Iň kiçi maýmyn Marmozetka
Ýer ýüzünde owadan we dürli görnüşli haýwanlar duş gelýär. Haýwanlar biri-birlerinden boýy, agramy, güýji boýunça tapawutlanýarlar. Tebigatyň döreden täsinligi hökmünde marmozetka atly iň kiçijik maýmyny bellemek bolýar.
Kiçijik göwresi bilen köpleri haýrana goýýan bu maýmyna daşky görnüşi we boýunyň kiçiligi üçin jübi maýmyny hem diýýärler. Ösüp doly kemala gelen maýmynyň agramy 100 g uzynlygy 20-25 sm. Islendik zatlardan ýapyşyp saklanmaga ýardam edýän olaryň uzyn guýrugy bolýar. Bu maýmynlar garamtyl çypar ýa-da ak menekli tüý örtügi bilen örtülen bolýar. Marmozetkanyň kelle çanagy kiçi, emma beýnisi güýçli ösendir. Mundan başgada, daşky gurşawa gözegçilik etmek üçin kellesini 1800-a aýlap bilýär. Maýmynyň iki sany dişleri, gyýak bolmadyk tegelegräk gözleri bolýar. Güýçli ösen bäş barmakly ujaklary marmozetkanyň 5 m beýiklige çenli bökmekligine, ýiti dyrnaklary bolsa agaçlaryň şahalaryndan berk tutup saklanmagyna kömek edýär.Reňkleriniň sazlaşygyna laýyklykda olaryň birnäçe görnüşleri bar. −Kümüşsow maýmyn. Iň köp ýaýran wekili bolup. Beýlekilerden agymtyl sary ýüňleri boýunça tapawutlanýar.−Altynsow maýmyn. Kümüşsow maýmynlara meňzeş bolýar. Sarymtyl reňklenen göwresi we sarymtyl reňklenen halkalar geçýän guýrugy boýunça beýleki maýmynlardan tapawutlanýarlar. Gulaklarynyň uçlarynda ak reňkli desse tüýjagazlary bolýar −Gara gulakly mormezetka. Bu maýmyny gulakalarynyň uçlarynda gara bogdajyk tüýjagazlaryň bolýanlygy üçin atlandyrylýar. Göwresinde gara mele zolaklar gaýtalanýar. Bu maýmyn beýlekilerden tapawutlylykda adamlara golaý ýerlere barýar.Bu kiçijik maýmynlar Günorta Amerikadaky Braziliýa jeňňelliginde, Boliwýada Peruda we Ekwadorda duş gelýär. Maýmynlar gür ýapraklary bolan agaçlaryň depesinde ýaşaýar. Olar gijesinde agaçlaryň köweklerinde ýatýar. Olar maşgala bolup ýaşaýar. Bir maşgalada 4-5 sany maýmynlar bolýar. Ene maýmyn ýylda iki gezek nesil berýär. Erkek marmozetka çagalaryny terbiýeleýärler we goraýarlar. Ene maýmyn bolsa çagalaryny iýmitlendirýär. Çyglylygy 60% we temperaturasy 25-300 bolan jeňňelliklerde 10 ýyla golaý ýaşap bilýärler. Haýwanat baglarynda olaryň ýaşaýşynyň dowamlylygy 2-3 ýyla çenli uzaýar.Marmozetka dürli görnüşli miweler, ösümlikleriň ýapraklary we gülleri, mör-möjekler, guş ýumurtgalary bilen iýmitlenýärler. Agaçlaryň ýapraklaryndaky suw damjalaryny içip suwsuzlygyny gandyrýarlar. Zerur bolan ýagdaýynda agaçlary ýiti dyrnaklarynyň kömegi bilen zeperläp olardan ösümlikleriň şiresini çykarýar we ony suw hökmünde kabul edýär. Agaçlaryň miwelerini ýeňillik bilen alyp iýmitlenýär.
Marmozetkanyň bogazlygynyň dowamlylygy 140-150 güne deň bolýar. Adatça olar iki seýrek ýagdaýda üç sany nesil berýär. Nesilleriniň agramy 12-15 g bolýar. Ilkinji 2-3 aýynda çagalar ene süýdi bilen iýmitlenýärler. Soňra ýaş maýmynjyklara erkek maýmyn gözegçilik edýär. Üç aýdan soň özbaşdak hereket edýärler.Ýarym ýyldan soň özbaşdak iýmitlenip başlaýarlar. Jyns taýdan doly kemala gelmek 12 aýlyk ýaşynda başlaýar we 2 ýyldan tamamlanýar. Kiçijik maýmynlaryň ýaşamagy üçin tokaýlardaky ýyrtyjy haýwanlar, ýyrtyjy guşlar howply hasaplanýar. Marmozetkanyň özi gorkak jandar. Ol howpdan gorkan ýagdaýynda goranmak üçin gizlenip ýatýarlar.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.