Kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar

Bir gün mekdebe baramyzda iňlis dili parasyna taýyn däldik, şo sebäpli içimizde bir gorky bardy. Mugallymymyz oglandy, ol okamadyklary dik duzurtdy. Soňra bize gowy öwüt nesihat berdi, şeýlebir gowy gürrüň berdi welin, hiç gün yşygy görmän birden ýagtylyga çykan ýaly bolup gitdik. Ol sözleriň her okuwçyny okuwa höweslendirjegine ynanýaryn. Hemme sözi doly ýadyma düşenok, sebäbi gaty köp zat gürrüň berdi, ýöne bilenjämi şu ýerde paýlaşmak isleýän :
"Men sizi ýöne ýere dik duzuramok, ýada muny edip keýp alamok. Men sizi okatmak isleýän. Maňa siziň okanyňyz bildirenok, sebäbi maňa gerek däl, ýöne, size gynanýanda. Men hemme zatdan azajyk bilýärin. Siziň şuwagt beýniňiz öli, ýöne okap başladygyňyzça beýin açylýar. Öwrenmek edil narkotik ýaly, bir başlasaň aýrylyp bolanok.
Siz ýat tutýanlygyňyz sebäpli bileňzok. Öwrenen adamyň ýadyndan çykmaýar. Öwrenen adam gije tuzuryp sorasaňam bilýär. Meselem sen adyňy bilýäňä, unudaňok, ýada eneň-ataň adyny bilýäňä, ýatdan çykaraňoga şolary, sebäbi diňe gaýtalap durýaň, öwrenýäň. Bulam şular ýaly, gaýtalap durýaň öwrenýäň. Häzir men bir söz aýtsam, ertirem sorasam hiç biriňiziň ýadyna düşmeýär. Ýat tutmak ady aýdyp dur, ýatda tutýaň, wagtyň geçmegi bilen ýat sypdyrýar ony. Ýöne öwrenenleriň ýadyňdan çykmaýar. Düşünmek gerek, öwrenmek gerek. Gepe elmydama wagt tapylýar, öwrenseň daže 50 ýaşda bolsaňam ýatdan çykmaýar.
Men mekdepde bezzat okuwçydym, özüme göwnüm ýetýärdi, "kurtoýdym", ýöne mugallymlar näme diýse öwrenýädim. Bezzatdym, ýöne bilimem bilýädim. Iki gezek etrapda olimpiýada alyp berdim. Ýöne gaty bezzatdym, mugallymyň maşynynam otladyk, mugallymam urdyk. Şo sebäpli 8-nji klasda mekdepden çykaryldym. Şonda bildim, esasy zat terbiýe, terbiýe bolmasa bilimiň peýdasy ýok. Mugallymlar sizi okadar, üçlük geçersiň ýa ikilik geçersiň ýöne geçersiň, soň saňa diplom berenlerinde masgaraçylygy üstüňe alýansyň. Iş ýeriňde-de sen okady diýip gitýäň, bir zat bilmeseň "sen okadyňa" diýýärler. Men iňlis dilini okadym, ýöne gelip "haýsy kremi çalaýyn" diýip soraýan bar, näme üçin, "sen okadyňa" diýýär. Sen näme okanyň bildirenok olara, "men plan okadym" diýip düşündirip bilmelidä, çopan "ýandak näme" diýip sorasa men aýdaryn iňlisçesini plan plan diýip, ýöne onuň işi ýok ol zatlar bilen, seni barlap görýär boldy. Tok soraýanlaram bar, men nä bileýin ol zatlary, ýöne "sen okadyňa" diýýär.
Ejeňiz-kakaňyz pul berip dur okamak üçin, eşikleriňizede. Ene-ata bolaňyzda düşünersiňiz, ine häzir maňa dosdym jaň edip "5 million bersene" diýdi, men bolýar diýdim, ýöne ýok ýanymda pulym. Diýjek bolýanym ene-ataňyzam şeýle, hökman tapmaly.
Pullaryny başga zada sowýanlaram bardy okamda, menem edip bilýänä, hem men olardan beter kurtoýdym, pulumam bardy. Ýöne etmedim.
Men Belorussiýada okadym, bir gezek diňe öý işimiň ýokdugy üçin 80 adamyň içinde dik duzurdy meni, men şondan soň okap, gaýdyp barmadym şo sapaga, egzamynda saýradym ýöne, bilýädim.
Rusça bilemokdym how rus ýerde. Ýöne 3 aýda öwrendim, sözleri bilýädim ýöne gepläp bilemokdym, utanýadym şo sebäpli, uly adamlaryň ýanynda gürläp bolanokda. Onsaň çagalar bilen gürleşýädim, olar seredip duranokda ýalňyşyňa çagada, näme sorasaň jogap berýär olar, grammatikany bilenokdy olaram, ýöne gepleýärlerdi. Şeýdip-şeýdip öwrendim menem, soň 3 aýda iňlisi öwrendim, 3 aý ýetik ekendä bir dili öwrenmek üçin. Öwrenseň öwrenip gitýäň, başlap bilmek gerek, soň gitýäň ýuwaş-ýuwaş.
Okamadyklaram bardy, geçdi olaram, ýöne okamadylar. Elinde diplomlary bar ýöne bilenoklar. Soň "ýene gidip okajak" diýýär biri, sebäbi bildidä indi, eden zatlarynyň biderekdigini.
Eger sen bilseň diplomada gerek ýok, diplomy pul berip haçanam bolsa taýynladyp bolýar, ýöne maksat bilmek, sen saýrap dursaň meselem kompýuteri, şol iş ýeriň alyp berýär saňa diplomy. Sen bilmedikden soň diplomlary üýşürip goýaý peýdasy näme.
Hemmesem şol bir zat öwretýär, köp kişi daşary ýurtda okap gelenlere hemme zady bilýändir öýtýärler. Olar ýaly däl, okan bolsaň bilýäň ugruňy.
Meselem men şu maşynymy 140-danam sürýän, sebäbi öwrenişen, häzir 60-dan gidip durany sür 140-dan, ýolda duryp galýar, sebäbi intek görenok ol tizligi. Sizem şolar ýaly, bileňzok ýöne okap dursaňyz öwrenişýäňiz. 
Meni ýigrenip geçiň, meniň maksadym okatmak, şo sebäpli dik duzurýan, indiki gezek okarsyňyz, dik durmazlyk üçin okarsyňyz welin okarsyňyz. Häzir 40 list nutuk ýazyň diýsem onda hakykatdanam ýigrenersiňiz. Özüňizi kösäň biraz."

