Kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar

Bir gün mekdebe baramyzda iňlis dili parasyna taýyn däldik, şo sebäpli içimizde bir gorky bardy. Mugallymymyz oglandy, ol okamadyklary dik duzurtdy. Soňra bize gowy öwüt nesihat berdi, şeýlebir gowy gürrüň berdi welin, hiç gün yşygy görmän birden ýagtylyga çykan ýaly bolup gitdik. Ol sözleriň her okuwçyny okuwa höweslendirjegine ynanýaryn. Hemme sözi doly ýadyma düşenok, sebäbi gaty köp zat gürrüň berdi, ýöne bilenjämi şu ýerde paýlaşmak isleýän :
"Men sizi ýöne ýere dik duzuramok, ýada muny edip keýp alamok. Men sizi okatmak isleýän. Maňa siziň okanyňyz bildirenok, sebäbi maňa gerek däl, ýöne, size gynanýanda. Men hemme zatdan azajyk bilýärin. Siziň şuwagt beýniňiz öli, ýöne okap başladygyňyzça beýin açylýar. Öwrenmek edil narkotik ýaly, bir başlasaň aýrylyp bolanok.
Siz ýat tutýanlygyňyz sebäpli bileňzok. Öwrenen adamyň ýadyndan çykmaýar. Öwrenen adam gije tuzuryp sorasaňam bilýär. Meselem sen adyňy bilýäňä, unudaňok, ýada eneň-ataň adyny bilýäňä, ýatdan çykaraňoga şolary, sebäbi diňe gaýtalap durýaň, öwrenýäň. Bulam şular ýaly, gaýtalap durýaň öwrenýäň. Häzir men bir söz aýtsam, ertirem sorasam hiç biriňiziň ýadyna düşmeýär. Ýat tutmak ady aýdyp dur, ýatda tutýaň, wagtyň geçmegi bilen ýat sypdyrýar ony. Ýöne öwrenenleriň ýadyňdan çykmaýar. Düşünmek gerek, öwrenmek gerek. Gepe elmydama wagt tapylýar, öwrenseň daže 50 ýaşda bolsaňam ýatdan çykmaýar.
Men mekdepde bezzat okuwçydym, özüme göwnüm ýetýärdi, "kurtoýdym", ýöne mugallymlar näme diýse öwrenýädim. Bezzatdym, ýöne bilimem bilýädim. Iki gezek etrapda olimpiýada alyp berdim. Ýöne gaty bezzatdym, mugallymyň maşynynam otladyk, mugallymam urdyk. Şo sebäpli 8-nji klasda mekdepden çykaryldym. Şonda bildim, esasy zat terbiýe, terbiýe bolmasa bilimiň peýdasy ýok. Mugallymlar sizi okadar, üçlük geçersiň ýa ikilik geçersiň ýöne geçersiň, soň saňa diplom berenlerinde masgaraçylygy üstüňe alýansyň. Iş ýeriňde-de sen okady diýip gitýäň, bir zat bilmeseň "sen okadyňa" diýýärler. Men iňlis dilini okadym, ýöne gelip "haýsy kremi çalaýyn" diýip soraýan bar, näme üçin, "sen okadyňa" diýýär. Sen näme okanyň bildirenok olara, "men plan okadym" diýip düşündirip bilmelidä, çopan "ýandak näme" diýip sorasa men aýdaryn iňlisçesini plan plan diýip, ýöne onuň işi ýok ol zatlar bilen, seni barlap görýär boldy. Tok soraýanlaram bar, men nä bileýin ol zatlary, ýöne "sen okadyňa" diýýär.
Ejeňiz-kakaňyz pul berip dur okamak üçin, eşikleriňizede. Ene-ata bolaňyzda düşünersiňiz, ine häzir maňa dosdym jaň edip "5 million bersene" diýdi, men bolýar diýdim, ýöne ýok ýanymda pulym. Diýjek bolýanym ene-ataňyzam şeýle, hökman tapmaly.
Pullaryny başga zada sowýanlaram bardy okamda, menem edip bilýänä, hem men olardan beter kurtoýdym, pulumam bardy. Ýöne etmedim.
Men Belorussiýada okadym, bir gezek diňe öý işimiň ýokdugy üçin 80 adamyň içinde dik duzurdy meni, men şondan soň okap, gaýdyp barmadym şo sapaga, egzamynda saýradym ýöne, bilýädim.
Rusça bilemokdym how rus ýerde. Ýöne 3 aýda öwrendim, sözleri bilýädim ýöne gepläp bilemokdym, utanýadym şo sebäpli, uly adamlaryň ýanynda gürläp bolanokda. Onsaň çagalar bilen gürleşýädim, olar seredip duranokda ýalňyşyňa çagada, näme sorasaň jogap berýär olar, grammatikany bilenokdy olaram, ýöne gepleýärlerdi. Şeýdip-şeýdip öwrendim menem, soň 3 aýda iňlisi öwrendim, 3 aý ýetik ekendä bir dili öwrenmek üçin. Öwrenseň öwrenip gitýäň, başlap bilmek gerek, soň gitýäň ýuwaş-ýuwaş.
Okamadyklaram bardy, geçdi olaram, ýöne okamadylar. Elinde diplomlary bar ýöne bilenoklar. Soň "ýene gidip okajak" diýýär biri, sebäbi bildidä indi, eden zatlarynyň biderekdigini.
Eger sen bilseň diplomada gerek ýok, diplomy pul berip haçanam bolsa taýynladyp bolýar, ýöne maksat bilmek, sen saýrap dursaň meselem kompýuteri, şol iş ýeriň alyp berýär saňa diplomy. Sen bilmedikden soň diplomlary üýşürip goýaý peýdasy näme.
Hemmesem şol bir zat öwretýär, köp kişi daşary ýurtda okap gelenlere hemme zady bilýändir öýtýärler. Olar ýaly däl, okan bolsaň bilýäň ugruňy.
Meselem men şu maşynymy 140-danam sürýän, sebäbi öwrenişen, häzir 60-dan gidip durany sür 140-dan, ýolda duryp galýar, sebäbi intek görenok ol tizligi. Sizem şolar ýaly, bileňzok ýöne okap dursaňyz öwrenişýäňiz. 
Meni ýigrenip geçiň, meniň maksadym okatmak, şo sebäpli dik duzurýan, indiki gezek okarsyňyz, dik durmazlyk üçin okarsyňyz welin okarsyňyz. Häzir 40 list nutuk ýazyň diýsem onda hakykatdanam ýigrenersiňiz. Özüňizi kösäň biraz."

