Atdaşlar#1
ATDAŞLAR
(Hekaýa)
Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt
çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma
çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda
okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň aýlawyna gidip gördi.
Emma, näme üçindir garaşan keýpini alyp bilmedi. Ol ýerdäkileriň at
çapyşyklaryna tomaşa edişlerem başgady. Içgysgynçdy. Göwnüne
töweregindäkiler üçin at ýaryşdam bir, it ýaryşdam bir ýaly boldy. Atlaryň
owadanlygyndan, gujur-gaýratyndan lezzet alynmaýana meňzeýärdi. Çünki
aýlawa, at çapyşygyna mahsus göçgünlilik ol ýerde ýok diseňem boljakdy.
Mümkin, edil beýle-de däldir. Ýat ýurtda öz iliňdäki ýaly bolanok, islendik
zatdanam lezzet almak kyn düşýär. Myratly muňa beletdi. Okuwyň arasynda
öýlerine dynç alyşa dolananda-da ejesine: „Eje o taýda näme iýsemem, bärde seň
bişren naharyňdan doýuşym ýaly hezil edip bilemok. Ýogsa, özüm bişiribem iýip
gördüm” diýerdi. O günlerem geçdi. Myratly okuwundan dynyp ýurduna dolandy,
öýlendi, işe durdy.
Şeýde-şeýde aýlawdanam, atdanam arasy üzülip gitdi. Oglanlykda aty gowy
gördüm diýip, aýlawa gelinmeýär. Hatda kämahallar özüne: „Oglankam at
çapyşygyna-da gyzygyp ýörüpdirin” diýen gezeklerem boldy. Bu günem onuň
aýlaw görmek niýetinde ýokdy. Iş bilen oňa biri şu ýerde görüşmegi belläpdi.
Görüşjegi atyň janköýeri eken. Aýlawa geläýsene diýip halys goýmady. Iş
meselesini gürleşenlerinden soň ol adam: „Men-ä athana gitmekçi. Öz atlarymyň
ýanyragynda bolýan. Çapuwlaram şo taýdan göräýýän. Isleseň gideli” diýdi.
Myratly onuň bilen bagly işlerinden dynansoň, bile tirkeşip ýörmegi gelşiksiz
gördi. „Ýok, dost, saňa azar bolmaýyn” diýip, sypaýçylyk bilen ondan aýryldy.
Çapyşyklaryň başlaryna-da wagt az galypdy. Içinden: „Aty düýşümizde görsegem
bagta ýorýas. Hany oglanlygy ýatlap, birki çapuw göreli” diýip, Myratly boş
oturgyçlaryň birine geçip oturdy. Jaň kakyldy. Bedewler toýhanadan ýola düşdüler.
Myratly gapdalyndaky oturgyçda oturan 13-15 ýaşly oglanyň edil şol atlaryň
biriniň üstünde oturan ýaly, bir ýerde oturmak beýle-de dursun, dik durmaga-da
kararynyň ýetmeýäni görüp ýylgyrdy. Oglan çapyşyga goşulan atlardan biriniň
adyny tutup gygyrýardy. „Ýeri, haýda” diýmäni oňa kim öwredipdir? Ululardan
eşiden bolsa gerek. Ine-de atlar pellehenadan geçdiler. Myratly gözüniň gytagyny
oglandan aýyrman oturansoň birinji çapyşygyň känbir mazasyny alyp bilmedi.
Üstesine ol oglanyň bellän aty birinjem geçmedi.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.