«Älem gözeli—2021» Hindistandan
Hindistanly Harnaz Sanhu Ysraýylyň Eýlat şäherinde geçen «Älem gözeli—2021» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň jemleýji böleginde Hindistandan, Paragwaýdan we Günorta Afrika Respublikasyndan bolan gyzlar bäsleşdiler. Onda gyzlara häzirki zaman dünýäsinde ýaşlara näme maslahat bermekçidikleri barada sowal berildi, oňa hindi gözeli Harnaz öz güýjüňe ynanmagy, özüňi beýlekiler bilen deňemezligi, ýagny diňe öz-özüň bolmaga çalyşmagy hem-de häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän wajyp wakalar barada oýlanmagy maslahat berdi.
Netijede, ol ýeňiji diýlip yglan edildi we geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi Meksikadan Andrea Mesadan gözellik täjini aldy.
Gözellik bäsleşigine 80 ýurtdan gyzlar gatnaşdylar.

54комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.