Ho günräk rus dili mugallymam gürrüň berdi, sowet döwri bolany üçin Sowetlerde okapdyrlar, şonda mugallyma bir ermeni "siziň diliňiz ýok, elipbiýiňizem ýoga" diýipdir, birhili bolupdyrlar, çyndanam pikir etdim welin elipbiýimiz ýokdy şol wagt diýýär. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň düzdiler dillerden toplap. Indi näme bolsa-da hemme zat bar, okamana mümkünçilik bar.

"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"
19 лайков 855 просмотров
122комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:38
Himiya sapagyna girsem uklap galyan soň mugallym gelip turuzya-da "Amanowa näme un yatyaň sapakda?" diyyä " mugallym siziň sesiňizi eşitsem uky tutup başlayara men nädeyin? Öyuňizdäkileriň nädip ukusy gelmeyäkä siz gurlän wagtyňyz? Soňam kitapdaky zatlary okap terjime edip beryäňiz o nämä gerek? Özumem terjime edip okap bilyän gayrat edip temany duşundirjek bolagaň biz göyduklere menem sapakda uklajak däl şeytseňiz bolmasa-da meň yatan-turanym bilen işiňiz bolmasyn. Temany aydyp bahany alyan wsyo siziň terjimäňiz maňa gerek däl eger yokmayan bolsam sapakdan kowuň gitjek" diydim şondan soň gurlemedi we menem arkayyn uklara sapak tapdym arbuz
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:39
Цитата: Alp Arslan Chakyrbeyli
2 3 sany mugallymyma namaz okamagy owredipdim. Klasdashlary Juma namaza akiderdim. Hazirlerem yatlayalar.

Berekella gaty gowy
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:40
Tebigy-takyk sapaklary iňlis dilinde okayadyk. Himiya mugallym nämäni terjime etmelikä? diyip aňk bolup oturmaň
Gulicka
21 фев 2022, 12:41
Sen Hitriwkan Mojegi oydyan Alp Arskan Cakyr betdi
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:41
Цитата: ýüreksözi
Nairobi,
waheý dertdeş ekenik menem kömekleşýän ýöne nm üçindir her gezek kabak meň başyma patlaýa

ugurtapyjy bolsaň başyňy gorap bolya
GuljemilE
21 фев 2022, 12:41
Malades)hoveslendiriji.
Alp Arslan Chakyrbeyli
21 фев 2022, 12:42
Shoryn yolbarsy men
menembiri
21 фев 2022, 12:43
Цитата: Nairobi
Tebigy-takyk sapaklary iňlis dilinde okayadyk. Himiya mugallym nämäni terjime etmelikä? diyip aňk bolup oturmaň

