Salgyma dañylan göwün 1
Günler geçip durdy dowamly. Ençe gûnleri geçiripdiler bileje. Merdan birhili gen gorunmane başlapdy, hemiseki duşuşyan yerine gelman, kan Gülnara ünssiz, biperwaý garaýardy. Gülnara alada galyp göwnunden turjak bolup iki gaýtalatman diýenni name diýse edip alňasaýardy. Merdenyň bolsa piňinede daldi. Gün günden daşlaşýanyn duýup duşuşyga özi gel diýipdi. Hawa, bu olarda adatdy, bir birine aýtmasyz çykardylar bellenen ýere, birki gezek gelman Gülnaryn gozlerini ýolda goýupdy, näme bolaýdyka diýip sebabini sorasada her hili bahana tapardy, aldaýaň diýsede “indi maňa ynanaňokmy ?” diýerdi. Gülnar zat diýip bilman ýuwaşlyk bilen ýüzün aşak salyp, içinin ýananny bildirmejek bolardy. Şonun üçin bu gezek özi “ şu gün hokman gel, gürrüňim bar” diýip çagyrdy. Agşam Gülnar öň çykyp garaşyp durdy, gelmezmika diýip sussy basyljak boldy, şol barmana aňardan Merdanyn gelýanini görüp, dünýäsi giňän ýaly ýürejigi jigläp gitdi. Merdan geldi salam berdi
- Salam Gülnar
- Salam
- Bir gürrüňim bar diýdin...???
- Hawa, Merdan sana name bolýa soňky döwür?!
- Hiç zadam bolanok ha?
- Ýok Merdan, sen üýtgediň, birhili maňa sowuk sala garaýaň aýdaý name boldy, men bir ters zat etdimmi? aýt eger şeýle bolsa düzedeýin haýş gizleman aýdaý, gynamaýda meni beýdip
- ...............
- Merdan.....?????? (ýüzüne soragly bakdy)
- Sebäbi sen söýeňok meni.
Gülnar düşünman birhili boldy, soňra
- Goýsana Merdan meň seni nähili söýýänimi özüň gowy bilýäňä
- Subut et
- Waý näme diýänä Merdan?! Nädip?
- Meniñ bilen bol*
- Näme diýýäñä sen. Toýdan soñ men hut seniñki.
– Ÿok häzir, söýýaniň çynyň bolsa.
Bu sözi eşdip Gülnaryň erbet gahary geldi.
- gürlemäýdä Merdan nämeler diýäň
- Bolda hany söýýäniň çyn bolsa subut et ynanaýyn sana. Bular şeydip gaýtdylar öýli öýüne. Gülnar garşy boldy we Merdandan öýkeledi. Merdan bolsa idänokdam aradan bir-iki gün geçdi Gülnar çydap bilman özi idedi. Ony ýitirmekden gorkýardy hemme zatdan geçip beter söýýardi. Ahyry söýgim üçin göreşmeli diýip islemesiz razy boldy. “Meni alarmyň” diýende Merdan :”subut et, ynandyr alaýyn” diýdi. Gorksada bu zatlardan ozuni berk tutdy söýänini ýitirmezlik üçin ol ýene nämeler etmezdi, hemme zada kaýyldy baryp eýýäm üç ýyl bari halaşýardy, aýrylmak juda agyr düşjekdi. Şondan soň dili süýjäpdi Merdanyň. Gülnar ozuni hapa duýsada “esasy söýgülim bar, nesip meni alar, biz bile bolarys” diýip oz ozüne göwünlik bererdi. Elbetde, bu ýagdaý gizlin galjakdäldi. Bu işiň netijesi ýüze çykmana başlanyndan ene-atasy bildi. Gaharyna urup-sögüp öýden kowupdy. Kakasy namysjan adam bolan soň:”Meniň beýle bir gyzym ýok, meň gyzym öldi” diýip gaýdybam gelmezligini gelsede öýe salmazlygy aýalyna tabşyrdy. Merdanyň süýjän dilide uzaga gitmedi, ýene öňki heňňam, ýene öňküsi ýaly parhsyz bolmana başlady. Gülnar: ”Näme bolýar?” diýip sorasada idili jogap berenokdy. Diňe ýüzüni alyp goýýardy, halys bolubam ondan geçdi emma ol geçsede Gülnar ondan geçmändi. Gaharyndan sowaşar ýene dolanar diýen umyt bilen garaşýardy. Merdanyň gaharyny getirmezlik üçin gyzda näz etmek, öýkelemek diýen zat ýokdy, gyza gelşigi näz, gyz öýi-näz öýidi emma bu isleglerinden el çekip, gaýta ol Merdana ýalbarýardy. Soňky üç ýyl bäri gijelerine diňe duşuşyga çykyp, ondan öň öýündende kän çykmaýan gyz obadan çykyp nirä gitsin?! Kimsi newsi agyryp, ärleri ýokka iýere zat bererdiler bolmasa oba bilensoň bu ýagdaýy hiç kim halaman seredesi gelenokdy. Onda munda ýatyp gijesini geçirerdi. Obada kan görünmän çetiräkde adam azyrak ýerinde bolardy. Bir gün ýolda gelýärkä Merdana gözi düşen Gülnar ýanyndaky gyzy görüp gabanjyna dälirän ýaly ýanlarna bardy. Merdan gyza başagaý bolup durşuna Gülnaryň golaý gelenni duýmady. Ol barmana Gülnar: ”Merdan” diýdi. Öwrülende öňünde duran Gülnara gözi düşüp onun ýüzi üýtgäp gitdi. Näme diýjegini bilmän derrew ýanyndaky gyza “biraz garaş” diýip Gülnary beýleräk çekdi-de:” Näme meni yzarlap ýörsüň boldy indi bes et yzarlamaňy men ýok indi meni günüme goý” diýdi. Gülnar aglady bokurdagy dolup hiç zat diýip bilmedi. Täze tanşan gyzyda durup bilmän bularyň ýanyna geldi,
Merdana: ”bu kim?“
Gülnara garabam: ”Sen Merdany nirden tanayaň?!” Gyz ol obadan bolmany üçin Gülnary tananokdy hiç zatdanda habary ýokdy. Merdan derrew: ”aý bu obamyzdaky däli gyz kimi görse şeýdip ýör” Ol gyz: ”dursana, ol seň adyňy nirden bilýär onda? A gyz, sen muny nirden tanaýaň bu seň nämäň?” diýip Gülnara ýüzlendi. Damagy dolup aglap durşuna zordan:”Ýok tanamok, hiç zadymam däl” diýmäni bäşardy soňam yzyna öwrülip ylgabyrak diýen ýaly gaýtdy.
(Dowamy bar...)

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.