Ökünersiň!

 Ökünersiň!

Gadryny bil eliňdäki bar zadyň,
Ýitireňsoň ahmyr çekip ökünersiň!
Gadryny bil ene-atanyň baryn,
Olar gitse gözýaş döküp ökünersiň!

Gaçyrma dostuňy saňa ynamdan,
Sözle ýagşy sözüň çyksa kalbyňdan,
Has wajypdyr dostuň seniň wagtyňdan,
Sen oňa wagt tap, ýogsa ökünersiň!

Sözümiz gelende bir gözel ýa:ra,
Söý ony! Kalbyna saldyrman ýara.
Zenan elmydama çyn söýgä zar-a,
Wagtynda söýmeseň soňra ökünersiň!

Dünýäňde parahat durmuşyň barka,
Gerekli ynsan bol, peýda ber halka,
Gadryny bil, entek watanyň barka,
Watansyz galaňda şonda ökünersiň!

Rahymberdi Suhanow
4 лайков 117 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
01 окт 2021, 17:31
Да ökünersiň!
(LiKE)
Döwlet Şöhradow
01 окт 2021, 17:34
Likee++++ brawo brawo
Mr_Coder
Автор 01 окт 2021, 17:38
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
Да ökünersiň!
(LiKE)

hmmm arbuz
Ogulşirin Bayramowa
01 окт 2021, 18:08
Mr_Coder,
Hmmm pully
Queen oo5
01 окт 2021, 18:34
Like