Ýaponiýa barada maglumat

Ilaty: 127,960,000 adam (2011 ý.)

Gimn: Kimigayo

Resmi dili: Ýapon

Hökümet baştutanlary: Akihito (Imperator), Ýoşihiko Noda (premýer-ministr)

Pul birligi: Ýen

Iň belent nokady: Fudziýama wulkany (3776 m)

Agalyk ediji dini: sintoizm we buddizm

Umumy maglumaty. “Ýaponiýa” ýaponça Nippon ýa-da Nihon – “Günüň dogýan ýurdy”). Gündogar Aziýanyň kenar sebitleriniň golaýynda, Ýuwaş okeanyň adalarynda ýerleşen döwlet. Ýaponiýanyň territoriýasynyň düzüminde demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara 3500 km diýen ýaly uzalyp gidýän 6852 ada bar. Esasy adalary – Hokkaýdo, Honsýu, Sikoku we Kýusýu. Bu 4 ada ýurduň 97% tutýar. Ýaponiýa gündogarda we günortada Ýuwaş okean, günbatarda Hytaý hem-de Ýapon deňizleri, demirgazykda Ohot deňzi ýanaşýar. Meýdany 372,2 müň kw.km. Ilaty 127.9 mln-dan gowrak adam (2011). Ilatynyň sany boýunça dünýäde 10-njy orny eýeleýär. Paýtagty – Tokio şäheri. Ýaponiýanyň territoriýasy administratiw taýdan 47 prefektura bölünýär.

Jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde 3-nji orny eýeleýär. Ýaponiýa BMG-niň, G8-iň, G20-iň agzasydyr. Ýaponiýa konstitusion monarhiýa döwleti bolmak bilen, Akihito ýurduň imperatorydyr.

Döwlet gurluşy. Ýaponiýa – konstitusion monarhiýa. Häzirki konstitusiýasy 1947-nji ýylyň 3-nji maýynda güýje girýär. Konstitusiýa laýyklykda Ýaponiýanyň nesilden-nesle geçýän imperatory “döwletiň we halkyň bitewiliginiň simwoly” hasaplanylýar. Ol parlamentiň görkezmegi boýunça premýer-ministri, hökümetiň görkezmegi boýunça Ýokary suduň başlygyny we agzalaryny belleýär. Kanun çykaryjy ýokary organy – parlament, ol 2 palatadan — Wekiller palatasyndan (4 ýyllyk saýlanylýar) we Maslahatçylar palatsyndan (6 ýyllyk saýlanylyp, her 3 ýyldan ýarysy täzelenýär) ybarat.

20 ýaşyna ýeten raýatlaryň hemmesine saýlaw hukugy berilýär. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokary organy – hökümet (Ministrler kabineti). Onuň düzümini (20 ministr) premýer-ministr formirleýär.

Ýaponiýanyň sud sistemasyna baş kazy we kazylaryň 14-sinden ybarat Ýokary sud baştutanlyk edýär. Ýokary sud konstitusion suduň funksiýalaryny hem ýerine ýetirýär. Apellýasion sudlaryň 8-si, esasy ýerli sudlaryň 49-sy hem-de olaryň bölümleriniň 232-si we başga sudlary bar.