Ho günräk rus dili mugallymam gürrüň berdi, sowet döwri bolany üçin Sowetlerde okapdyrlar, şonda mugallyma bir ermeni "siziň diliňiz ýok, elipbiýiňizem ýoga" diýipdir, birhili bolupdyrlar, çyndanam pikir etdim welin elipbiýimiz ýokdy şol wagt diýýär. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň düzdiler dillerden toplap. Indi näme bolsa-da hemme zat bar, okamana mümkünçilik bar.

"Ylym öwren, kimiň ylmy bolmasa hormaty bolmaýar"
19 лайков 855 просмотров
122комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
21 фев 2022, 11:54
Mekdepde sapaklary yat tutdyrman okap gurrun etdirerdi mugallymlarmyz koplench
Mechta
21 фев 2022, 11:57
Birem bir fizika mugallymyz bardy gorkezme esbaplary oyunde yasap gelip owrederdi bize gaty gowy adamdy uzak yasasyn
Gozel
21 фев 2022, 11:59
Biziñem taryh mugallymymyz okap düşünmegi tabşyrýardy mydama.
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:00
felicita,
Dogry, gürrüň etmeli. Her mugallymyň öz sapak beriş stili bolýar, käbirleri surata aldyrdyp "ýazyň" diýýär, indiki sapagam näme üçin okamadyň diýýär. Ne höweslendiriş bar, ne motiwasiýa bar.
ýüreksözi
21 фев 2022, 12:05
Dil öwrenmäge höwesim artyp başlady biziň edebiat mollymymyz bar 5 synpdan başlap 8 synpa çenli nm eser geçse şo eseri göz öňüne getirip surat çekmegi tabşyrýady şol sebäplem okuwçylaň okan zady göz öňüne getirip çeken suraty esasynda gowy ýadynda galýady
ýüreksözi
21 фев 2022, 12:08
her gezek depderi açamda depdere çeken ýada ýelmän suratyma täzeden göz aýlaýadym ol okan ýaly bolmaýady ahyry suratda umumy düşünje berýä hemem gowy ýatda galýada şol sebäpli mekdepde geçen hemme eserlem goşgulam edil nokatma nokat bolmasada ýadymda
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:13
menem betdim wara :(( Ahyry mudir "Seni mekdepden kowjak" diydi eden zatlarym un menem "Wapşeto siz meni kowaňyzok men gitjek siziň mekdebiňizden okuwyňyzam gerek däl başga zadyňyzam lyuboy mekdepde-de okap bilyän şu kelläm bilen" diyip garaz ony döwup özumi öwdum "Ertir ejem gelip dokumentleri alyp gider tayyar dursun" (arkayyn gurledim sebäbi welayat tapgyr yakynlap gelyärdi) Ertesi gun ejemi çagyrdylar ilki yere sokupdyrlar meni :( Ejem: "dokumentlerini beriň äkitjek şu yere gelip sandan çykdy şol okaman geçsinlay" diyipdir şey diyensoň olar yalbaryp başlapdyr "Gyzyňyz bize gerek okasyn şu yerde äkitmäň bir çagaň azabyny yakmaň" diyip garaz tomaşa baryny görkezipdim mekdepde entägem mugallymlarym gowy eken bar ynjyklygymy göterdiler
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:16
Цитата: ýüreksözi
Dil öwrenmäge höwesim artyp başlady biziň edebiat mollymymyz bar 5 synpdan başlap 8 synpa çenli nm eser geçse şo eseri göz öňüne getirip surat çekmegi tabşyrýady şol sebäplem okuwçylaň okan zady göz öňüne getirip çeken suraty esasynda gowy ýadynda galýady

