Atdaşlar#2
Myratly:4
– Näme, bar gygyranyň biderek bolaýdymy? Bellän atyň sesiňi eşiden däldir.
Eşiden bolsa hökman ozardy – diýip, onuň çetine degdi. Oglan gaty görjek ýaly
etdi. Myratly içinden „Nähak ýere oglanyň göwnüni ýykdym. Özüm oglankam
gygyrmaýarmydym?! Onda-da nähili gygyrardym! Sesim gyrlyp giderdi”.
Üstünden 30 ýyl töweregi geçip giden günleri ýadyna düşen Myratlyň şol wagtlar
gygyran atlary ýadyna düşüp gitdi. „Kiçidag, Gindiguş...”
Myratly ýanynda, atlaryň sanawy ýazylan kitapça güýmenip oturan oglanyň egnine
elini goýdu-da „Gel, bile belläli” diýdi. Oglan möle gözlerini Myratla dikdi. Ol:
„Agam, seňem atdan başyň çykýarmy?” diýýýäne meňzeýärdi. Myratly derrew:
„Herimiz birini däl, iki bolup birini belläli” diýdi. Oglan göwünli-göwünsiz indiki
çapyljak atlaryň sanawyna seretdi. Myratly:
– 5-nji belgi näder öýdýäň? – diýdi.
– Ýok, 4-lük ondan güýçlüdir, Akmaýaň galan gezegi ýok – diýdi.
Soň atlar tomaşaçylaryň öňünden geçmäge başladylar. Dogrudanam, Akmaýa
garşydaşlaryndan has gujurly görünýärdi. Myratly oglan bilen razylaşdy.
Ine-de, jaň kakyldy, atlar ýaryşa goşuldylar. Myratly süňňüniň galpyldap ugranyny
syzdy. Arasynda ýylgyran bolsa-da, gözüni çapuwa goşulan atlardan aýryp
bilenokdy. Oglan „Akmaýa” diýip gygyrmaga başlady. Myratlam tas oňa
goşulşypdy. Töwereginden çekindi. Çagaly-çugaly, ullakan adam... Oglanyň welin,
töweregi bilen işi ýok. Hatda oňa töweregi ýok ýalydy. Bellän atyndan başga hiç
zat onuň gözüne görnenokdy.
Öňde 5-nji belgidäki at barýar. Akmaýa toplumyň içinde. 4-nji belgidäki atyň
yzyndan 7-nji belgidäki at ýetdi. Akmaýa 3-nji oruna geçdi. Atlar iň soňky
öwrüme ýakynlap barýarlar. Akmaýa iň öňdäki 7-lik bilen burun-burna. Oglan
aýlawy göçüräýjek bolýardy. Akmaýa azajyk öňe saýlandy. Myratlam gygyryp
ugrady. Öwrümden öwrülenlerinde atlar deňleşen ýaly göründi. Myratlam indi bar
zady unudypdy. Edil at gamçylaýan ýaly ellerini galgadyşdyryp, gyssanyp ugrady.
Ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. 7-nji belgidäki ýene öňe saýlanjak ýaly
edýär. „Bol-a, janawar. Hany, haýda”.
Barynyň höwesi ozmakda bolan atlaryň boýunlary has uzan ýalydy.
Çapyksuwarlar ala köýnekleri bilen güle gonan kebelekleri ýatladýardylar. Emma,
hiç kimiň ýadyna kebelek düşenokdy. Pellehana ýene 100 metr galdy. „Gaýrat et.
Öňe geç ahyryn. Berekella, berkella. Gowşama. Haýda, ýeri, ýeri, ýeri” Akmaýa
her gezek öň aýaklaryny ýerden üzende Myratlam bärden „Ýeri” diýip gygyrýardy.
Olar bile goşulşan ýalydylar. „50, 30... Indi 7-lige eýgertmeýäs. Ozduk, ozduk”.
Myratly ýanyndaky deň gygyryşan oglany gujaklady. Oglanam ony. Ikisi iki
ýerden „Ozduk” diýip gygyrýardy... Birdenem Myratly özüne geldi. Oglanam
ýuwaşady. Ozanlaram, galanlaram ýuwaşadylar. Töwerekde eýýäm indiki
çapuwyň gürrüňi gidýärdi. Ýyljyraklap, erni gulagyna ýetäýjek bolýan möle gözli oglan...

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.