Tebigaty. Ýaponiýanyň tebigatynyň esasy aýratynlygy onuň aram, subtropiki we tropiki guşaklyklarda hem-de adalarda ýerleşip, materikden izolirlenmegi arkaly kesgitlenilýär. Kenar çyzygynyň umumy uzynlygy 30 müň km-e golaý. Uly ýarym adalary – Kii (Honsýu adasynda), Osima (Hokkaýdo adasynda) we başgalar. Territoriýasynyň 3/4 böleginden gowragyny belentlikler we daglar tutýar. Peslikler aýry-aýry sebitlerde bolup, kenar ýakasynda ýerleşýär. Hokkaýdo adasyndaky esasy gerişler Sahalin we Kuril adalaryndaky gerişleriň dowamydyr. Honsýu adasynyň orta bölegini döwülmeleriň (jaýryklaryň) zolagy bolan Fossa-Magna (uzynlygy 250 km) kesip geçýär. Onun üstünden ençeme wulkan, şol sanda Ýaponiýada iň beýik Fudziýama (3776 m) wulkany ýokary göterilýär. Honsýu adasynyň merkezi böleginde Hida, Kiso, Akaisi (beýikligi 2900-3192 m) gerişleri ýerleşýär. Ýaponiýada (Honsýu adasynda) beýikligi 3000 m-den geçýän 16 dag depesi bar. Honsýu adasynyň günorta-günbatarynda Kinki düzlügi we Biwa köli ýerleşýär. Sikoku adasynyň iň beýik ýeri Isidzuti dagy (1981 m), Kýusýu adasynda bolsa Kudzýu wulkany (1788 m) hasaplanylýar. Rýukýu adalarynda plato we pes daglyklar agdyklyk edýär. Ýapon adalary Günbatar Ýuwaş umman geosinklinal guşaklygyň düzümine girýär. Ýaponiýanyň territoriýasy ýokary seýsmikligi (weýran ediji ýertitremeler 1855, 1891, 1897 ýyllarda, 1923 ýylda Tokio weýran bolýar, 1995 we 2011-nji ýyllarda güýçli ýertitremeler bolýar), aktiw wulkanizm (150 töweregi wulkan bolup, onuň 40-a golaýy hereket edýär) bilen häsiýetlendirilýär. Wulkanik raýonlar mineral we termal çeşmelere baýdyr. Gazylyp alynýan peýdaly zatlardan kömür, kükürt, demir, marganes, gurşun-sink, mis magdanlary, nebit, hromit, altyn, kümüş we simap bar.

Klimaty musson, demirgazygynda aram, Ýapon adalarynyň günorta böleginde subtropiki, Rýukýu adalarynyň köp böleginde tropiki. Umuman, klimaty çygly. Ýyllyk ygaly 800-3000 mm. Ýurtda gysga, bol suwly, dag derýalarynyň gür ulgamy bar. Olardan ululary – Honsýu adasynda Sinano, Tone, Kitakami, Hokkaýdo adasynda Isikari. Kölleri köp, emele gelişleri boýunça dürli-dürlüdir. Ululary: Biwa (meýdany 716 kw.km), Inawasiro, Towada, Kuttýaro, Kasumigaura, Saroma. Demirgazykda küljümek, çemen-batga topraklar, aram guşaklygyň günorta böleginde goňur tokaý, subtropiklerde, tropiklerde sary we gyzyl topraklar ýaýrandyr. Ýaponiýanyň territoriýasynyň 2/3 böleginden gowragyny tokaýlar we gyrymsy agaçlar tutýar. Ýaponiýada agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň 700-den gowrak, otlaryň 3000-e golaý görnüşi bar. Ýurtda süýdemdirijileriň 270, guşlaryň 800-e golaýy, süýrenijileriň 110, Ýaponiýa ýanaşýan deňizlerde balyklaryň 600-den gowrak, mollýusklaryň 1000-den gowrak görnüşi bar. Ýaponiýanyň faunasynda endemik hem-de relikt görnüşler köp. Hokkaýdo we Honsýu adalarynda möjek, tilki, torsuk, ýenot görnüşli it, diňe Hokkaýdo adasynda goňur aýy, samyr, gornostaý; Togara aýlagyndan günortada tropiki fauna (uçýan itler, köp sanly tropiki guşlar we mör-möjekler) bar. Ýaponiýada guşlardan daşdeşen, jokjoky, garlawaç, durna, teterew, leglek, gyrgy, bürgüt, hüwi, kenar ýakalarynda deňiz guşlary duşýar. Süýji suwda ýaşaýan balyklardan zagara, lakga, ýylan balyk, minogalar, kenar ýakasyndaky suwlarda balykçylyk ähmiýetli balyklardan Ýuwaş okean takgazy, tunes, treska, kambala bar.

