goşgynyň adynyň "gel söwda edeli" diýilmesi...
Söwdaň görnüşi kän: nagt, nesýe, kredit... we söwda kim bilen kimiň arasynda we nämäniň söwdasy??!
Öwreniji
Автор 12 авг 2022, 21:29
Dark_Wolf
Jan bermek, jan almak, ýaşatmak Ezraýylyň elinde däl. Diňe Allatagalanyň buýrugy bilen kimiň janyny haçan, nirede almalydygy üstüne ýüklenen jan alyjy perişde. Özbaşdak erki ýok onuňam.

Üstesine awtor, dünýädäki erbetlikleri sanap, munyň çözgüdini ýa-da bes edilmegini Ezraýyldan dileýär. Muňa Erzaýylyň dahyly ýok. Hemmesi Allaň elinde.

Seniň pikiriňçe, Gel söwda edeli, Allatagalla diýilse. gowy bolarmy?
Öwreniji
Автор 12 авг 2022, 21:30
Dark_Wolf
We ýene bir düşünmedik zadym, goşgynyň adynyň "gel söwda edeli" diýilmesi...
Söwdaň görnüşi kän: nagt, nesýe, kredit... we söwda kim bilen kimiň arasynda we nämäniň söwdasy??!

Ezraýyl jan alyjy perişde dp tanalsa, başga nähili söwda gerek.
Suleyman
12 авг 2022, 22:13
Remezan
Dark_Wolf
Jan bermek, jan almak, ýaşatmak Ezraýylyň elinde däl. Diňe Allatagalanyň buýrugy bilen kimiň janyny haçan, nirede almalydygy üstüne ýüklenen jan alyjy perişde. Özbaşdak erki ýok onuňam.

Üstesine awtor, dünýädäki erbetlikleri sanap, munyň çözgüdini ýa-da bes edilmegini Ezraýyldan dileýär. Muňa Erzaýylyň dahyly ýok. Hemmesi Allaň elinde.

Seniň pikiriňçe, Gel söwda edeli, Allatagalla diýilse. gowy bolarmy?

Hiç haýsyna diýilsede dogry däl.

Umuman, nähili söwda hakynda gürrüň gidýär bärde? Awtor erbetligi Ezraýyldan satyn aljak bolýarmy? Belki, meň düşünmedik ýerim bardyr, aýlowly, göçme manyda düşünmeli ýeri bar bolsa onda meň günäm... Düşündirseň hoşal bolardym.
Suleyman
12 авг 2022, 22:18
Remezan
Dark_Wolf
We ýene bir düşünmedik zadym, goşgynyň adynyň "gel söwda edeli" diýilmesi...
Söwdaň görnüşi kän: nagt, nesýe, kredit... we söwda kim bilen kimiň arasynda we nämäniň söwdasy??!

Ezraýyl jan alyjy perişde dp tanalsa, başga nähili söwda gerek.

Ezraýyl jany söwda görnüşinde alýarmy?
Aýnur
12 авг 2022, 22:28
Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy--
Dillerinden "däde" sözün sogurma!
Hem senden iñ soñky wajyp dilegim
Atalañ arzuwyn aja ýugurma!

Şu bendini hasam haladym .
MYRADYM
12 авг 2022, 22:48
Tasin setirler.minnetdar
Öwreniji
Автор 12 авг 2022, 23:01
Dark_Wolf
Remezan
Dark_Wolf
We ýene bir düşünmedik zadym, goşgynyň adynyň "gel söwda edeli" diýilmesi...
Söwdaň görnüşi kän: nagt, nesýe, kredit... we söwda kim bilen kimiň arasynda we nämäniň söwdasy??!

Ezraýyl jan alyjy perişde dp tanalsa, başga nähili söwda gerek.

Ezraýyl jany söwda görnüşinde alýarmy?

Göçme manyda, düýp pikiri aňlatmasaň goşgy düzüp bolýamy?
Enesh_Turkmengyzy
12 авг 2022, 23:35
Karzyna bu dunyan yaman adamlaryny bereyli gowylar biraz yaşasyn diyjek boldy oydyan awtor
Öwreniji
Автор 12 авг 2022, 23:42
Korpeje
Karzyna bu dunyan yaman adamlaryny bereyli gowylar biraz yaşasyn diyjek boldy oydyan awtor

??❤
Suleyman
13 авг 2022, 06:18
Remezan
Dark_Wolf
Remezan
Dark_Wolf
We ýene bir düşünmedik zadym, goşgynyň adynyň "gel söwda edeli" diýilmesi...
Söwdaň görnüşi kän: nagt, nesýe, kredit... we söwda kim bilen kimiň arasynda we nämäniň söwdasy??!

Ezraýyl jan alyjy perişde dp tanalsa, başga nähili söwda gerek.

Ezraýyl jany söwda görnüşinde alýarmy?

Göçme manyda, düýp pikiri aňlatmasaň goşgy düzüp bolýamy?

Hawa, düzip bolýar. Goşgy düzmek üçin ullakan parasat gerekdäl, onda-da bular ýaly goşgylar üçin.

Her maddanyň özüne mahsus sypaty ýüzlenmeli. Ýaşatmak, güldürmek, aglatmak, ar almak Ezraýylyň elinde däl diýýärkäm, onuň bilen şo zatlar hakynda nähili söwdalaşyp bolar?
Öwreniji
Автор 13 авг 2022, 08:49

Dogry