Süýjülik torty barada maglumat

Daşky şekili, tagamy , süýjüligi bilen uly-kiçini özüne bendi eden süýjülik tortlarymyz häzirki wagtda her bir öýüň saçagynyň gelişigi. Süýjülik tort barda nämeler bilýäris? Ol haçan we näme maksat bilen döredildi?

Süýjülik torty XII asyryň soňlarynda ýüze çykyp, çöregiň üstüne bal bilen şekiller ýasalyp ulnylypdyr. Häzirki wagtda has kämilleşip, dürli-dürli görnüşleri öndürilýär. Keksleriň taryhy Antik döwre degişlidir. Peçde bişirmegiň görnüşlerini oýlap tapan Müsürlilerdir. XIII asyrda iňlisler “Cake” sözüni ulanyp başlaýar. Süýjülik tortunyň XVIIasyrda Ýewropada bişirilip başlanandygy aýdylyp geçilýär. Häzirki süýjülik torty XIX asyrda Amerikada görüp bileris. Baýlar tort bişirýän zenanlary diňe öz ýanlarynda saklap, özleri üçin tort bişirdýän ekenler.

Taryhda tortuň döredilen ýeri Fransiýa diýip aýtsagam ýerlikli bolar. 1879-njy ýylda Fransiýanyň garyplary aýaga galdylar, çünki olaryň iýmäge çörekleri ýokdy. Bu ýagdaýy bilen şazenany Marie Antoinette “çörek tapmaýan bolsalar, goý, olar tort iýsinler”diýen pikirleri bilen taryhda galypdyr. Köşkde tort bişirýän zenanlar işden kowlup, olar ýurduň dürli- dürli ýerlerinde özlerine mahsus tort bişirilýän ýer açyp, tortlaryň görnüşleriniň ýaýramagyna täsir etdiler.

XIII asyrda “Krem Şanti” döredilip, ulanylyp başlandy.

1930-njy ýylda le Notriniň tortuň iň aňsat taýýarlanyşy barada ýazan kitaby neşir edilýär.
2 лайков 132 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
05 окт 2021, 14:50
Like
My life
05 окт 2021, 15:25
Gyzykly eken. Like!