Kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar

Bir gün mekdebe baramyzda iňlis dili parasyna taýyn däldik, şo sebäpli içimizde bir gorky bardy. Mugallymymyz oglandy, ol okamadyklary dik duzurtdy. Soňra bize gowy öwüt nesihat berdi, şeýlebir gowy gürrüň berdi welin, hiç gün yşygy görmän birden ýagtylyga çykan ýaly bolup gitdik. Ol sözleriň her okuwçyny okuwa höweslendirjegine ynanýaryn. Hemme sözi doly ýadyma düşenok, sebäbi gaty köp zat gürrüň berdi, ýöne bilenjämi şu ýerde paýlaşmak isleýän :
"Men sizi ýöne ýere dik duzuramok, ýada muny edip keýp alamok. Men sizi okatmak isleýän. Maňa siziň okanyňyz bildirenok, sebäbi maňa gerek däl, ýöne, size gynanýanda. Men hemme zatdan azajyk bilýärin. Siziň şuwagt beýniňiz öli, ýöne okap başladygyňyzça beýin açylýar. Öwrenmek edil narkotik ýaly, bir başlasaň aýrylyp bolanok.
Siz ýat tutýanlygyňyz sebäpli bileňzok. Öwrenen adamyň ýadyndan çykmaýar. Öwrenen adam gije tuzuryp sorasaňam bilýär. Meselem sen adyňy bilýäňä, unudaňok, ýada eneň-ataň adyny bilýäňä, ýatdan çykaraňoga şolary, sebäbi diňe gaýtalap durýaň, öwrenýäň. Bulam şular ýaly, gaýtalap durýaň öwrenýäň. Häzir men bir söz aýtsam, ertirem sorasam hiç biriňiziň ýadyna düşmeýär. Ýat tutmak ady aýdyp dur, ýatda tutýaň, wagtyň geçmegi bilen ýat sypdyrýar ony. Ýöne öwrenenleriň ýadyňdan çykmaýar. Düşünmek gerek, öwrenmek gerek. Gepe elmydama wagt tapylýar, öwrenseň daže 50 ýaşda bolsaňam ýatdan çykmaýar.
Men mekdepde bezzat okuwçydym, özüme göwnüm ýetýärdi, "kurtoýdym", ýöne mugallymlar näme diýse öwrenýädim. Bezzatdym, ýöne bilimem bilýädim. Iki gezek etrapda olimpiýada alyp berdim. Ýöne gaty bezzatdym, mugallymyň maşynynam otladyk, mugallymam urdyk. Şo sebäpli 8-nji klasda mekdepden çykaryldym. Şonda bildim, esasy zat terbiýe, terbiýe bolmasa bilimiň peýdasy ýok. Mugallymlar sizi okadar, üçlük geçersiň ýa ikilik geçersiň ýöne geçersiň, soň saňa diplom berenlerinde masgaraçylygy üstüňe alýansyň. Iş ýeriňde-de sen okady diýip gitýäň, bir zat bilmeseň "sen okadyňa" diýýärler. Men iňlis dilini okadym, ýöne gelip "haýsy kremi çalaýyn" diýip soraýan bar, näme üçin, "sen okadyňa" diýýär. Sen näme okanyň bildirenok olara, "men plan okadym" diýip düşündirip bilmelidä, çopan "ýandak näme" diýip sorasa men aýdaryn iňlisçesini plan plan diýip, ýöne onuň işi ýok ol zatlar bilen, seni barlap görýär boldy. Tok soraýanlaram bar, men nä bileýin ol zatlary, ýöne "sen okadyňa" diýýär.
Ejeňiz-kakaňyz pul berip dur okamak üçin, eşikleriňizede. Ene-ata bolaňyzda düşünersiňiz, ine häzir maňa dosdym jaň edip "5 million bersene" diýdi, men bolýar diýdim, ýöne ýok ýanymda pulym. Diýjek bolýanym ene-ataňyzam şeýle, hökman tapmaly.
Pullaryny başga zada sowýanlaram bardy okamda, menem edip bilýänä, hem men olardan beter kurtoýdym, pulumam bardy. Ýöne etmedim.
Men Belorussiýada okadym, bir gezek diňe öý işimiň ýokdugy üçin 80 adamyň içinde dik duzurdy meni, men şondan soň okap, gaýdyp barmadym şo sapaga, egzamynda saýradym ýöne, bilýädim.
Rusça bilemokdym how rus ýerde. Ýöne 3 aýda öwrendim, sözleri bilýädim ýöne gepläp bilemokdym, utanýadym şo sebäpli, uly adamlaryň ýanynda gürläp bolanokda. Onsaň çagalar bilen gürleşýädim, olar seredip duranokda ýalňyşyňa çagada, näme sorasaň jogap berýär olar, grammatikany bilenokdy olaram, ýöne gepleýärlerdi. Şeýdip-şeýdip öwrendim menem, soň 3 aýda iňlisi öwrendim, 3 aý ýetik ekendä bir dili öwrenmek üçin. Öwrenseň öwrenip gitýäň, başlap bilmek gerek, soň gitýäň ýuwaş-ýuwaş.
Okamadyklaram bardy, geçdi olaram, ýöne okamadylar. Elinde diplomlary bar ýöne bilenoklar. Soň "ýene gidip okajak" diýýär biri, sebäbi bildidä indi, eden zatlarynyň biderekdigini.
Eger sen bilseň diplomada gerek ýok, diplomy pul berip haçanam bolsa taýynladyp bolýar, ýöne maksat bilmek, sen saýrap dursaň meselem kompýuteri, şol iş ýeriň alyp berýär saňa diplomy. Sen bilmedikden soň diplomlary üýşürip goýaý peýdasy näme.
Hemmesem şol bir zat öwretýär, köp kişi daşary ýurtda okap gelenlere hemme zady bilýändir öýtýärler. Olar ýaly däl, okan bolsaň bilýäň ugruňy.
Meselem men şu maşynymy 140-danam sürýän, sebäbi öwrenişen, häzir 60-dan gidip durany sür 140-dan, ýolda duryp galýar, sebäbi intek görenok ol tizligi. Sizem şolar ýaly, bileňzok ýöne okap dursaňyz öwrenişýäňiz. 
Meni ýigrenip geçiň, meniň maksadym okatmak, şo sebäpli dik duzurýan, indiki gezek okarsyňyz, dik durmazlyk üçin okarsyňyz welin okarsyňyz. Häzir 40 list nutuk ýazyň diýsem onda hakykatdanam ýigrenersiňiz. Özüňizi kösäň biraz."

