Emeli arwah#3

Halyly alyp barýan lift ýarym sagatdan soň saklandy. Liftiň näme üçin şonça wagtlap ýöränini Halyl bilenokdy. Lift aşak ýöredimi, ýa-da ýokaryk, ýa-da gapdaly, ol hem belli däldi. Liftiň gapylary açyldy we giň karidor göründi. Karidoryň ini edil liftiň ini ýaly giňdi. Karidora göz aýlap Halyl ýeriň aşagyna düşendigine göz ýetirdi. Ýeriň aşagy aşagy welin, 30 minutda näçe metr aşaklap bolýar? —Halyl oýlandy. Liftiň gapylary açylanyndan iki sany emeli adama hem jan girdi. Olar Halylyň her gapdalyndan durdylar. Edil günä bilen sogaby hasaba alýan Perişdeler ýaly. Halyl garşylyk görkezmän karidoryň jümmüşine ätledi, iki sany pälwen bolsa, oň yzy bilen.

Halyl bir näçe kilometr ýeriň aşagyndady. Ony işe çagyrýan şereket diýseň kuwwatlydy. Bu şereketiň esasy binasynyň aşagynda uly ýerzemin bar bolmaly, —Halyl çaklady. Ýene-de Halyl ýalňyşmaýan bolsa bu şereketiň ähli binalary ýeriň aşagyndan birek birege bagly bolmalydy? Ýöne näme üçin baş direktor ýagty jahandan ýeriň aşagynda gizlenýär? Bu Halyl üçin gizlin syrdy. Belki bu şereketiň labaratorýalary hem ýeriň aşagyndadyr? Hökman şeýle bolaýmaly, ýer ýüzünde iň gizlin eşleriň bary, ýeriň aşagynda edilýärdi. Halyl muny bilýärdi. Bir näçe ýüz metrdan soň karidor duýdansyz çepe öwrüldi we birden has hem giňedi. Indi bu ýerde iki sany eletro-ulag bardy. Iki sany Pälwan şol ulaga münmegi Halyla teklip etdiler. Halyl ulagyň yzky oturgujyna mündi, iki sany emeli pälwan bolsa öňüne. Ulag öz özünden herekede geçdi, iki Pälwanyň ony dolandyrmakda dyrnak ýaly hem goşantlary ýokdy. Ulag ýola düşeninden Halylyň kellesinde örän geň pikirler döräp başlady, Halyl öňler şeýle pikirleri hiç wagt etmändi. Näme üçindir Halylyň hyýalynda beçewazlyk pikirleri oýandy. Ol pikirleriň hiç hili başy ýokdy, ol pikirler öz özinden döräpdi we öz aýratyn erki bardy. Hamala kimdir biriniň sesi, Halylyň ýoluny urdurjak bolýan ýalydy? Halyl eýýäm hyýalynda iki sany Pälwan bilen ýatýardy. Beýle pikirler ýöne ýerden döräp biljek däldi. Ol pikirleri kimdir biri Halylyň kellesine daşyndan guýýardy. Halyl pikirleriň çeşmesini tapjak boldy, ýöne başa barmady. Ol pikirler örän maýyşgakdy. Ol pikirler ýatlamalaryň jümmüşine çümüp, Halyla ilki başdan oglanlaryň ýaraýandygyny düşündirjek bolýardy. Bu pikirler nähili geň bolsada ýaşamak üçin göreşýärdi. Halyl olary ýeňip bilmedi.

