Nemejanlar?!

Salam agzajanlar, oňatmysyňyz, oňat bolsaňyz bolýar. Meň ýagdaýlammy? Aý boljak, bir mydar bar. Siz soranyňyz bäri ganymat indi. Ýaňy @Pegas aga bir blog açypdyr. Okadym, okap utandym. Elbetde ol oglan uly şahyr ýöne, edil öz pikir edişi ýaly ul-a däl entek. Aýtmagyna görä, Suraý Babanyýazowaň goşgularyna düşünmeýän adam, poeziýa düşünenokmyşyn. Bu zenanyň zehinlidigini öňem köp aýdypdym, gaýtalap oturjak däl. Ýöne bir şahyry (ol kimem bolsa) poeziýaň derejesine çenli ýokary götermek, oňa düşünmedikler poeziýa düşünmeýär diýip mowzuk açmak näderejede dogruka. Döwründe Kerim aganam, Gurbannazar şahyram düşünmedikler, olary tankyt edenler tapylypdyr. Ýöne olar öz ýolunyň dogrulygyny, öz zähmeti, yhlasy, zehini bilen subut eden adamlar. Olaryň hiç birem galamdaş ýoldaşyny goramak üçin (ýallaklamak diýip düşünýän menä) ony beýik poeziýaň deňine çenli beýgeltmändirler. Sebäbi bir şahyr hiç haçan poeziýaň derejesinde beýik bolup bilmez. Muňa ol halypalar gowy düşünýärdi. Indi aýdyň eger Suraý Babanyýazowa (ýa-da islendik başga şahyr) bolmadyk bolsa, onda poeziýamyzyň derejesi peselermidi. Ýok! diýip jogap berýän men-ä. Sebäbi biz beýik poeziýaň, bolup bilsek, bir çagalary ýaly bolup bileris. Çagasynyň manysyzja sözlerine düşünmedigiň bilen beýik poeziýa düşünmezligiň arasynda ulurak tapawut barmyka diýýän. Pegasyň bu reklamalaryny näme sebäpden edýändigini onuň ynsabyna goýýas, ýöne bir şahyry beýdip çendenaşa öwüberseň, öňküje ýazýanynam ýazmazmyka diýýän. Eger sözlerim agyr degen bolsa, poeziýa düşünmeýänleriň adyndan ötünç soraýaryn...
4 лайков 804 просмотров
52комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
28 июн 2022, 13:18
Name üçin üçburç oý gurunsam tankytlanmaly?!...
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 13:18
Ahmedik_97,
Suratdaky özuňmi? Gyşda kastyumda üşemediňmi?
Pegas
28 июн 2022, 13:19
Ötegçi
Name üçin üçburç oý gurunsam tankytlanmaly?!...

+++
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 13:20
Ötegçi,
men-ä ölyän proza diyip yöne göwnumden turan eserler az :(
Belki
28 июн 2022, 13:23
Ahmedik_97,
Suraýy ýa-da başga bir şahyry okamaýanlygyñ seniñ poeziýa düşünmeýändigiñi añlatmaz.
Poeziýa - çuñ duýgy (pikir) şahyranalyk,ritm,delje tapyndylaryñ birleşmegidir.
Eger kimdir biri "Men ýürek duýgymy ýazdym" diýse,"ýürek duýgusynda"ýokarky sananlarym ýok bolsa "goşgusyny"il ýüzüne çykarmasyn!Özi üçin ýazan zadyny özi okasyn,otursyn.
Juda erk edibilmän ile çykardymy ilden geljek her dürli tankyda kaýyl bolsun!Töweregindäki ýaranjañlaryñ agzyny ýumdurmagy başarsyn!
Hiayress
28 июн 2022, 13:23
Pegas,
Ruh diýilýän zadyň özi hyýaly düşünje. Ylmy nukdaýnazdan garasaň, täsirlenen zatlarymyň täsirini özümçe beýan etmek. Ýagny, türk edebiýaty, din mifalogiýasy, sufizimiň mistikasy. Hmm... Bolýa seňki dogry bolsun. Şiraly şahyr: "Ýok, beýle sungata türkmen näbelet" diýýärmi?! Aý, poeziýa şol boljak bolsa onam öwrenmeli borda.
Ötegçi
28 июн 2022, 13:24
Nairobi, proza ýok hasaplaýan. Ýaşlarda. Kimler bardygy ýadyma düşenok baram bolsa..Ahmet Kule, Maksat Bäsim, Ahmet Mele, Seýran Otuz.... başga yadymda yok 30dan bardakilerden
Suleyman
28 июн 2022, 13:26
Inžener düşnükli,
Daýhan düşnükli,
Lyotçik düşnükli,
Şahyr diýilende haýsy hünäriň, haýsy ugruň wekilini göz öňüne getirsem bolýar?

