Salgyma dañylan göwün 3
Iş wagty gutaryp öýüne gaýtmak üçin has dogrusy mazarystana ýaňy ýola düşende ýene şol adam Selim öňünde durdy. Gülnar görüp sägindi soň ýanyna baryp ilki salam berdi soňrada: ”şu günki eden ýagşylygyňyz üçin Taňry ýalkasyn, aljyrap sag bolsun aýtmany undupdyryn” diýdi. Selim: ”hiçle” diýenden Gülnar: ”bolýa sag boluň” diýip ýoluny dowam etmekçi boldy. “biraz aýak çekseňizläň, siziň bilen tanyşyp bolmazmy?!” diýip Selim soze başlady ýol ugra gürleşibem gitdiler. Gülnar özüni känbir tanatmandy öýüne çenli ugratmak isledi Gülnar garşy bolup mazarlyga ýetiberende sag bollaşyp daşlaşmakçy boldy, Selim: ”siz şu ýerde ýaşaýaňyzmy?!” “howwa” diýip jogap berdi we derrew arany açmak bilen boldy. Ertesi ýene şol ýagdaý. Işden gaýdyşyn ýene Selim öňünde maşynyň öňki bamperine bir aýagyny goýup ýaplanyp, elinide bir birine geçirip garaşyp durdy. Gülnar golaýlaberende turdyda:
- Salam Gülnar bu ýene men
- Salam, a bu gün näme boldy?!
- sizi öýüňize çenli uradyp bilerinmi? Gülnar garşy bolsada göwnüni ýykmazlygy sorap razy etdi. Ulaga mündirip gürleşip barýardylar. Ulag başga bir taraba öwrülende Gülnar: ”Duruň, meň öýüm bu tarapda dälä” diýdi. Selim:
- mazarystanda dünýaden ötenler ýaşaýar o ýeri heniz seniň öýüň dal diýip ýylgyrdy. Gülnar geň galyp:
- siz nireden bildiňiz?!
- hawa düýn men sizi yzarladym
- Näme uçin?
- sebäp nirede ýaşaýanyňyzy bilesim geldi, şol gün mazaryň başynda uklap ýatyrkaňyz oýaranda mendim tanadyňyzmy?! Düýn siz ýene şol mazaryň ýanyna bardyňyz
- asyl.... men şonda sizden gorkupdym tanamadym.
- meniň aýalym dünýaden gaýdypdy toý edenmize heniz bir ýylam bolmandy. Şol gün aýralyga çydap bilmän onuň ýanynda boldum. Serhoş bolup aglapdyryn söýüşip alypdym näçe arzuwlar etdik ýetmedik onuň dünýäden öten güninden bäri men hem öli ýaly. A siziň baran mazaryňyzdaky siziň nämäňizdi?
- oglum, men ikisindende jyda düşdüm men eýýäm bir wagt öldüm.
- ondada mazarda ýaşamak gelişmez diýip Selim çala ýylgyrdy
- Inede biz geldik
- nirä?
- meniň öýüme. Gülnar gorkdy girmejek boldy ýöne näme üçindir göwni rahatdy. Ahyry razy boldy. Selim uly jaýda ýeke özi ýaşaýardy. Ýetim önüp ösensoň hiçkimi ýokdy. Gowja käri bardy öýlerine aýal maşgaladan diňe ejesi ýaly görýän goňşusy Altyn daýza nahar bişirip bermäne girerdi. Ýyljak çaý başynda Selim oňa özi hakda gürrüň berdi ana şonda ilkinji gezek Gülnarda öz durmuşyny dogry gürrüň beripdi. Olar gowy tanyşdylar. Wagt geçdi Selim Gülnara öýlenmegi teklip etdi. Durmuş gurdylar indi Gülnar bir öý hanymydy. Ýyllar geçdi olaryň ogul perzentleri boldy. Durmuş Gülnara ogluny gaýdyp beripdi. Gülnar bir gün obasyna, dogduk mekanyna aýlanyp gaýtmak isläp Selime alyp gitmegni haýyş etdi. Oba gitdiler, köp zat öňki bolşy ýalydy. Gülnaryň ýüregi birhili bolup agysy tutdy. Oba gelen del maşyna herkim geň galyjylyk bilen seredýärdi. Öýleriniň deňine ýetip durdy. Düşüp gapyny kakanda Ejesi çykdy. :”salam, size kim gerekdi?” saçyna düşen agy, maňlaýyna düşen ýygyrdy synlap Gülnar hiç zat diymän aglady. Ejesi ony tanady gujaklady, ejeside aglady. Ejesiniň saçyny, başyny ellerini ogşap aglaýardy. Selim gyrada näme diýjegni bilmän durdy. Onýançada kakasy: ”Plany, kim ol gelen?!” diýip gapydan çykdy. Kakasy gyzyny tanamady Ejesi: ”bu, gyzymyz” diýdi. Gülnar salam berdi elini öpmekçi bolanda elini çekdi, öpdürmedi. Ol barmana ejesi durup bilmän “gel gyzym öýe gir” diýdi. Gülnar kakasynyň ýüzüne seretdi we ýüzünden aňdy, ol gyzynyň ýüzünede seretmän gapdala bakyp durdy. “meni bagyşlaň Kakajan eje, sizem bagyşlaň meni” diýip gözýaşlary bilen ýuwaşjadan öwrülip gaýtdy. Şol sözleride dolup duran damagyndan çykaryp zordan aýtdy. Ejesi kakasynyň rugsady bolmasa hiç zat diýipde bilenokdy, diňe yzyndan aglap galdy. Gülnar obadan çykynça pyýada gitjekligni aýdyp Selime garaşmagyny haýyş etdi. Ýol boýy ýeke özi obasyny soňky gezek synlap gelýärdi. Her kim ony öldi bilýärdi hatda ene atasyda, şonun üçinem ony hiç kim känbir tananokdy ýatlarnada düşenokdy. Şol barmana öňünden perişan halda biri çykdy. Gülnar ony görüp aýak çekdi gapma garşy gabatlaşdylar. Hawa ol Merdandy durmuş oňa ýeterlik sapak beripdi. Ene-atasy aradan çykyp ýetim galypdy, obada kim iýmäne zat berse şonuň işini edip ýördi. Bu halyny görüp Gülnaryň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Merdanda ony tanap hiç zat diýip bilmän seredip durdy. Gülnar gözlerine ýaş aýlamsada ýüregi zar zar aglady, newsi agyrdy emma başyny dik tutup gapdalyndan geçip gaýtdy.
awtory: Batyr G

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.