Elektro ulag öz ýoluny dowam etdi. Uzyn karidor köçäni ýatladýardy. Käbir ýerlerde ýol ikä bölünýärdi, ýa-da hakyky çatryk peýda bolýardy. Halyl gapdalda bir ýerde edil öz barýan ulagy ýaly bir iki sany ulag hem görüpdi. Bu ýer näme diýseňem ýeriň aşagyndaky şäherdi, ýöne diňe asman görnenokdy. Gapdallara suwulýan karidorlaryň barsy hökman ýer-asty binalara eltýän bolmalydy? —Meňa iş berjek bolýan şereket şeýle kuwwatlymyka? —Halyl oýlandy. Iň soňynda eletro-ulag karidoryň soňyna diredi we saklandy. Ulag saklananyndan soň beçewaz pikirler hem zymzyýat boldy. Bu pikirler edil iki pälwan ýaly emeli bolmagy mümkindi? Karidoryň soňunda gapy bardy. Iki pälwan şol gapyny açyp Halyly çagyrdylar. Halyl daş töweregine garaňjaklap gapydan ätledi. Gapyň aňarsynda eýýäm adaty karidor başlaýardy. Şol karodordan Halyl bilen iki sany pälwan ýoluny pyýada dowam etdiler. Karidor egrem-bugram bolup alyslara alyp gidýärdi. Ilki başda karidor boşdy, soň ol ýuwaş ýuwaşdan adamlar bilen dolup başlady. Halylyň öňünden her tüýsli işgärler çykyp başlady. Ol edil öz ýeňsesinde barýan iki sany pälwanyň kopýalaryna hem sataşdy. Karidor aram aram çepe hem saga şahalanýardy. Bu ýerde her dürli işgärler we alymlar bardy. Halyl daş töweregine aňkaryp nädip ýetmeli ýerlerine ýetendigini bilmän galdy. Iň soňunda karidor egrem bugram bolup bir owadan gapa diredi. Halyl ilki başda ýoly ýatlajak boldy, ýöne öwrümleriň sany ýatlardan bir eýýäm geçip gidipdi. Onça öwrümleri ýatlamak mümkin däldi. Bu ýerik hakyky labirindy ýatladýardy.

Halyl bilen iki sany melgun gapyň daşynda az salym garaşdylar we iň soňunda uly gapy açyldy. Gapyň aňarsynda giň otag bardy, ol otagda, giň stoluň başynda bir gyz otyrdy. Gyzyň ýüzi diýseň tanyşdy, bu gyz edil melek ýaly owadandy we uzyndy. Gyzy görüp Halylyň dili tutuldy, oň aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ol haýaljakdan yzyna ýöräp başlady, gyz bolsa täsin ýylgyrýardy. Halyl arkasy bilen iki sany melguna diredi we saklandy. Ol gyz Halyly şu ýyl sataşan gyzy bilen iki damja suw ýaly meňzeşdi. Diýmek Halylyň söýýän gyzy hem edil öň öňündäki gyz ýaly ýasamady. —Siz meni aldadyňyz, —Halyl samrady. Ol bir ýerlerik gaçyp gidesi geldi, ýöne gaçara eýýäm giçdi. Ony göýberseňem ol yzyny tapjak däldi. Halyl şol gyz üçin öz watanyndan dönüpdi. Indem welin ol gyzyň ýöne bir emeli gyzdygy aýan bolupdy. Ýöne nädip bu şeýtanlar Halyl ýaly hünärmeni aldamagy başardylar? Bu eýýäm gizlin syrdy. Halyl emeli gyz bilen hakyky gyzyň tapawudyny hökman biläýmelidi. Ýöne bilmedi. Halyl öňünde oturan gyza seredip eýýäm aglamaga taýyndy, ýöne gapdalda duran gapy açyldy we ony şol ýerik çagyrdylar.

