Gyz dostuma bagyşlap

 Gyz dostuma bagyşlap...

Ilki taryp etjek seniň edebiň,
Akylly, sadadan edebiň bardyr.
Seniň derejäňe her gün ýetmäge,
Görip duşmanlaryň elmydam zardyr.

Saňa arzuw etjek şulary ine,
Ilki bilen seniň ynamyň bolsun.
Durmuşda ýokary galmagyň üçin,
Seniň seriň güýçli bilimden dolsun.

Bilim bilen alarsyň sen her zady,
Ýöne onuň üçin gowşatma bady,
Diýerler:
"Bu gyzyň gudraty barmy?!"
Köp zähmet çek!
Şeýle bolmak isleseň!

Maşgalaňa direg gyzlaň biri bol,
Uzatma!
Her nadana kömek gol.
Bilýäňmi sebäbin nämüçin şeýle,
Özge ýanda gepiň etdi öňem ol.

Beýik bagt nesip etsin Allahym,
Hiç haçanam zaryn ýeke aglama.
Özüňde çuň bilim bolany bilen,
Bilimsiz tentege bagtyň baglama.

Ahyrky setirde ýekeje sözüm,
Ak ýürekden bagtly durmuş dileýän.
Seň üçin dünýäde ähli gowlugy,
Ýadygärlik şu goşguda belleýän.

Rahymberdi Suhanow
6 лайков 130 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enejan
19 окт 2021, 10:18
Likee
Mr_Coder
Автор 19 окт 2021, 10:19
Цитата: Mini
Likee

Sps
Perishdejik
19 окт 2021, 10:19
haladym gowy goshgy
Aýnur
19 окт 2021, 10:22
Maşgalaňa direg gyzlaň biri bol,
Uzatma!
Her nadana kömek gol.
Bilýäňmi sebäbin nämüçin şeýle,
Özge ýanda gepiň etdi öňem ol.
Şu bendi gaty manyly eken
Bega 9507
19 окт 2021, 10:38
Gowja gosgy
Bega 9507
19 окт 2021, 10:39
Mr_Coder,
Ozun duzdunmi
Mr_Coder
Автор 19 окт 2021, 10:43
Цитата: Bega 9507
Mr_Coder,
Ozun duzdunmi

Men dal asagynda Awtory gorkezilen
Bega 9507
19 окт 2021, 10:48
Mr_Coder,
Awtoryny tanayanmy birine menzes goryan
RahimS
19 окт 2021, 13:21
Salam hormatly agzalar! Shu goshgynyn awtory men. Bu sayta men yene gaydyp geldim. Sizi gorenime oran begendim