Ho günräk rus dili mugallymam gürrüň berdi, sowet döwri bolany üçin Sowetlerde okapdyrlar, şonda mugallyma bir ermeni "siziň diliňiz ýok, elipbiýiňizem ýoga" diýipdir, birhili bolupdyrlar, çyndanam pikir etdim welin elipbiýimiz ýokdy şol wagt diýýär. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň düzdiler dillerden toplap. Indi näme bolsa-da hemme zat bar, okamana mümkünçilik bar.

"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"
19 лайков 855 просмотров
122комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Atsyzatly
21 фев 2022, 16:41
Nairobi,

Düşündirjek bolan zadyny ol ýokarky mowzugynda açyk-aýdyň düşündirjek bolupdyr, ýöne öz düşünjesiniň derejesinde. Düşünjesem şolar ýaly bolansoň, mowzuk hem şular ýaly bolupdyr. Şonuň üçin fantazirowat edip, @Wladyň mowzuklaryndan gizlin, simwolly ideýalary gözlemeklik birä işsizlik, birem saçma-sapanlyk. Birem aňyň gurluşy deňýanly bolmasoň, öz aňyň şekillendiriş ukyby derejesinde mowzukda käbir özüň üçin peýdaly şekilleri görmegiň hem ahmal. Oňa söz ýok. Ýöne ol şekiller hem mowzugyň özeninde barlygy dälde, aňyň şol tarapa ýykgyn etýänligindendir. Galanynam ullakanja bolsaň düşünersiň. ))
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 16:50
Atsyzatly,
ejeme aytjak indi senä yurege duşdiň kemsidip ? Hi:l bir zatsyrama maňa bomy?
Atsyzatly
21 фев 2022, 16:51
"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"