ank bolup otyrkam yazdyn herna!
Alp Arslan Chakyrbeyli
21 фев 2022, 12:45
Direktoryn sekretary owadan gyzdy. Shony gormek ucin klasda betlik ederdim. Direktoryn yanyna akiderdi menem bahana bn gorerdim gyzy. Sho gyzyn owadanlygy direktoryn sozuni yapardy
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:46
menembiri,
wagtynda yetişipdirin
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:47
Цитата: Fashion
Tn dili kan 1nji synpy aldym 21cagan barsy uruldy Birini urup birnuny banatdym. Indi kan beter urmaysny. Hemmesem sowgat berdiler Karici Soyulyan mugallym

1-nji synp bolsa hezildirä gaýtam, gowy etýäň.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:49
Цитата: Nairobi
Himiya sapagyna girsem uklap galyan soň mugallym gelip turuzya-da "Amanowa näme un yatyaň sapakda?" diyyä " mugallym siziň sesiňizi eşitsem uky tutup başlayara men nädeyin? Öyuňizdäkileriň nädip ukusy gelmeyäkä siz gurlän wagtyňyz? Soňam kitapdaky zatlary okap terjime edip beryäňiz o nämä gerek? Özumem terjime edip okap bilyän gayrat edip temany duşundirjek bolagaň biz göyduklere menem sapakda uklajak däl şeytseňiz bolmasa-da meň yatan-turanym bilen işiňiz bolmasyn. Temany aydyp bahany alyan wsyo siziň terjimäňiz maňa gerek däl eger yokmayan bolsam sapakdan kowuň gitjek" diydim şondan soň gurlemedi we menem arkayyn uklara sapak tapdym arbuz

Mende-de şeýle mugallym bolsa... Hiç zat etýänem däldir onda ol.
мусульманка
21 фев 2022, 12:50
Nairobi,
bet ekeninay hitry
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:50
Цитата: Alp Arslan Chakyrbeyli
Direktoryn sekretary owadan gyzdy. Shony gormek ucin klasda betlik ederdim. Direktoryn yanyna akiderdi menem bahana bn gorerdim gyzy. Sho gyzyn owadanlygy direktoryn sozuni yapardy

Bolupsuňa onda sen, gürleşdiňmi soň.
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:55
Wlad,
edyä köp yuregine duşseň " Kuiz (barlag işi yaly bir zat) aljak sizden " diyip başlaya kuizdenem iň yokary baha 4 alyp bolya onam bary-yogy 2-3 sany okuwçy alyp bilyä gaty kyn edyä soraglaryny bilgeşleyin
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 13:08
mowzugyň ady yalňyş "Kimiň puly bolmasa hormaty bolmayar" diyseň dogry bolardy
Gulicka
21 фев 2022, 13:12
Garaz Golaylapdyrnda Hitrowkada prakika gecemde Nirdedin Meyitjik
Garabufer
21 фев 2022, 13:28
at
Tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunlar hakyndaky bilimler sistemasy we şonuň ýaly-da şeýle bilimleriň aýry-aýry pudaklary.

Logika-pikirleri dogry guramagyň kanunlary we formalary hakyndaky ylymdyr. («Logika»)

Bilim, sowat, düşünje.

Berýär çagalara başlangyç ylym, Bir ýyl bäri başarnykly mugallym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Garabufer
21 фев 2022, 13:29
Ylym
Tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunlar hakyndaky bilimler sistemasy we şonuň ýaly-da şeýle bilimleriň aýry-aýry pudaklary.

Logika-pikirleri dogry guramagyň kanunlary we formalary hakyndaky ylymdyr. («Logika»)

Bilim, sowat, düşünje.

Berýär çagalara başlangyç ylym, Bir ýyl bäri başarnykly mugallym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Garabufer
21 фев 2022, 13:31
[quote=Nairobi]


Siz muman dūşūnmediñiz öydyän , ylymy bolmasa diyyä temañ ady , siz bilim barada teswir yazyañ
Garabufer
21 фев 2022, 13:32
yazyañyz dijekdim
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 13:35
Garabufer,
biz tema başga zat diyip durka waşşe başga zatlary aytmaga öwrenen yasalyşymyz şeyle-dä häzir biri "söygi" diyip tema açsa baryp diňe yigrenç ayralyk barada yazyp we gybat edip başlayas
Atsyzatly
21 фев 2022, 14:58
"Men mekdepde bezzat okuwçydym, özüme göwnüm ýetýärdi, "kurtoýdym", ýöne mugallymlar näme diýse öwrenýädim. Bezzatdym, ýöne bilimem bilýädim."