Ilaty. Ýaponiýa bir milletli ýurt bolup, ilatynyň 98.5%-inden gowragy ýaponlardyr. Ýurduň gadymy ilatlary aýnlar we ýamatolar. Resmi dili – ýapon dili. Ýaponiýa ilatynyň sany (2011 ýylda 127 mln-dan gowrak adam) boýunça dünýäde 10-nji orny eýeleýär. Ilatynyň ortaça gürlügi 1 kw. km-de 337.1 adam (2010). Esasy şäherleri – Tokio, Osaka, Ýokohama, Nagoýa.

Taryhy. III asyrda Ýamato diýen uly taýpa birleşigi döreýär. Şu birleşigiň esasynda, synpy jemgyýetiň formirleniş prosesinde ýapon döwleti emele gelýär. Feodalçylyk gatnaşyklarynyň ösmegi bilen bir hatarda gul eýeçilik gurluşy döreýär. VII asyryň ortalarynda – XII asyryň ahyrynda Ýaponiýa irki feodalizmi, XII asyryň ahyrynda – XVI asyrda ösen feodalizmi başdan geçirýär. Ýaponiýada kapitalistik manufaktura XVIII asyryň ahyrlarynda – XIX asyryň I ýarymynda ýüze çykýar.

1900-nji ýylda Ýaponiýa beýleki döwletler bilen bilelikde Hytaýda bolan antiimperialistik gozgalaňy basyp ýatyrmaga gatnaşýar. Manjuriýanyň we Koreýanyň üstünde Ýaponiýa rus-ýapon urşuny (1904-1905) turuzýar. 1910-njy ýylyň awgustynda Koreýa anneksirlenýär we ýapon koloniýasyna öwrülýär.

Ýaponiýanyň dolandyryjy toparlary Sowet Russiýasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky ähli tekliplerini ret edýär, ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa bilen dil düwşüp, Sowet respublikasynyň garşysyna ýaragly interwensiýa ýoluna düşýär. Ýapon goşunlary 1918-nji ýylyň 5-nji aprelinde Wladiwostoga düşürilýär. Olar Sowet Primorýesini okkupirleýärler we Sibire çozýarlar. Mundan-da başga,
ýapon hökümeti Koreýany we Hytaýy koloniýalaşdyrmak işini dowam etdirýär. Halk köpçüligi Sowet Russiýasynda interwensiýany bes etmegi talap edýär. Ýaponiýanyň agressiw daşary syýasaty reaksiýanyň ýurduň içinde hüjüme geçmegi bilen utgaşýar.

1931-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýaponiýa Hytaýyň demirgazyk-gündogar welaýatlaryny basyp alýar, we bu ýerde Mançgon-Gon döwletini döredýär.

