Nemejanlar?!

Salam agzajanlar, oňatmysyňyz, oňat bolsaňyz bolýar. Meň ýagdaýlammy? Aý boljak, bir mydar bar. Siz soranyňyz bäri ganymat indi. Ýaňy @Pegas aga bir blog açypdyr. Okadym, okap utandym. Elbetde ol oglan uly şahyr ýöne, edil öz pikir edişi ýaly ul-a däl entek. Aýtmagyna görä, Suraý Babanyýazowaň goşgularyna düşünmeýän adam, poeziýa düşünenokmyşyn. Bu zenanyň zehinlidigini öňem köp aýdypdym, gaýtalap oturjak däl. Ýöne bir şahyry (ol kimem bolsa) poeziýaň derejesine çenli ýokary götermek, oňa düşünmedikler poeziýa düşünmeýär diýip mowzuk açmak näderejede dogruka. Döwründe Kerim aganam, Gurbannazar şahyram düşünmedikler, olary tankyt edenler tapylypdyr. Ýöne olar öz ýolunyň dogrulygyny, öz zähmeti, yhlasy, zehini bilen subut eden adamlar. Olaryň hiç birem galamdaş ýoldaşyny goramak üçin (ýallaklamak diýip düşünýän menä) ony beýik poeziýaň deňine çenli beýgeltmändirler. Sebäbi bir şahyr hiç haçan poeziýaň derejesinde beýik bolup bilmez. Muňa ol halypalar gowy düşünýärdi. Indi aýdyň eger Suraý Babanyýazowa (ýa-da islendik başga şahyr) bolmadyk bolsa, onda poeziýamyzyň derejesi peselermidi. Ýok! diýip jogap berýän men-ä. Sebäbi biz beýik poeziýaň, bolup bilsek, bir çagalary ýaly bolup bileris. Çagasynyň manysyzja sözlerine düşünmedigiň bilen beýik poeziýa düşünmezligiň arasynda ulurak tapawut barmyka diýýän. Pegasyň bu reklamalaryny näme sebäpden edýändigini onuň ynsabyna goýýas, ýöne bir şahyry beýdip çendenaşa öwüberseň, öňküje ýazýanynam ýazmazmyka diýýän. Eger sözlerim agyr degen bolsa, poeziýa düşünmeýänleriň adyndan ötünç soraýaryn...
4 лайков 804 просмотров
52комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
28 июн 2022, 12:44
Dayhandanmy şu Suray
Massimus
Автор 28 июн 2022, 12:46
danger,
Düşünmedim
Pegas
28 июн 2022, 12:46
Elbetde ol oglan uly şahyr ýöne, edil öz pikir edişi ýaly ul-a däl entek.

Şu saýtdakylaryň islendigi bilen jedele girip biljek derejede.
Döwründe Kerim aganam, Gurbannazar şahyram düşünmedikler, olary tankyt edenler tapylypdyr. Ýöne olar öz ýolunyň dogrulygyny, öz zähmeti, yhlasy, zehini bilen subut eden adamlar.

Suraý hem subut eden adam belli bir derejede.
Olaryň hiç birem galamdaş ýoldaşyny goramak üçin (ýallaklamak diýip düşünýän menä) ony beýik poeziýaň deňine çenli beýgeltmändirler. Sebäbi bir şahyr hiç haçan poeziýaň derejesinde beýik bolup bilmez.

Suraýa Suraýça bolup bilmeýänleriň ýa entek bolmadyklaryň dil ýetirýäni üçin goraýan.
Pegasyň bu reklamalaryny näme sebäpden edýändigini onuň ynsabyna goýýas, ýöne bir şahyry beýdip çendenaşa öwüberseň, öňküje ýazýanynam ýazmazmyka diýýän.

Reklama däl. Ýöne gowyny reklama etmegiňem aýby ýok. Suraý ýazar. Ol öwgä göterilýän biri däl.
Eger sözlerim agyr degen bolsa, poeziýa düşünmeýänleriň adyndan ötünç soraýaryn...

Agyr degmedi, ýöne barybir ötünjiňi kabul edýän Suraýyň adyndan.
Ahmet
28 июн 2022, 12:47
Massimus
Eger sözlerim agyr degen bolsa, poeziýa düşünmeýänleriň adyndan ötünç soraýaryn...
Duzlaýaň-aý...
Pegas
28 июн 2022, 12:48
Ahmedik_97
Massimus
Eger sözlerim agyr degen bolsa, poeziýa düşünmeýänleriň adyndan ötünç soraýaryn...
Duzlaýaň-aý...

