Bagt

BAGT /Aýşat Hojamuhammedowa
GALAMDAŞ edebi portalyndan alnan maglumatlary haýsydyr bir ýerde ulanmakçy bolsaňyz,
çeşme görkezmegi unutmaň!


Salam, bagt,
arma, işleň oňunamy?!
Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün.
Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda
Ýa-da awtobusda, duralgalarda
Gabat gelip, sataşdyryp gözleri,
Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň.
Seň şeýle bir eliň açykmyş welin,
Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň.
Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,
Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,
Duýdansyzlyklardan, bir säwliklerden
Ýogsa-da,
Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?!
Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip, özüňi
asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň.
Ynan, senden göwnüm galdy dek düýnem,
Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
Ederin bir etjek diýen zadymy,
Çynym, indi özüm çykjak öňüňden.
Ýöne saňa ýeke soragym bar meň,
Nämçüýn men saňa garaşyp ýörmeli?!
A nämçüýn özüň geliberäýeňok!
Bilýän, işiň kändir, günde ýoldasyň.
Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin,
Gaharyň gelmesin, ýöne, jan bagt,
Saňa gel diýmekden ýadadym halys.
Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä,
Äsgermezlik etmesene, köp dymsam.
Dogry-da, nobatym geçirip dursuň,
Menem adam, umyt bilen ýaşaýan.
Her gezek “Ertir-le” diýip begensem,
Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan.
0 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.