Birem momentdan peýdalanyp ýene bir sorag bereýin, ylym näme?!
Atsyzatly
21 фев 2022, 16:54
Nairobi,

Jigim öňem aýtdym, ýene gaýtalaýan, menem sen ýaly elementarnyý zatlary bilmeýän çagalar bilen agzymy deňeşdirip oturmany uslyp bilýän, ýöne sizede biri sapak bermeli ahyryn.
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 16:57
Atsyzatly,
men beyleki jigileriňden osobennydyryn şoň un agzyňy deňeyänsiň burun
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 17:03
Atsyzatly,
"Ynsan diňe düşünen zatlaryny eşder"
- Jeýms Teýlor
"Ak we gara aýdyňdyr, garalyga ýoranlar niýetine görädir"

Janykma dosdum, düşünýän saňa.
Atsyzatly
21 фев 2022, 17:45
"Ak we gara aýdyňdyr, garalyga ýoranlar niýetine görädir"

Düýşi, yrymy ýorýalar ýada geljek hakynda astrologlar, palçylar, gözbagçylar birzatlar ýorýalar. A men saňa welin fakt getirýän birem sorag berýän, özem elementarnyý soraglary, günde müň sapar gaýtalaýan zatlaryňa degişli soraglary.
Atsyzatly
21 фев 2022, 17:49
Çaga bolma, aýtýan ýada ynanýan pikirleriňe degişli realnyý zatlar soralsa, realnyý (bar seň fantaziýaň bolsada, fantaziýaň real hasap etýän zatlaryny) jogap bermäne çalyş, çaga ýaly kimdir biriniň, asla biziň sorag-jogabymaza ýada gürrüňdeşligimize dahyly bolmadyk iki agyz gepini int.den ýada tel.iň zametkasyndan kopýalap ýapyşdyrmada.
Atsyzatly
21 фев 2022, 18:03
Ylym - bu obýektiw zatlaryň kanuna laýyklygyny öwrenýän we sistemalaşdyrýan pudak.
Hormat - bu özüňde ýok ýada pes ösen ukyba, talanda, indiwidiň şahsy garaýşy esasynda berilýän ýokary baha.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:10
Dosdum sen kelläň gowmy ? Men näme diýýän sen näme diýýäň ? Ol prosta gürleýiş stili, ýüzleý şekilde gürleýärler adamlar, ýagny standarty, pikirlenip hemme zady anyk gürlänoklar. Häzir meselem seni alsak yňňa-myňňa edip duran birisiň realda, her kim hökman azyndan şeýle, sen gelip nämäň dannysyny görkezýäň maňa ? Men saňa şu ýönekeý zady düşündirmäne ýaltanyp (utanyp) hiç zat diýmedim
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:11
Diňle atly dosdum, ýönekeý meselem alaly, häzir ullakan bir daklat bolsa, şony bir gezek okap öwrendim diýeňde hökman ýatdan çykan ýerler bolýar, hatda köp bolýar, onsaň ol ýüzleý şekilde gürledi, sen bolsa her sözüni alyp Aman daýyň tüýdükli taýagyna meňzedäýipsiňä muny.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:14
"Bilýänler gürlemezler, gürlänler bilmezler"
- Szu