Men gara çynym bilen soraýan.

Hemme goşgy ýazýanlara şahyr diýilýän bolsa, her bir ikileme, dörtleme, sekizleme görnüşde ýazylana (isle kapýaly, isle kapýasyz) "goşgy" diýilýän bolsa, onda şu aşakgam goşgy:

Men geldim,
Sen bildiň.
Gelişemem gowy,
Bilşiňem gowy.

Diýmek, hemme 4 setir ýazýana goşgy diýilmäýär, hemme goşgy ýazýanada şahyr diýilmäýär.
Onda şahyr kim?
Ötegçi
28 июн 2022, 13:27
Haýsydyr bir millet tegelek(togalak) öý görmani ýada düşinmeýäni üçin biziñ ak gara öýlermize at dakmaga haky ýokdur!
Pegas
28 июн 2022, 13:28
Hiayress, ýekeje zady anyk aýdyp biljek: men Suraýy mynasyp adamlar tankyt etse "hä" diýjek. Ýöne basan yzyça ýoklar sakgyç ediniberse, "hä" diýmerin))) Sebäbi iki tarapyňam döredýän zatlaryna belet. Hem edebiýatçy mugallym, hem edebiýatsöýer goşguçy hökmünde aýdýan şuny)
Ötegçi
28 июн 2022, 13:29
Dark_Wolf,
Şahyryñ kimdigni wagt kesgitleýän bolmasa gardaş
Ötegçi
28 июн 2022, 13:30
Pegas  on № 40Şu gün, 13:28

Hiayress, ýekeje zady anyk aýdyp biljek: men Suraýy mynasyp adamlar tankyt etse "hä" diýjek. Ýöne basan yzyça ýoklar sakgyç ediniberse, "hä" diýmerin))) Sebäbi iki tarapyňam döredýän zatlaryna belet. Hem edebiýatçy mugallym, hem edebiýatsöýer goşguçy hökmünde aýdýan şuny)



????

Hyýariýýäs gardaş dutaryñy her perdeden basyp görýäñmi?! :D
My life
28 июн 2022, 13:31
Gowy soraglar beripsiñiz tuweleme
Hiayress
28 июн 2022, 13:32
Dark_Wolf,
Şahyr - halkyň ýüzi, geçmişiň aýnasy. Wezipesi boýunça: terbiýeçä çalym edýär. Ol adamlar köpçüligini terbiýeläp, öňe gitmäne itergi berýän güýç bolup hyzmat edýär.
Waleryanka
28 июн 2022, 13:33
Menem düşünemok Suraýyň şol stilde ýazýan goşgularyna.Aýratynam
"Ýaşamak gowyyyyy
Ýaşamak gowyyyyy"
diýýän goşgusynda ýada "Siziň obaň garynjalary meň garyndaşlam" diýen setiri bolan goşgularyna hiç düşünmedim.Ýöne
"Ýaşlygymda galypsyň ýar.
Senden million dönüpdim ,ýar"
diýen ýaly biziň düşünýän "dilimizde" ýazan goşgularyny welin halaýan.
Onsoňam bir zat bar:Şu kitapçydaky @Taryhçy agza hakykatdanam Ýowşan Annagurbanow bolýan bolsa , şol adam ( ýaşuly ýazyjy ) ýöne möne eserlere beýle uly baha berýän biri däl boolmaly....
Belki
28 июн 2022, 13:33
Dark_Wolf,
Suraýyñky goşgy bolsa señkem goşgudyr :))
Ötegçi,
Meñ derdim forma däl.Şol formañ içinde ýokarky teswirdäki sananlarymyñ ýoklugy.Şuña seret:

"Belki-de konuşuyordur gözlerin
Ama ben gözce bilmem ki
Sessizce bilirim
Usulca bilirim"