Bäh, ana şolar ýaly mugallymlar köp bolsady-da. Bizede etýärdi ýöne şuny, surat çekmeli diýilse begenişip höweslenýärdik. Jany sag bolsun mugallymyň.
menembiri
21 фев 2022, 12:16
hakyky zady yazypsyn, wlad berekella!
menembiri
21 фев 2022, 12:18
Цитата: Nairobi
menem betdim wara :(( Ahyry mudir "Seni mekdepden kowjak" diydi eden zatlarym un menem "Wapşeto siz meni kowaňyzok men gitjek siziň mekdebiňizden okuwyňyzam gerek däl başga zadyňyzam lyuboy mekdepde-de okap bilyän şu kelläm bilen" diyip garaz ony döwup özumi öwdum "Ertir ejem gelip dokumentleri alyp gider tayyar dursun" (arkayyn gurledim sebäbi welayat tapgyr yakynlap gelyärdi) Ertesi gun ejemi çagyrdylar ilki yere sokupdyrlar meni :( Ejem: "dokumentlerini beriň äkitjek şu yere gelip sandan çykdy şol okaman geçsinlay" diyipdir şey diyensoň olar yalbaryp başlapdyr "Gyzyňyz bize gerek okasyn şu yerde äkitmäň bir çagaň azabyny yakmaň" diyip garaz tomaşa baryny görkezipdim mekdepde entägem mugallymlarym gowy eken bar ynjyklygymy göterdiler

ay sen betsinley!
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:18
Nairobi,
Näme bolsada gowja sebäp bilen çekeleşip galsaň mugallymlaryň ýadynda ýiti galýaň. Menem tanamaýan ýokdy orta mekde. Sen zehinlisiň, muny bilen hökman hormat goýaýmalyda.
ýüreksözi
21 фев 2022, 12:19
Wlad,
hakyky jany bolsun özem şol mollym 5 ligi gaty seýrek goýýa şonnada şol mollymy gowy görýäs hemmämiz sebäbi okadýa
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:19
Karoçi akylly terbiyeli boluň bolmasa yöne mugallymlaryňam öz kelläňem biderek agyrdyp gezersiňiz (öz etmedik zatlarymy size maslahat beryän). Edil men yaly kelleagyry biri yokdur öydyän içiňizde onda-da aydayyn diyyän (tagam men maslahat beren-de siz şony aljak yaly bolşum towo menem bir interesny) obaly
Gulicka
21 фев 2022, 12:20
Mena yelmeyan Kimin cagasy bolsa bildirdenok Masgara edenem 5goyanlam Barsynyn depderini yuzlerine zyndym Pul berilyar Sons dozemok Yyrtbam bilyana
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:21
Wlad,
sebäpsiz çekeleşemokdum
Gulicka
21 фев 2022, 12:21
Arkanda Duryanlar 3likciler Birini oglum diyip soyyan birini Pokgujam diyip soyyan
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:24
Цитата: ýüreksözi
Wlad,
hakyky jany bolsun özem şol mollym 5 ligi gaty seýrek goýýa şonnada şol mollymy gowy görýäs hemmämiz sebäbi okadýa