Edil çüýläýipdirdä şu sözi, nämäniň daklady bu ? Asyl temanyň maksady ol däl, ol bolaýan ýagdaýynda-da nämäniň edebiýatçylygy bu ?
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:15
Çaga bolma diýýäň, ýöne çaga ýaly çekeleşjek bolýaň, hatda onuň üçin men 1 ýazsam sen 5 ýazýaň, näme bu ?
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:16
Ikinjidenem tema diňe ýüzleý düşündiriş, ýönekeý bir başdan geçirme. Sen bolsa haýdap, eliňden bir zat gidip barýan ýaly, durşuna daklat ýazyp ýemläp otyrsyňla, köşeş dosdum
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:18
Çaga bolma diýipsiň, ýöne men "düşünýän" diýmegime garamazdan ýene daklat ýazypsyň, dosdum seniň meniň bilen alyp bermedik nämäň bar ? Nämäň kinesi bu ?
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:19
Gürlemäýin diýdigimçe bu klawitura berýär gazy, dosdum, meniň niýetimde garalyk ýok, bolsa-da men seniň düşündirişiň ýaly düşündirmeýän, ýalňyş bolsa aýtýan, ullakan daklat ýazamok, düşünseler begenýän gaýta, sen bolsa şeý diýmegime garamazdan...
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:20
Dosdum maňa roman ýazma, ynan hijem okamok, sebäbi gürleýiş standartyny bilmedik, temanyň asyl maksadyny hiç görmän, sözleriň üsti bilen basjak bolýanlar bilen çekeleşesim gelenok ynanaý, utanç bilýän şony özüme
Гость
21 фев 2022, 18:21
Näme barada çekeleşýäniňize şunça düşünjek boldum weli waşşe bolmady,ýa düşünjäm peslik etdimikä?!
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:22
"Ylym - bu obýektiw zatlaryň kanuna laýyklygyny öwrenýän we sistemalaşdyrýan pudak."

Näme bu ? Tema bilen näme dahyly bar ? Nireden nirä getirdiň temany ? Bular ýörite taýynlap goýýar öýtýän, işine ýaramasa ýemläýýärler öýtýän
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:23
Men bir söz ýazdym weli jogaba seret :

"Düýşi, yrymy ýorýalar ýada geljek hakynda astrologlar, palçylar, gözbagçylar birzatlar ýorýalar. A men saňa welin fakt getirýän birem sorag berýän, özem elementarnyý soraglary, günde müň sapar gaýtalaýan zatlaryňa degişli soraglary."

Näme bu ? Köşeş, maňa kelläňi durla diýipsiň welin sen durlamaly öýtýän, demiňi al
Atsyzatly
21 фев 2022, 18:35
Цитата: Wlad
Dosdum sen kelläň gowmy ? Men näme diýýän sen näme diýýäň ? Ol prosta gürleýiş stili, ýüzleý şekilde gürleýärler adamlar, ýagny standarty, pikirlenip hemme zady anyk gürlänoklar. Häzir meselem seni alsak yňňa-myňňa edip duran birisiň realda, her kim hökman azyndan şeýle, sen gelip nämäň dannysyny görkezýäň maňa ? Men saňa şu ýönekeý zady düşündirmäne ýaltanyp (utanyp) hiç zat diýmedim


