Atdaşlar#4 ve sonky bölüm

5
oglan: „Agam, indi haýsyny belleýäs?” diýdi. Myratly ýylgyryp oňaýdy. Ol özüni
başga dünýäden gaýdyp gelen ýaly duýýardy. Ýyllar yzyna serpilip, oglanlygyna
dolanypdy. Az salymlyk. Bir minut 10 sekunt. Bu ýaňky atlaryň müň metr aralygy
geçmek üçin sarp eden wagtydy...
Indiki çapyşyga goşuljak atlar tomaşaçylaryň öňüne geldiler. Oglan ýene Myratla
gözüniň gytagyny aýlady. Myratly: „2-nji belgi” diýenini bilmän galdy. Oglanam
şony diýdi. Soňky çapyşyklaryň birinde welin, oglan ikisiniň arasyna jedel düşdi.
Hersi bir aty belledi. Myratlam, oglanam ýeň bererli däldi. Oglanyň: „Agam,
ýaşňyşýaň-how. Şol atyň ozjak gümany ýok” diýip janygmasyna, Myratly özüne
„agam” diýilýänini eşitmeýän ýaly, ondanam beter janygyp jogap berýärdi: „Men
bu atyň atasynyň çapanyny görüpdim. Oň ýaly ýyndam at ýokdy. Taýam edil özi,
seret, how”.
Atlar goşuldylar. Bu gezek Myratlyň zowzullaýyşy öňküleriniňem çeni bolmady.
Dünýesinde diňe atlar çapýardy. Bellän aty ozaýmalydy. Emma ol, topardan
saýlanyp çykybermeýärdi. Atasy beýdip çapanokdy ahyryn?! Turuwbaşdan gaçar,
yzyna at eýgermezdi. Myratly şoňa garaşypdy. Atlar öwrümden öwrülensoň
Myratlyň bellän aty bat alyp ugrady. Ol öňünden barýan atlaryň ýeke-ýeke
deňinden geçmäge başlady. Myratly bellän aty her garşydaşyny geçende „jana”
diýip gygyrýarmydy „haýda” diýip gygyrýarmydy – sesini has batlandyrýardy.
Pellehanadan geçenlerinde öňde ýekeje at galdy. Olam oglanyň bellän atydy.
Oglanyň içi gülýärdi. „Agam, gördüň gerek?” „Çapyksuwar ýalňyşdy. Başdan
goýbermelidi. Giç sürdi...”
Şeýdip Myratly birinde ozdy, birinde galdy. Ozsa-da, galsa-da gygyrman, „Hany,
haýda” diýip ellerini galgatman, bir çapuwam geçirmedi. Her çapuwda atlar, misli
Myratlyň oglanlykdan bäri geçen ýyllaryny yzyny külterlemek üçin wagtyň tersine
çapýan ýalydylar. Sekuntlaryň, minutlaryň däl, ýyllaryň tersine... Olar Myratlyny
her gezek oglanlygyna doladylar. Birdenem aýlaw gutardy. Myratly sähel salymda
şu günki gününe – 45 ýaşyna dolanyp geldi.
Märeke dagap barýardy. Tegelek gözli oglanjygam hoşlaşyp gitdi. Myratly onuň
adynam soramandyr. Içinden: „Adyň bärde nämä geregi bar – iki bolup janköýerlik
etdik bolany” diýdi. „Bolany... bolany...” diýip, pyşyrdady. Myratlyň göwnüne
ýüreginden bir zatlar sogurlyp giden ýalydy. Ýa oglanlygy ýaňkyja oglan bilen bile
gidäýdimikä? Ömri gaýtadan ýaşap bolanok diýýärler. Myratly bu gün şol kadadan
çykyp gördi. Kemerine dakylgy öýjükli telefony hernäçe „saz” çalsa-da, oňa elini
ýetiresi gelmedi. Dünýesi düýş ýalydy.
Birdenem biri arkasyndan gelip egnine elini ýetirdi. Myratly alniçigsi bolup yzyna
gaňryldy. Görse hälki, adynam sorap ýetişmedik oglany dur.
- Agam indiki aýlawa-da gelýäňizmi?
- Bilmedim-dä... Hä, näme?6
- Gelseňiz men şu günki oturan ýerimizde boljakdygymy aýdaýaýyn diýdim.
- Hä...
Oglan mundan soň gidiberjek boldy. Myratly özüni dürsäp ony saklady.
- Adyňam aýtmadyň-a sen maňa?
- Myratly...
- Myratlymy? Oýun edýänä dälsiň?
Oglan Myratla düşünmän gözüni tegeläp durdy. Myratly onuň egninden gysdy.
- Ikimiz atdaş ekenigä! Menem Myratly.
Myratly oglana öýňüze düşüreýin diýen bolmaga çemeli. Biri on bäş, biri kyrk bäş
ýaşlaryndaky iki Myratly tirkeşip, maşynyna tarap ýöräp ugradylar. Belki-de
olaryň ikisiniňem ýaşy on bäşdir...
1 лайков 93 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.