Ayalynyzy bagtly edin olam sizi eder
salam hormatly agzalar we myhmanlar! Gadym döwürlerden bäri gyzylja ter güller söýginiñ alamaty diýip hasaplanylýar. Olar kän gymmadam däl we shäheriñ islendik künjeginde satylýar. näme üçin aýalyñyza gül sowgat bermek üçin, onuñ keselhanada ýataryna garashmaly? Güli shu gün ýa-da ertir bersek bolanokmy? siz tejribe geçirmegi halaýañyzmy? Onda gül bermek tejribäni geçirip görüñ- nähili täsinligiñ bolup geçýäni görersiñiz. Aýal-gyzlar köplenç durmushyndaky esasy senelere ünüs berýärler. Adam durmushynda köp seneleri ýatlap bilmeýär, ýöne olaryñ içinde ýatlamalary bar:1881, 1945, 1991, aýalyñyzyñ doglan güni we nikalashan günüñiz. bardy-geldi bashdaky üç sany senäni ýatdan çykaryp bilersiñiz, ýöne soñky ikisini hijem unutmañ. Meniñ kursdashym günde aýalyna iki gezek jañ etýär. Her gezek jañ edende ol täzelik aýtýandyr diýip pikir etýäñizmi? Ýok, ol jañlaryñ manysy sheýle: söýýän adamyna, ol hakda pikir etýänini görkezmek üçin, söýýänini bildirmek üçin. gyz mashgala duýgur bolýar. Ol siziñ aladañyza mätäç. Nikasy bozulan tanyshymyñ sözleri shu wagtam gulagymda ýañlanýar. Ine ol sözler: "men nikamyzyñ ýykylanyna gaýgy edemok, men nikamyzyñ biderek zatlar üçin ýykylanyna gaýgy etýän" ýokarky sözlerden her kim many çykarsyn. Ashgabatda hepde-de 10-na golaý mashgalanyñ nikasy bozulýar. Siziñ pikiriñizçe uly problema ýüze çykyp bozulýandyr diýip pikir etýäñizmi? Ýok, biderek düshünshmezlikler zerarly bozulýar. Eger-de siz aýalyñyzy bagtly we mashgalañyzy berk, mizemez etjek bolsañyz: aýalyñyzy söýgi we alada bilen gurshañ
Awtor : Bayram JM (Koneje lebaply dostlarymyn biri)
Awtor : Bayram JM (Koneje lebaply dostlarymyn biri)
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.