Beýik Piramidalaryň 4500 ýyllyk syry ahyrsoňy çözüldi

Adamzadyň iň beýik eserlerinden biri hasaplanýan we syrlary köp jedelleriň temasy bolan Beýik Piramidanyň nähili gurlandygy baradaky soraga ahyrsoňy jogap berildi.

Piramidalary emele getirýän äpet daş bölekleriniň nädip daşalandygy baradaky sorag häzirki güne çenli alymlaryň ünsüni özüne çekip geldi. Ýakynda bu daşlary (bloklar) daşamak üçin ulanylan ulgamyň üsti açyldy.

Beýik Piramidalaryň nähili gurlandygy barada entek takyk subutnama ýok. Arheologlar bu ulgamyň galyndylaryny Müsüriň gündogar çölünde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerden hünärmenler, uly bloklary daşamak üçin ýasalan ýörite usulyň üstünden bardylar. Ýagny piramidalary gurmak üçin öňki adamlar ýörite usuldan peýdalanypdyrlar. Ol usuly alymlar şeýle düşündirýärler: “Müsürliler piramidalary gurmak üçin ýerden asmana ýokarlanyp gidýän ýörite gurluşdan peýdalanypdyrlar. Ol biziň häzir ulanýan liftlerimize meňzeş bolupdyr. Olar ýerden asmana ýokarlanyp gidýän gurluşlaryň kömegi bilen agyr daşlary itekläp ýokaryk çykaryp bilipdirler”.
1 лайков 135 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ESSALAMUNALEÝKUM
08 окт 2021, 10:38
gaty goy eken
Aýnur
08 окт 2021, 10:44
Yok ynanmak kyn o dowurlet lift adamlarynn kellesine nadip geldi
noname
08 окт 2021, 12:41
Ol öñem cözülen zat. Bir alymyñ bellemegne gora ( ady yadyma dusenok) piramidanyñ gapdaly bilen ýapgyt gum galdyryp iteklap galdyrypdyrlar soñ gumy aýyrypdyrlar diyip bellap gecyar. Şu bolayjak zat hasap etyan mena