Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri
ABŞ-nyň “US News and World Report” guramasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyny taýýarlady. Adybir žurnalda çap edilen sanawda dünýäniň 90-dan gowrak ýurdundan 1750 okuw jaýy bar. Okuw mekdeplerine global-sebitleýin gözleglere hormat, neşirler, kitaplar, maslahatlar barada maglumatlar, halkara hyzmatdaşlyklary ýaly jemi 13 ugurdan baha berildi. Sanawyň ilkinji onlugynda amerikan uniwersitetleri agdyklyk edýär. Sanawyň birinji basgançagynda Garward uniwersiteti (ABŞ) bar. Massaçusets Tehnologiýa Instituty (ABD) ikinji, Stenford uniwersiteti (ABŞ) üçünji bolupdyr. Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti (ABŞ), Oksford uniwersiteti (Angliýa), Kolumbiýa uniwersiteti (ABŞ), Sýetldäki Waşington uniwersiteti (ABŞ), Kembrij uniwersiteti (Angliýa) we deň ball alan Kaliforniýa Tehnologiýa Instituty (ABŞ) bilen Jon Hopkins uniwersiteti (ABŞ) ilkinji onluga giripdir.
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.