Manjuriýany okkupirlemegi we Hytaýdan bölüp aýyrmagy II jahan urşuna tarap ädilen ädim bolýar. 1937-nji ýylyň iýulynda Ýaponiýa bütin Hytaýy basyp almak üçin urşa başlaýar. 1938-nji ýylda Ýaponiýa Hytaýyň ykdysady taýdan has ösen ähli gündogar bölegini okkupirlemegi tamamlaýar. Ýaponiýa sowet we mongol araçäklerinde prowokasiýalar edýär, emma güýçli gaýtawullara sezewar bolýar (uruşlar Hasan kölüniň, 1938, Halhin-Gol derýasynyň ýanynda, 1939 we başga ýerlerde geçýär).
1940-njy ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa Hindi-Hytaýyň demirgazyk bölegini okkupirleýär. 1941-nji ýylyň 7-nji dekabryndan 8-ine geçilen gije ýapon harby-howa we harby-deňiz güýçleri uruş yglan etmezden (8-nji dekabrda yglan edilýär) amerikan flotunyň Pýorl-Harbor, Guam, Manila we Gonkong (Gawaý adalary) bazalaryna hüjüm edýär. 1942-nji ýylyň ortalaryna Ýaponiýa Filippinleri, Hindi-Hytaýy, Taýlandy, Birmany, Malaýýany we Indoneziýany okkupirleýär. Basylyp alnan ýerlerde kolonial düzgün girizilýär. 1941-1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ýaponiýa Germaniýa kömek berýär. Sowet hökümeti 1945-nji ýylyň 8-nji awgustynda SSSR-iň 1945-nji ýylyň 9-njy awgustyndan başlap Ýaponiýa bilen uruş etjekdigini yglan edýär we ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý (1945-nji ýylyň 26-njy iýulyndan) hökümetleriniň 1945-nji ýyldaky Potsdam deklarasiýasyna goşulýar. Bu deklarasiýa Ýaponiýanyň gürrüňsiz boýun egmegini talap edýärdi. Sowet goşunlary Ýaponiýanyň Kwantun goşunyny derbi-dagyn edýär. Manjuriýany, Demirgazyk Koreýany, Günorta Sahalini we Kuril adalaryny azat edýär. 1945-nji ýylyn 2-nji sentýabrynda Ýaponiýa gürrünsiz boýun egmek hakyndaky akta gol çekýär.

Potsdam maslahaty başlanan wagty ABŞ atom bombasyny ilkinji gezek synag edipdi. 1945-nji ýylyň awgustynda ABŞ-da iki sany atom bombasy bardy. Şolaryň biri 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosima, beýlekisi 9-njy awgustda Nagasaki şäherleriniň üstüne taşlanyldy. Iki şäherden tas ýarym mln. parahat ilat öldürildi ýa-da maýyp edildi. Şäherleriň ikisi-de weýran edildi. Ýaponiýanyň uruşda ýeňiljekdigi görnüp duran ýagdaýynda, SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşuljak wagty atom bombasyny ulanmak harby zerurlyk däldi.

Ýaponiýa häzirem atom betbagtçylygynyň yzasyny çekýär. Radiasiýa şöhlelenmesinden ejir çekenleriň nesilleriniň-de ömür tanapy wagtyndan öň kertilip dur. Hirosimanyň Parahatçylyk seýilgähinde bir adaty bolmadyk ýadygärlik bar. Atom bombasyny ýatladýan bu binanyň depesinde duran gyzjagaz durna çagajygyny elleri bilen kellesiniň ýokarsyna göterip dur. Ýaponiýada durnalaryň müň ýaşaýandygy, olaryň uzak ýaşamagyň alamatydygy hakdaky ynanç bu ýadygärlige hasam çuňňur many berýär.

1946-njy ýyly oktýabrynda parlamentiň kabul eden täze konstitusiýasy 1947-nji ýylyň 3-nji maýynda güýje girýär. 1889-njy ýylyň konstitusiýasyna garanyňda ol Ýaponiýanyň döwlet gurluşyny demokratizasiýalaşdyrmak ugrunda möhüm ädim bolýar.

Ýaponiýanyň ikinji jahan urşunda ýeňilmegi ýapon halky we bu ýurduň geljegi üçin bähbit boldy. Uruş netijesinde ýapon militarizmi ýok edildi. Ýaponiýanyň dolandyryjy toparlary tarapyndan saýlanyp alnan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň halklaryny ezmek syýasatynyň soňuna çykyldy. Uruş gutaransoň Ýaponiýany birnäçe wagtlap amerikanlar dolandyrdy. Olaryň geçiren ykdysady we syýasy özgertmeleri jemgyýetiň sosial düzüminiň, syýasy gurluşynyň üýtgemegine täsir etdi. Obada pomeşik ýer eýeçiligi, feodal galyndylar ýok edilip, ýer daýhanlara berildi.