Özüňe göwnüň ýetmeklik krutoýlygy aňlatmaýar, krutoýlygy bir zat aňlatmaly bolsada minimum krutoý (kurtoýdym) dogry ýazmaklyk bolaýmasa. Bilim bilinýän zat dälde, öwrenilýän, toplanýan zat bolmaly.
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:03
"Men sizi okatmak isleýän. Maňa siziň okanyňyz bildirenok"

"Okatmak isleýän" we "okanyňyz bildirenok" biri-birine çapraz sözler. Belki mugallym özüniň näme isleýäninem bilýän däldirdä.
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:08
"Siziň şuwagt beýniňiz öli, ýöne okap başladygyňyzça beýin açylýar"

Diri adamyň beýnisi hiçhaçanam öli halynda bolmaýar, eger beýni öli bolsa adamam öli diýmekligi aňlatýar. Beýnini baýatmak üçin diňe okamaklyk däl, ýeňip geçilen durmuşy meselelerem baýatýar. Şonuň üçinem bizde "Birä köp okan biler, birem köp gören" diýilen atalar sözem bar.
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:11
"Ýat tutmak ady aýdyp dur, ýatda tutýaň, wagtyň geçmegi bilen ýat sypdyrýar ony"

Islendik öwrenilen ylym, iş, oýun ýa ýene başgalar zatlaryň hemmesem ýatda saklanýar we dowamly gaýtalap durmasaň ýada ýiti zerurlyk bolmasa ýadyň jümmüşinde ýitip gitýär.
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:16
"Bezzatdym, ýöne bilimem bilýädim. Iki gezek etrapda olimpiýada alyp berdim. Ýöne gaty bezzatdym, mugallymyň maşynynam otladyk, mugallymam urdyk. Şo sebäpli 8-nji klasda mekdepden çykaryldym. Şonda bildim, esasy zat terbiýe, terbiýe bolmasa bilimiň peýdasy ýok"

Bilimli adam intellektualnyý ösen bolýar, intellektualnyý ösen adamam peýdany, zyýany saýgarýar. Seň diýýän bilimiň ýöne bir, bir ugurdan ösdürilen ukyp ýada bilimiň ýaňy bir ýörjen-ýörjen edip ugran görnüşi bolmaly.
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:22
"Ho günräk rus dili mugallymam gürrüň berdi, sowet döwri bolany üçin Sowetlerde okapdyrlar, şonda mugallyma bir ermeni "siziň diliňiz ýok, elipbiýiňizem ýoga" diýipdir, birhili bolupdyrlar, çyndanam pikir etdim welin elipbiýimiz ýokdy şol wagt diýýär. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň düzdiler dillerden toplap. Indi näme bolsa-da hemme zat bar, okamana mümkünçilik bar."

Garaşsyzlygy alanmyzdan soň öz elipbiýimiz bolan bolsa, garaşsyzlykdan öňki döwürde türkmen dilinde çap edilen kitaplar haýsy dilmiş onda?!
Atsyzatly
21 фев 2022, 15:29
"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"

@Wlad sen teswirleriňde we mowzuklaryňda "hormat" sözüni köp agzaýaň welin hormatyň manysy näme düşündirip bersene?!

Birem bir zat ýazaňda ilki näme ýazjak bolýanyňy gowja saýgarda we kelläňiň dury wagty, emosiýadan saplanan wagtyň ýaz, ýogsa mugallymyzyň rusçany çagalar bilen gürleşişi ýaly bu ýerdäki çagalara ýazan zadyň gülkünç bolmasada, ulylara gülkünç eşidilýär.
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 15:56
Atsyzatly
iň bolmanda maňaha öňki eden betliklerimi yatlamaga we indiki etjek betliklerimi planlamaga peyda berdi şy mowzuk jora cilimkesh
možet @Wlad kaka mugallym halkynyň käwagty öz gepine-sözune kän uns bermän "Pff şularmy meni tankytlajak?" diyip "ady bar" diplomyna guwanyp gepleyän sözlerini bärdäki yaşlara duşundirjek bolyandyr ya-da şo mugallymyň 6 sözuniň 5si yalňyş bolup 1 sany dogry sözuni bize tapdyrjak bolandyr otkuda tebe znat?)