Bulam formasyz.Ýöne heý şuña erbet diýip bolarmy?! Şahyranalygyna seretsene.Eger formadanam azat bolan bolsañ şeýle üytgeşik tapyndylary tapmaly.Beýlekileriñ formañ içinde tapýan tapyndylaryny Suraý formadan azatka-da tapyp bilenok.Bulam onuñ ýazanlaryny "goşgy" bolmakdan daşlaşdyrýar.
Waleryanka
28 июн 2022, 13:34
Menem düşünemok Suraýyň şol stilde ýazýan goşgularyna.Aýratynam
"Ýaşamak gowyyyyy
Ýaşamak gowyyyyy"
diýýän goşgusynda ýada "Siziň obaň garynjalary meň garyndaşlam" diýen setiri bolan goşgularyna hiç düşünmedim.Ýöne
"Ýaşlygymda galypsyň ýar.
Senden million dönüpdim ,ýar"
diýen ýaly biziň düşünýän "dilimizde" ýazan goşgularyny welin halaýan.
Onsoňam bir zat bar:Şu kitapçydaky @Taryhçy agza hakykatdanam Ýowşan Annagurbanow bolýan bolsa , şol adam ( ýaşuly ýazyjy ) ýöne möne eserlere beýle uly baha berýän biri däl boolmaly....
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 13:35
Men geldim,
Sen bildiň.
Gelişemem gowy,
Bilşiňem gowy.

Ine goşgy şu-la meň kelläme yatsam tursam geljek zatlar däl ?
Jeni
28 июн 2022, 13:37
Pegas,
Sen na bilýan bu yerdakilen Surayyn basan yzycha yoklugyny.Her kimem ozini shondan kem gôrenok .Dogry gúrlan.
Siz kim bolsanyzam birini kemsitmane hakynyz yok isle ol dayhan bolsun ,okuwly ya okuwsyz.
Suleyman
28 июн 2022, 13:38
Näme üçin öňki klassyklarymyzyňky ýaly ýeňiljek okalýan, emma manysyny termeli bolanda köp başyňy agyrdýan, gysgadan manyly, ömri uzak, tiz ýatda galýan we ýatdan çykmaýan şygyrlar düzülenok (döränok).
Biziň halkymyz janypkeş halk ahyryn. Gowy zadyň gadyrny bilýän, ezizleýän halk. Bir kitaby bir köşekli düýä çalyşýan millet.
Gumly gelin
28 июн 2022, 13:48
Massimus,
Size bir haýyşym bar jigim.Ol haýyş hem Suraý Babanyýazowañ haýyşy.Siziñ we beýleki agzalañ esli gün bäri öz goşgularnyñ üstünde edýän jedeli oña juda agyr degýä.Eger ol siz bilen,poeziýa bilen dawagär bolsady sizin arañyza gelip jedele girerdi.Öñem aýdypdym oñ hiç kim bn hiç hili dawasy ýok.Göwnüñdäkini setire salyp ile ýetirmek aýyp däldir-ä.Halan halar-Halamadyk halamaz.Umuman gadyrly agzalar şu gep-gürrünler bn sessiz-üýnsizje oturan gyz maşgalany ynjytýañyz.
Gadyrly@Massimus Suraýyñ haýyşy:"Gaýrat edip şol şol temalary pozaýsynlar!"
Öwreniji
28 июн 2022, 13:52
SAPA POÝEZIYANY ÖZÜŇ DÖREDENEM BOLSAŇ BÄŞ ÜÇ SANY AGZANY HALK HASAP ETMEÝÄN BOLSAŇ WE ŞOL AGZALARY BASGYLAN AÝAK YZA DEŇEÝÄN BOLSAŇ, ONDA SENIŇKI DOGRY.
aýdýan ýazgylaryňy okasaň şahyr poýeziýaçy, ýönekeý adamdan döräp bilmek ukyby ýok we hiç wagtam bolup bilmez. Ýagny Suraý Babanýazowanyň ýazan goşgusyny okamak üçin diňe özi bolup okanyňda, poýeziýa düşünýän okyjy bolmaly. Okyjylar sanyna girende welin bu okyjylaryň arasynda, Düşünýän kän bolup, poýeziýa düşünmeýän daýhan, çopan, biz ýaly agzalar aýak asty laý bolýan bolsa, muňa feodal poýeziýaçy diýäýmek boljak