Ilki bilenä "Самое лучшая защита - это нападение" diýýär senem şony etjek bolup şahs kemsitmä geçipsiňmi?! Meň realda nähili adamdygymy şu saýtda belli bir derejede @Pegas tanaýar, a öňki dostlukda @Arzyman, @Şyrdajyk, @Charyyevnaayna@ dagy, bu ýerde meň häsiýetim barada pal atyp oturmada şolardan ýada şolary tanaýanlaryň üsti bilen anyklap göräý. Galanynam özüň bilýän "Bizi bilen bilir bilmeyen de kendisi gibi bilir" diýýär Jelaleddin Rumy. Indi ikinji mesele daklat diýdiň, maklat diýdiň, ýokarky mowzugyňdaky mugallymyň ýaly bir gepiň başyny tutmadyň. Men bu ýerde mowzugyň (umumy manysy) we mowzugyňdaky käbir ýerlerindäki spornyý wakalary özara maslahatlaşmak üçin we seň şol wakalara şahsy garaýyşyňy öwrenmek üçin mowzugyňdan käbir parçalary alyp teswirläpdim. Ýöne göýän welin sen agy, garany saýgarmaýan agzyndan süýt ysy gitmedik çaga bolmaly.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:39
Atsyzatly,
Şahsy kemsitmemi ? Maňa çaga diýmek, aýlawly şekilde "düşünýän" diýmegime garamazdan ýene çekeleşjek bolmak şahsyýeti kemsitmek dälmidir ? Ullakan adam dosdum sen aýdyşyňa görä, haýyş goýaý indi
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:40
Dosdum meniň olar bilen hiç işim ýok, nireden nirä geldiň, men şuny diýýän, ol agzalar, dostlukdaky bir kişiler maňa näme ? Kelläň gowumy diýip ýöne aýdamok, MAŇA NÄME ?
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:41
Ýene daklat ýazypsyň, dosdum seň baradaky agzalaryň düşünjesi maňa gyzykly däl, temadan çykma, köşeş, erbet zat diýmek niýetimde ýok, köşeş diýýän ýöne, ULU ADAM sen diýýän, düşünýän diýýän.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:43
Häsýetiň barada men pal atdymmy ? Sen meni tutuş tanan ýaly anyk gürläp hemme häsýetlerimem bilipsiň onda, nämäň paly ? Hem bu gep nirden çykdy indi ? Many barmy diýýän zadyňda ?
Atsyzatly
21 фев 2022, 18:43
Цитата: Wlad
Men bir söz ýazdym weli jogaba seret :

"Düýşi, yrymy ýorýalar ýada geljek hakynda astrologlar, palçylar, gözbagçylar birzatlar ýorýalar. A men saňa welin fakt getirýän birem sorag berýän, özem elementarnyý soraglary, günde müň sapar gaýtalaýan zatlaryňa degişli soraglary."

Näme bu ? Köşeş, maňa kelläňi durla diýipsiň welin sen durlamaly öýtýän, demiňi al


Munyňada jogap bereýin, soňam sen ýaly aňy köçesiniň çäginden çykmadyk çaga bilen pikir alyşmak diýsemä gülkünç boljak, sen intäk pikir diýilýän zadyň nämedigini bileňok, agyz deňeşdirip durmaýyn.

"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"

Ylym öwren diýýäň, ylmyň bolmasa hormatyň bolmaz diýýäň, ilki bilenä sen ylmyň we hormatyň nämeligini bileňok, ikinji bilenem mowzugyň adyny diýmeseň, mowzugyňda ylmyň ýada hormatyň ysam ýok. Şonuň üçinem sen ylym we hormat diýip başga zada düşünýän bolaýma ýada seň ýaşaýan ýeriň şiwesine görä ylym we hormat diýmek boş samahyllama ýaly bir zatlar bolaýmasyn diýip, utoçnit edeýin diýdim.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:44
Maňa çaga ýaly diýip, kiçi şeklinde ýüzlenipsiň, sen uly adam bolsaň oturaý, nämäniň subutnamalary bular ?
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:45
Atsyzatly,
Dosdum ýene başga zatlar tapýaň, meniň ylym we hormaty bilip bilmezligim saňa näme ? Näme üçin bu seni beýle gaharlandyrdy ? Bu ýöne başdan geçirme diýdim bular näme ? Dosdum men saňa ýönekeý zatlar soraýan, jogap berip bileňok.
Atsyzatly
21 фев 2022, 18:45
Цитата: Wlad
Atsyzatly,
Şahsy kemsitmemi ? Maňa çaga diýmek, aýlawly şekilde "düşünýän" diýmegime garamazdan ýene çekeleşjek bolmak şahsyýeti kemsitmek dälmidir ? Ullakan adam dosdum sen aýdyşyňa görä, haýyş goýaý indi


Biologik taýdan uly bolsaňam, aňy taýdan çaga sen. Şonuň üçinem bu şahs kemsitme dälde, anyk maglumat.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 18:45
Sözleriňd ejizläp ugradyň, şo sebäpli her gezeginde has köp janykýaň, janykma dosdum düşünýän, ýene aýtýan düşünýän