“Sowuk uruş” syýasatynyň başlanmagy Ýaponiýanyň ykdysady taýdan galkynmagyna itergi berdi. ABŞ Ýaponiýany özüniň esasy garşydaşy SSSR-e garşy ulanmak isleýärdi. Ýaponiýanyň bolsa özüniň demirgazyk goňşusyndan asgyndygy görnüp durdy. Onuň goşuny dargadylypdy. Üstesine-de, ykdysadyýeti gözgyny haldady. Edil Germaniýa babatda bolşy ýaly, ABŞ özüniň Ýaponiýa bolan gatnaşygyny üýtgetdi: ol onuň duşmanyndan SSSR-e garşy göreşinde esasy daýanjyna öwrüldi.

Ykdysadyýeti. Bazar ykdysadyýetine geçmek bilen ýurduň ykdysadyýeti örän çalt depginde ösýär (II Jahan urşundan soňra). Jemi milli önüminiň möçberi boýunça dünýäde (ABŞ we Hytaýdan soň) 3-nji orny eýeleýär. Awtomobil gurluşygy boýunça dünýäde 2-nji orny eýeleýär.. Pul birligi – ýen.

Bilim. Bilim ulgamy 1947-nji ýylyň “Bilim barada esasy kanunyna” laýyklykda gurulýar. 6 ýaşdan 15 ýaşa çenli bolan çagalar üçin hökmany okuwy 9 ýyllyk. Başlangyç mekdebi 6 ýyllyk (6 ýaşdan 12 ýaşa çenli), onuň bazasynda 3 ýyllyk uly orta mekdebi bar. Kiçi orta mekdepden uly orta mekdebe geçmek giriş synaglary we test boýunça barlamak esasynda amala aşyrylýar, okuwy pully.

Ilkinji uniwersitetleri 1868-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soň açylýar. II Jahan urşundan soň uniwersitetleri modernirlendi, okuwyň möhleti 4 ýyla çenli (medisinada 6 ýyl) gysgaldyldy. Uly döwlet uniwersitetleri: Tokio (1877), Kýoto (1897) uniwersitetleri, Osakadaky uniwersitet (1931), Sap-porodaky Hokkaýdo (1876), Sendaýdaky Tohoku (1907) uniwersitetleri, hususy uniwersitetlerinden Nihon uniwersiteti (1889) we başgalar.

Edebiýaty. Ýaponiýada gadym zamanda (VII asyryň ortalaryna çenli) aýdym-goşgy döredijiligi we mifologiýa giňden ýaýrapdyr. Ýapon dilinde ýazylan ilkinji ýadygärligi – “Kodziki” ýyl ýazgysy 712-nji ýylda düzülýär. Onda mifler, ertekiler, taryhy rowaýatlar, aýdymlar ýerleşdirilipdir. 759-njy ýylda ilkinji ýapon poetik antologiýasy “Manýosýu” peýda bolýar. IX asyryn ortalarynda birnäçe nowellalardan ybarat. “Taketori-monogatari» powesti ýüze çykýar. Murasaki Sekibuwyň (978 ?—1016) X asyryn ahyrynda – XI asyryň başlarynda döreden “Gendzi – monogatari” eseri Ýaponiýanyň klassiki edebiýatynyň naýbaşy bolýar. Ösen feodalizm döwrüniň (XII-XVI asyrlar) edebiýatynyň harby-feodal günki epopeýasynyň ýüze çykmagy, dramaturgiýanyň we renga poeziýasynyň gülläp ösmegi, şäher edebiýatynyň peýda bolmagy häsiýetlidir. Hünärmenler, söwdagärler poeziýa ussatlygy boýunça ýaryşlar gurapdyr we ýaryşda üstün çykanlaryň eserler