Nirinde duz bar?
Hiayress
28 июн 2022, 12:49
Pegas,
Dogan, poeziýa diýmek türk edebiýatyndan we sufizmden täsirlenip aklyňa gelen sözleri (köp kişiniň düşünmeýän sözlerini) çyrşamakmy?! (gruby hem boldy öýdýän, aý borda)
Ahmet
28 июн 2022, 12:49
Massimus,
Şol blogynyň aşagyna ýazjakdym welin, soň teswirini bloklapdyr. Ony tanamasaň poeziýa düşüneňok diýäýdi?
Hiayress
28 июн 2022, 12:50
Öňem aýdypdym: Suraýyň az sanly gowy goşgulary bar, ýöne ýüzde, ýüz işlenmän, taraşlanman paýlaşýan beýleki goşgulary bu az sanly gowy goşgularynyň üstüni gömýär.
Pegas
28 июн 2022, 12:51
Hiayress
Pegas,
Dogan, poeziýa diýmek türk edebiýatyndan we sufizmden täsirlenip aklyňa gelen sözleri (köp kişiniň düşünmeýän sözlerini) çyrşamakmy?! (gruby hem boldy öýdýän, aý borda)

Ýok, poeziýa diýmek - awtoryň ruhy terjimehaly.
Awtoryň içki duýgularyny ýazmagy we oňa köpçüligiň düşünmezligi hiç erbet ýagdaý däl.
Jeni
28 июн 2022, 12:52
Pegas,
Sizin oziniz dilchi,shahyr.size soragym bardy.
Suray poeziyan haysy kadasyna eyerip ýazya(onam oz duzgunleri bar)
Pegas
28 июн 2022, 12:52
Ahmedik_97
Massimus,
Şol blogynyň aşagyna ýazjakdym welin, soň teswirini bloklapdyr. Ony tanamasaň poeziýa düşüneňok diýäýdi?

Ony bloklan ýok, özümem girip bilmän durun o mowzuga!
Pegas
28 июн 2022, 12:53
Jeni
Pegas,
Sizin oziniz dilchi,shahyr.size soragym bardy.
Suray poeziyan haysy kadasyna eyerip ýazya(onam oz duzgunleri bar)

Poeziýanyň kadasynyň bardygyny nirede okadyňyz?
Hiayress
28 июн 2022, 12:53
Pegas,
Awtoryň içki terjime haly halkyň döredijiligi bolan poeziýa bilen näme baglanşygy bar?! Içki terjime halyny içinde ýa-da kagyza ýazyp özünde saklasa bolmazmy?! Haçandan bäri poeziýa - bu meň poeziýa düşünşim ideologiýasyna öwrüldi?!
Pegas
28 июн 2022, 12:56
Hiayress
Pegas,
Awtoryň içki terjeme haly halkyň döredijili bolan poeziýanyň arasynda näme baglanşyk bar?! Içki terjime halynda içinde ýa-da kagyza ýazyp özünde saklasa bolmazmy?! Haçandan bäri poeziýa - bu meň poeziýa düşünşim ideologiýasyna geçdi?!

Poeziýa hemişe-de şahyryň ruhy terjimehalydy. Halk kim? Şu saýtdaky Suraýyň döredijiligine düşünmeýän 3-5 sany agzamy?
noname
28 июн 2022, 12:58
Narhozy gutaranmy şu Suray
Hiayress
28 июн 2022, 13:01
Pegas,
Ile, il-güne, halka peýda getirmeýän, derdine ýaramaýan, agysyny egismeýän, şatlygyna şatlyk goşmaýan, ýoluna ýagty salmaýan nerse - poeziýada däldir, döredijiligem. Suraý XIII asyrda ýaşasa-ýaşabersin, mistika, sufizm bilen gyzyklansa gyzyklanybersin, ýöne bu diýmek Suraýyň döredijiligi şu günki halka ýa-da geljekki nesile gerek bolar diýmegi aňladmaýar. Maýakowskiý aýdýara: "Hakyky şygryýet hemişe, hatda bir sagadam bolsa-da, durmuşdan öňde bolmalydyr" diýip.
Suleyman
28 июн 2022, 13:03
Bolýa, poeziýany bir gyra goýalyň. Maňa biriňiz "şahyryň" kimligini düşündirip beriňsene!

Şahyr - bu kim??
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 13:04
danger,
senem hemme kisi bn esen tanyş yaly
Belki
28 июн 2022, 13:04
Poeziýa düşünmek.
"Pylanyñ goşgusyna düşünmeýän poeziýa düşünmez"
"Düşünmek üçin kän okamaly".
Pylany diline gelenini "goşgy"ady bilen çyrşamaly bizem oña düşünmeýänimiz (aslynda düşünýäs neneñsi ýöntemdigine) üçin poeziýa düşünmeýän bolmalymy?! Aý,ýoga.
Poeziýa düşünjämiz haçandan bäri "Pylanyñ" goşgularynyñ üsti bilen ölçenilýär?
Ýa-da şeýle soraýyn:"Pylanyñ goşgulary" haçandan bäri Poeziýamyzyñ ölçeg birligi?
Geçmişden bu güne ençeme ägirtler düşlän poeziýamyza bolan garaýşymyzy ýeke adamyñ goşgularynyñ üsti bilen ölçemek öten-geçen şahyrlarymyza adalatsyzlyk dälmidir eýsem?Hemem birtaraplylyk dälmidir.Bu subýektiw garaýyşlar bir-ä şeýle garaýana zeper ýetirer birem şeýle garalýana.
Pegas
28 июн 2022, 13:05
Hiayress
Pegas,
Ile, il-güne, halka peýda getirmeýän, derdine ýaramaýan, agysyny egismeýän, şatlygyna şatlyk goşmaýan, ýoluna ýagty salmaýan nerse - poeziýada däldir, döredijiligem. Suraý XIII asyrda ýaşasa-ýaşabersin, mistika, sufizm bilen gyzyklansa gyzyklanybersin, ýöne bu diýmek Suraýyň döredijiligi şu günki halka ýa-da geljekki nesile gerek bolar diýmegi aňladmaýar. Maýakowskiý aýdýara: "Hakyky şygryýet hemişe, hatda bir sagadam bolsa-da, durmuşdan öňde bolmalydyr" diýip.