Halyl gapdaldaky gapa haýaljakdan girdi we oň yzy bilen äpet gapy ýapyldy. Iki sany pälwan bilen ýasama jelep gapyň daşynda galdy. Halyl täze otaga girip elleri bilen gözlerini ýapdy. Bu otag diýseň ýagtydy. Penjirelerden günüň şöhlesi düşýärdi. Halyl ýarym garaňky karidorlarda sümsünip, gözleri garaňkylyga gowja öwrenşipdy. Bu wagt bolsa ýeriň ýüzünden 100 gat beýiklikde duran ýalydy. Halyl gözleri ýagtylyga öwrenşeninden soň penjirä seretdi. Ol ýerden haýsam bolsa bir ösen şäher görünýärdi. Beýik beýik binalar, asmanda bir ýerlerde dik uçarlar uçuşyp ýör, awtoulaglaryň sesleri gelýär. Ýöne beýle bolmaga haky ýokdy, Halyl näme diýseň ýeriň aşagyndadygyna ynanýardy. Eger ol çyndanam ýeriň aşagynda bolsa, diýmek penjireden görünýän we eşdilýän zatlaryň bary emeli usul bilen döredilendi. Soňunda şeýle hem bolup çykdy. Penjiräň aňarsyndaky görünýän surat öz keşbini çalşdy. Indi ol ýerde çäksiz deňiz bilen, ýaşyp barýan gün görünýärdi.

—Salam Halyl, —Kimdir biri Halyla oň ene dilinde salam berdi.

—Siz biziň dilimizi nireden bilýäňiz? —Halyl soranyny özi duýman galdy. Halyl soňky bir ýyl öz ene dilini eşdip görmändi.

—Meň bilýän zatlarym örän kän, —Otagyň burçyndan biri jogap berdi. —Sen golaýrak süýş Halyl.

Halyl golaýrak süýşdi we örän geň adama nazary sataşdy. Ol adam örän äpetdi we edil Halylyňky ýaly buýur buýur gara saçlary bardy. Ol adam Halyla seredip bir tüýsli täsin ýylgyrýardy.

—Men şu şereketiň eýesi, —Ol adam ellerini gapdala ýaýdy, hamala Halyly gujaklasy gelýan ýaly.

Ol adam edil özi ýaly äpet diwanda otyrdy. Oň garşysynda bolsa adaty adamlar üçin nýetlenen diwan durdy. Bu otaga oň özinden başga äpet girmeýän bolmalydy?

—Geç otur Halyl, —ol adam ýene Pars dilinde dowam etdi. Bu adam kim bolsada Pars dilini diýseň gowy bilýärdi. Hamala ömrüniň barsyny Eýranda bir ýerlerde geçiren ýaly?

—Daşgy jaýdaky gyz…—Halyl sorajak boldy, ýöne sakynyp galdy. Oň gözleri ýaşaryp başlady, hamala öz ene atasynyň hakyky däldigini bilen çaga ýaly. Halyl eýýäm ol gyz bilen bir giden arzuwlary biçip goýupdy, ol gyz Halyla bir giden çaga doguryp bermelidi, Halyk hiç wagt öz watanyny küýsemez ýaly.

—Seň bilen ýatýan gyz janly gyz Halyl, —täsin adam jogap berdi. —Sen gorkma Halyl. Meň daşgy jaýymda gören gyzyň şol gyzyň nusgasyndan ýasalan. Sen entek bu ýerde şol gyzyň ýüzlerçe kopýasyny sataşarsyň. Biz saňa ýasama gyz sokmaga milt etmezdik. Biz saňa öz şereketimiziň iň akylly we iň owadan gyzyny berdik. Elbetde seň özüň aňýansyňa şeýle gyzyň sen ýaly oglan bilen ýöne ýere iş çalşmajagyny?

Halyl hawa diýjek boldy ýöne sözleri ýuwutdy. Elbetde Halyl bilýärdi ol gyzyň esasy maksadyny, ýöne ol gyz bir ýyla golaý oň bilen ýaşaşyp, näme diýseňem özine aşyk bolup başlandyr öýdýärdi. Iň bolmanda gyzyň hereketlerinde hiç hili ýasamalyk görünenokdy. Näçe pul töleselerem halamaýan adamyň ýanynda bir ýyllap öz ýigrenjiňi gizläp gezip boljak däldi.
0 лайков 101 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.