Emeli arwah#2

Shu ýyl nämeler bolan bolsa eýýäm bar zat düzederden giçdi. Halyl ýylyň başynda şol gyza sataşypdy, ýylyň ahyrynda okuwy gutarypdy we ýylyň ortalarynda hiç haçan Eýrana gaýdyp barmaryn diýen karara gelipdi. Hawa, Halylyň watany Eýranda-dy. Ony watanyndan geçeni üçin Ýewropaň örän abraýly şereketine işe çagyrypdylar. Ol şu wagt şol şereketiň baş direktory bilen duşuşmaga barýardy. Duşuşyga ony lift alyp barýardy we liftiň içinde iki sany emeli goragçy bardy. Ol goragçylar eýýäm 20 minut bäri ýekeje gezek hem gymyldamandylar. Halyl olara seredip öz okuw ýyllaryny ýatlaýardy. Ol şeýle emeli adamlary sökýärdi we düzýärdi. Olara emeli aň döredýärdi. Emeli aň döretmek boýunça Halyl örän ökdedi. Ol okuwyň üçinji ýylynda eýýäm göze düşüpdi. Oň şu wagtky işe barýan şereketi, oňa okuwyň 3-nji ýylyndan başlap her aýda stipendiýa töleýärdi. Halyl ol tölegi kabul etdi we öz watanynadaky howupsyzlyk gulluklaryndan bar zady gizledi. Eger kömek puluny alýanyny bilen bolsadalar, olar Halyldan bir eýýäm dynardylar. Halylyň göze düşmegine oň çap eden bir makalasy sebäp bolupdy. Ol makala emeli aň döretmek dünýäsine degişlidi. Emeli aň we emeli adamlary ýasamakda dünýä belli bir paradoks bardy. Hyzmatkär robotlary ýasamakda dünýä belli Ýapon alymlaryň biri dünýä belli bir paradoks galdyryp gidipdi. Ol Ýapon alymy bir eýýäm dünýeden gaýdypdy, ýöne oň döreden hyzmatkär robotlary şu döwür hem öndürilýärdi. Ýöne ol robotlaryň örän täsin bir syry bardy. Şol syry bolsa soňky 40 ýyllap hiç kim çözüp bilenokdy. Ol robotlaryň syry şeýledi: Ol robotlary nädip ýasamalydygyny şol Ýapon alymyň işläp giden şereketi bilýärdi, we şu döwüre çenli ol robotlary öndürýärdi. Ol robotlar dünýä ýüzünde adama meňzeş häsýeti bilen bellidiler, ol robotlar edil ýaş gyz ýaly mähremdiler. Ýöne nädip şeýle emeli aňy-düşünjäni döredip bolýandygyny hiç kim bilenokdy. Islendik robot ýa-da emeli adam iki bölekden durýardy. Ol bölekleriň biri bedendi, ikinjisi bolsa aňdy. Nähili geň bolsada şol robotlar ýasalanda olarda aň bolanokdy. Ol robotlaryň diňe bedenlerini ýasaýardylar. Bedeni nahili ýasamalydygynyň bar düzgünlerini, şol merhum bolan Ýapon alymy galdyryp gidipdi. Eger şol düzgünler boýunça robot ýasasaň, şol robotda aňyň we düşünjäň öz özi peýda bolýardy. Aňyň nirden peýda bolýanyny dünýäň iň beýik alymlary soňky 40 ýyllap çözüp bilmän ýördüler. Ýöne aň-düşünje diňe şol Ýapon alymyň galdyran çyzgylary boýunça ýasalan robotda peýda bolýardy. Çyzgylarda sähel üýtgeşme bolsa robot öldür janlananokdy. Ol iň bärkisi gözlerinem açanokdy. Şol Ýapon alymyň adamzada galdyran tapmaçasyny entek hiç kim çözüp bilenokdy. Iň bärkisi hakykada ýakyn çaklamalar hem bolmandy. Ol alymy şol robotlara degişli ýene bir uly syry bardy. Robotlaryň sanyny laýyk 1600-den köp edip bolanokdy. Eger 1601-njy robody ýasasaň, öňki ýasalan robotlardan biri öz özinden ölýärdi. 1600 sany robot ýeriň dürli künjeginde bolsada, hamala olaryň arasynda täsin baglanşyk bar ýalydy. Birje roboda artykmaç ýasasaň, hökman olaryň haýsam bolsa biri hatardan çykýardy we hiç bir ýagdaýda janlandyryp bolanokdy. Bu syry hem şu wagyda çenli hiç kim çözüp bilmändi. Ol Ýapon alymyň galdyran çyzgylaryny tutuş dünýäň alymlary öwrenipdi we hiç hili şübheli zat tapmandylar. Şol çyzgylardaky ýeke geň zat, olaryň örän çylşyrymlydygynda-dy. Şol robotlar edil adam bedeni ýaly çylşyrymlydy. Adam bedeniniň nerwi ulgamyna meňzeş ulgamlar bardy. Ýöne aňa-düşünjä meňzeş hiç bir zat ýokdy. Gepiň gysga ýeri şol robotlaryň serýasy alymlara soňky 40 ýyllap gün berenokdy. Şol syry çözjek bolup bir giden ýaş alymlar dälihana düşüpdilar. Ýöne şu günlere çeni ol tapmaça hiç kime per bermändi. Diňe Halyl atly Eýranly talyp şol tapmaçany çözmegi başarypdy. Has dogrysy Halylyň çaklamasy iň hakykada ýakyn bolup çykdy. Öz çaklamasyny Halyl Ýewropaň ylmy žurnallarynyň birinde çap edipdi. Şondan soň welin bar zat üýtgäpdi. Halyla dünýä belli şereket öz hyzmatlaryny teklip edipdi, oňa goşmaça stipendiýä töläp başlapdylar.