Men ýene ýaňky soragy gaýtalamaly bolýan: il-gün, halk diňe 3-5 sany agzamy? Hemem kim aýdypdyr Suraý XIII asyrda ýaşaýar diýip?! Mümkin, poeziýanyň geljegi Suraýyň şu stili bilen baglanyşyklydyr. Imenno men (we tanaýanlarymdan kän adam) şoň şu zeýilli goşgularyndan lezzet alyp bilýän.
Hiayress
28 июн 2022, 13:05
Dark_Wolf,
Öňem biri: "Şahyr dälileriň ideal görnüşimiş" diýerdi.))
Ahmet
28 июн 2022, 13:09
Belki
Poeziýa düşünmek.
"Pylanyñ goşgusyna düşünmeýän poeziýa düşünmez"
"Düşünmek üçin kän okamaly".
Pylany diline gelenini "goşgy"ady bilen çyrşamaly bizem oña düşünmeýänimiz (aslynda düşünýäs neneñsi ýöntemdigine) üçin poeziýa düşünmeýän bolmalymy?! Aý,ýoga.
Poeziýa düşünjämiz haçandan bäri "Pylanyñ" goşgularynyñ üsti bilen ölçenilýär?
Ýa-da şeýle soraýyn:"Pylanyñ goşgulary" haçandan bäri Poeziýamyzyñ ölçeg birligi?
Geçmişden bu güne ençeme ägirtler düşlän poeziýamyza bolan garaýşymyzy ýeke adamyñ goşgularynyñ üsti bilen ölçemek öten-geçen şahyrlarymyza adalatsyzlyk dälmidir eýsem?Hemem birtaraplylyk dälmidir.Bu subýektiw garaýyşlar bir-ä şeýle garaýana zeper ýetirer birem şeýle garalýana.

Ine menem şuny aýtjak boldumda. Ony tanamanym bilen meň poeziýa düşünmeýänimi aňladýarmy?
Pegas
28 июн 2022, 13:09
Ahmedik_97, sen düşünýäňmi poeziýa?
Hiayress
28 июн 2022, 13:10
Pegas,
Gurbannazary poeziýanyň şu güni edişleri ýaly, poeziýanyň geljegini hem islendik adamy edip bolar, iň bolman Kerim Hallynam, ýöne bu diýmek, ol hakyky poeziýa diýmegi aňladmaýar. Hakyky poeziýa hökmany ýagdaýda okyja diňe bir iki minutlyk duýgy däl, peýda, ömrüne şygar bermelidir.
Leyli Amanowa
28 июн 2022, 13:11
Näme uçin hiç kim prozaň dawasyny edenok?
Jeni
28 июн 2022, 13:13
Pegas,
Siz diyseniz ýokdur swist
Ýigrenýânim jedel.
Sizinki dogry.
Suraýa shohrat
Pegas
28 июн 2022, 13:15
Hiayress
Pegas,
Gurbannazary poeziýanyň şu güni edişleri ýaly, poeziýanyň geljegini hem islendik adamy edip bolar, iň bolman Kerim Hallynam, ýöne bu diýmek, ol hakyky poeziýa diýmegi aňladmaýar. Hakyky poeziýa hökmany ýagdaýda okyja diňe bir iki minutlyk duýgy däl, peýda, ömrüne şygar bermelidir.

Poeziýa peýda-da bermeli däl, şygaram bermeli däli. Poeziýa adam ruhuny açmaly. Bolany. Peýda bolmak, şygar bolmak... - o zatlar oň soňraky tapyljak ykbaly.
Ahmet
28 июн 2022, 13:16
Pegas
Ahmedik_97, sen düşünýäňmi poeziýa?

Ýok düşünemok. Poeziýaň kesgitlemesini aýdyp beräý:
Poeziýa — bu ... ... ... .
Pegas
28 июн 2022, 13:17
Ahmedik_97
Pegas
Ahmedik_97, sen düşünýäňmi poeziýa?

Ýok düşünemok. Poeziýaň kesgitlemesini aýdyp beräý:
Poeziýa — bu ... ... ... .

Diýmek, ýokarky teswirleri okamansyň. Gowja yzarlap oka.
Ötegçi
28 июн 2022, 13:17
Nairobi, goşguçy kan prozaçy ýok ýaşlardan.