ýygyndysy düzülipdir. Giçki feodalizm döwrüniň (XVII asyr – XIX asyryň 60-njy ýyllary) edebiýatynda demokratik meýiller agdyklyk edýär. XVIII-XIX asyrlaryň sepgidinde proza žanry täzeden pajarlap ösýär.
XIX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sentimental roman ýazmak giň ýaýraýar. II jahan urşunda (1939-1945) ýapon militarizmi derbi-dagyn edilenden soň, Ýaponiýa edebiýatynyň ösüşinde täze etap başlanýar. Bu döwre tradision, demokratik we sengoha («uruşdan soňky topar») akymlarynyň çylşyrymly özara täsirli häsiýetlidir. 60-70-nji ýyllarda ylmy fantastiki we detektiw romanlar ýazmak has rowaçlanýar. Ýaponiýada Nobel baýragynyna mynasyp bolan iki ýazyjy bar – Ýasunari Kabawata (1968) we Kenzaburo Oýe (1993).

Sazy. Ýaponiýanyň sazy gadymy özboluşly sungatdyr. Ol ösüş prosesinde koreý, aýratyn hem Hytaý, şeýle hem Hindistan, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň, XIX asyrda Ýewropa, ABŞ ýurtlarynyň saz medeniýetiniň täsirini başdan geçirýär. B.e. ilkinji asyrlarynda Ýaponiýanyň sazy dini häsiýetde bolýar. VII asyrda dünýewi wokal we instrumental sazy gigaku tans dramasy (onda saz maskaly aktýorlaryň spesifik hereketleri bilen ýerine ýetirilýär, dengaku we sargaku teatral žanrlary (şolar esasynda noo köşk teatry döredilýär) bilen baglanyşykly bolýar. VII-IX asyrlarda Hytaý köşk sazynyň täsiri bilen gagaku köşk sungaty (nepis saz) emele gelýär. Olar Ýaponiýanyň klassyky sazynyň esasyny düzýär. Ýaponiýa saz gurallaryndan – kirişlileri: koto (13 kirişli sitra; onuň 2 kirişlisi – nigenkin), sýamisen we biwa; üflenip çalynýanlary: çagurabuýe, ýoko-buýe, rýuteki ýa-da fuýe, komabuýe, sýakuhati we başgalar; deprekleri: tabko, kakko, sima we başgalar.

Teatry. Ýapon teatrynyň taryhy daýhançylyk baýramçylyklarynyň gadymy däp-dessur hereketlerinden başlanýar. VII-VIII asyrlarda buddizm bilen bilelikde Ýaponiýa Gündogar Aziýa ýurtlaryndan teatral formalar aralaşýar. Şu sazly-tansly oýunlar (gigaku we bugaku) klassyky ýapon teatrynyň formirlenmegine ýardam edýär. XIV asyryň ahyrynda – XV asyryň başynda başga ýerlerden alnan dürli-dürli we gadymy ýapon oýunlarynyň esasynda noo teatry döreýär. XVIII asyryň ahyrynda kabuki teatry gutarnykly formirlenýär. Şol teatrda aýallaryň roluny erkek adamlar ýerine ýetiripdir. XX asyryň başynda täze žanrlar ýüze çykýar, olar tradision teatrlaryň täzelenmegi (simpa, sinkokuge- ki) we Ýewropa formalarynyň peýdalanylmagy (häzirki zaman dramasy — singeki, opera, balet) netijesinde döredilýär. Ýaponiýanyň häzirki zaman teatr sungaty tradision teatrlara (bugaku, noo, kabuki, dzýoruri) we Ýewropa teatrlaryna (drama, opera, balet) bölünýär. 1966-njy ýylda Tokioda milli teatr merkezi «Kokurisu gekidzýo» döredilýär. Singeki teatrlarynyň repertuary klassyky, Ýewropa we amerikan dramaturglarynyň häzirki zaman pýesalaryndan, şeýle hem täze ýapon awtorlarynyň eserlerinden ybaratdyr. Ýa-da singeki truppalarynyň 100-ýe golaýy bar. Olardan has ululary: «Habýudza», «Mingeb», «Bungakudza».
1 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.