Adam häsýetli Ýapon robotlaryň syry şundan ybaratdy: Ol robotlaryň diňe bedeni ýasalýardy, aň-düşünje olarda öz özünden peýda bolýardy. Aň düşünjäň nireden peýda bolýanyny diňe Halyla çaklamak başardypdy. Halylyň çap eden makalasyna görä ol robotlardaky peýda bolýan äň düşünje, köne döwür ýaşap geçen adamlaryň ruhydy. Adam bedenine diýseň meňzeş ýasalan emeli bedene, bir mahal ýogalan ruhlar ýalňyşlykda girýän bolmaly? —Halyl düşündirýärdi. Ýöne barybir emeli beden bilen hakyky bedeniň deň dälligi üçin, ol robotlar adamdan örän daşdylar, ýöne näme üçindir gyz ýaly mähremdiler. Halylyň çaklamasyny ylym dünýäsi hezil edip ýuwutdy we öz ugruny tutuşlaýyn üýtgetdi. Indi dünýä belli alymlar, adama meňzeş aň-düşünjäni emeli usul bilen döretmäň üstinde işlemän. Eýsem aň-düşünjäni bir zat edip ýaýlymdan tutup aljak bolýarlar. Eger adamyň bedenine örän meňzeş beden döretseň, oň içine hökman ruhlaryň biri ornaşaýmalydy. Ýöne şeýle bedeni nädip döretmelidigini diňe şol Ýapon alymy bilýärdi. Alym merhum bolsada haýsy ugra pikir etmelidigini olary görkezipdi. Ýöne oň diýjek bolýan zatlaryna diňe Halyl düşünipdi we başgalara düşündiripdi. Halylyň özi bilmesede oň ylym dünýäsinde diýseň sylagy ulydy.

Robotlaryň sanynyň näme üçin 1600-den geçmeýändigini Halyl şeýle düşündirdi: Şol robotlara girýän ruhlaryň sany näme üçindir 1600-den kän bolmaly däl. 1600 sany ruh bir millet bolardan diýseň az. Geçmişde bir ýerlerde birek birege örän bagly bolan 1600 sany adam bir heläkçilikden ölen bolmaly. Olaryň 1600-em ýaş gyz bolmagy ahtymal? Ýapon alymy şol gyzlaryň ruhyny bir zat edip öz emeli ýasan bedeni bilen gyzyklandyrmagy başarypdyr. Indem welin şol bedeni ýasadygyň ýeterlik, şol 1600 ruhdan biri bedene öz özinden ýerleşýär. Eger 1601-nji bedeni ýasasaň, öňki ýasalan bedenleriň birini ruh taşlaýar we ýene täze bedene ýerleşýär. Ol 1600 ruhyň gelip çykyşy barada-da Halylda geň çaklama bardy. Halylyň okaýan jaýynda şol 1600 robotdan biri bardy we Halyl şol robot bilen köp wagtlap işlemäge mümkinçilip bolupdy. Halylyň çaklamagyna görä, şol 1600 sany ruh, köne döwürler Çingiz hanyň nökerlerine getirlen 40 sany gyzlaryň ruhy bolmalydy. Köne döwürler Çingiz han merkezi Aziýa tomuslamana gelende, oňa daş töwerekdäki şäherleriň baryndan 40 sany gyz ugradýan ekenler. Her bir uly şäher 40 sany iň owadan gyzlary beräýmeli eken. Ana şol 40 sany gyzlardan aram aram gozgalaň turuzyp, daga çöle gaçyp gidýäni bolýan eken. 40 gezekden 40 gyz laýyk 1600 bolýar. Halyl näme üçindir 1600 robotlary şol gyzlaryň ruhy eýeleýär diýen karara geldipdi. 1600 sany gozgalan turuzan gyz, özlerem dürli şäherden we dürli döwürler ýaşan. Ýöne ol gyzlar barada Ýapon alymy aradan 1000 ýyldan gowrak wagt geçip nireden bildi, hiç kime belli däl. Çingiz hanyň ýaşan döwrüinden şonça ýyl geçipdi. Emma Ýapon alymyň galdyran gündeliginde oň düýşine girip, —bizi ýasaýyňda, —diýip haýyşt eden 1600 sany kölege barada agzap geçýär. Garaz Halyl öz çaklamalaryny ylmy dilde şol žurnalda çap etdi we emeli aň ýasamakda dünýä ylymyny düýbinden başga akyma göýberdi. Indi tutuş dünýe emeli aňy ýasamagyň ýerine, ýaýlymdan aňy tutup almagyň üstinde işleýärdi. Kimdir biri Enşteýn ýaly beýik alymlaryň ruhyny tutup almagyň üstinde işleýärdi. Kimdir biri geçmişde bolan beýik esgerleriň ruhyny tutup, harby robotlary öndürmegiň arzuwyny edýärdi.
0 лайков 104 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.