Mugallymyň hökman agras tarapy bolmaly, "ýüz berseň ýüzin aşýarlar" diýip ýöne-ýere aýdylanok. Erkekmi aýalmy mugallymyňyz ?
S❤
21 фев 2022, 12:25
Tuweleme mugallyma durmusy, bilimi gowy dusundiripdir. Sular yaly mugallymlar kan bolsun. Konspekt yazfynmy dp bir list harplary ullllaaaaaaakn yazylan hatlara gol cekip baslik goyyanlaram azalsyn.
ýüreksözi
21 фев 2022, 12:25
Fashion,
mollym sizede maslahat şeýdip surat zat çekdirseňiz ýa uly klaslara doskada meýilnama düzdürseňiz türkmen dilinde iş depderiň daşyndan öwrediji tutdyryp morfologik sintaktik derňew etdirseňiz okuwçylaryňyz çalt öwrener sizdenem hoşal bolarlar
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:25
Цитата: Nairobi
Karoçi akylly terbiyeli boluň bolmasa yöne mugallymlaryňam öz kelläňem biderek agyrdyp gezersiňiz (öz etmedik zatlarymy size maslahat beryän). Edil men yaly kelleagyry biri yokdur öydyän içiňizde onda-da aydayyn diyyän (tagam men maslahat beren-de siz şony aljak yaly bolşum towo menem bir interesny) obaly

Sen interesny ))
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:29
Turkmen dili edebiyat sapaklarynda tema çykan klassdaşlaryma sorag berilse men paddeşka edip oturyadym her sapar mugallym göryä onam " Leyli tur" diyyän onsoň dusnukli her sapakda dik duryadym özem sorag beryä bilmesem ikilik goymak şerti bilen bilmän ikilik alan sapagym yok welin "Hany 5lik goyuňda bildimä" diysem "Sen aydylany edeňoga menem seň aydanyňy etjek däl yöne soraglary bilmesem 2lik" diyyädi. 60 yaşynda bolup meň bilen çekeleşmäge yaltananokdy şoda gy yogsa ruçkany zordan tutup yazya eli sandyrap duransoň obaly
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:30
Цитата: Fashion
Mena yelmeyan Kimin cagasy bolsa bildirdenok Masgara edenem 5goyanlam Barsynyn depderini yuzlerine zyndym Pul berilyar Sons dozemok Yyrtbam bilyana

Ýemleýäňmi ? Sen çyndanam mugallymmy ?
Leyli Amanowa
21 фев 2022, 12:30
diyyä* bilmeseň* masgara iki gezek yalňyş yazypdyryn
ýüreksözi
21 фев 2022, 12:31
Nairobi,
waheý dertdeş ekenik menem kömekleşýän ýöne nm üçindir her gezek kabak meň başyma patlaýa
Alp Arslan Chakyrbeyli
21 фев 2022, 12:34
2 3 sany mugallymyma namaz okamagy owredipdim. Klasdashlary Juma namaza akiderdim. Hazirlerem yatlayalar.
Alp Arslan Chakyrbeyli
21 фев 2022, 12:35
Klasdash dowrumiz 1 okuwchyny halamokdym. Okuw gutardy her kim oz yoluna gitdi. Gorup otyrsam shol okuwchy hazir in dertdesh oglanym boldy
Gulicka
21 фев 2022, 12:36
Da Wlad Gyzylarbatda Mugallym
Gulicka
21 фев 2022, 12:36
Bir gezek oglanlan yense damaryndan tutyan boldy gacyp yorler urjak bolsam
Hanguly
Автор 21 фев 2022, 12:37
Цитата: Nairobi
Turkmen dili edebiyat sapaklarynda tema çykan klassdaşlaryma sorag berilse men paddeşka edip oturyadym her sapar mugallym göryä onam " Leyli tur" diyyän onsoň dusnukli her sapakda dik duryadym özem sorag beryä bilmesem ikilik goymak şerti bilen bilmän ikilik alan sapagym yok welin "Hany 5lik goyuňda bildimä" diysem "Sen aydylany edeňoga menem seň aydanyňy etjek däl yöne soraglary bilmesem 2lik" diyyädi. 60 yaşynda bolup meň bilen çekeleşmäge yaltananokdy şoda gy yogsa ruçkany zordan tutup yazya eli sandyrap duransoň obaly

Heh :)
Gulicka
21 фев 2022, 12:38
Tn dili kan 1nji synpy aldym 21cagan barsy uruldy Birini urup birnuny banatdym. Indi kan beter urmaysny. Hemmesem sowgat berdiler Karici Soyulyan mugallym