???
1) 1600-1610 ýyllar aralygynda Fransiýada 2000 den köp intelligent we harby wepat bolupdyr. Olaryň arasynda ýekeje-de daýhan ýa-da senetçiň ýoklygyna üns beriň!
Sorag: näme üçin 2000den köpräk ölenleň arasynda ýekeje-de daýhan ýok?
2)Emir Alymhanyň döwründe köşkde bir wezipe bolupdyr, hatda oňa polkownik derejesi hem berilipdir. Emire ondan ýakyn baryp bilýän adam ýokdy. Diňe şol emire arkasyny öwürip oturyp bilipdir.
Sorag: onuň wezipesi näme?
3) Bir baý aýal öz hyzmatkärine, " ölsem emlägimiň belli bir bölegini saňa miras galdyrjak"- diýipdir. Hyzmatkär ol aýaly tizräk o dünýä ugradyp, baýlyklaryna eýe bolmagyň kül-küline düşendir diýip pikir edýänsiňiz! Gaýtam tersine, ol, aýalyň uzak ýaşamagyny isläpdir.
Sorag: näme üçin?
4) Biri öz gündeligine şeýle ýazýar:
Duşenbe – Howa açyk, gün gyzyp gitdi. Biz agşama çenli öýde ýatdyk.
Çarşenbe – Howa ýene açyk, eddil ýazyň howasy ýaly. Biz ýene şkafda.
Anna– Penşenbede az-owlak işlän ýaly bolduk, bu gün ýene bize iş ýok. Sa.msyk ýaly biri-birimize seredip geçirdik günümizi.
Ýegşenbe– O urrraa! Ahyry bizem köçä çykdyk. Maňlaýmyz gursunla, biz haçan köçä çyksak şol gün ýagyşly bolaýýa.
Sorag: gündelikdäki ýokarky ýazgyny kimiň ýazandygny biliň?
5) Iki-üç ýyllykda Fransiýanyň Marsel şäherinde "Adam-älem görki" temasynda sergi gurnaldy. Bölümleň birindäki goýulan predmetlar köpçüligi gaty gyzykdyrypdy. Ahyry bu eksponatlaryň näme üçin goýulandygna düşünensoňlar guramaçylaň fantaziýasyna haýran galdylar. Men size şol eksponatlaň nämedigni aýdaýyn: Harplyk kitap, bir bulgur şerbet, tüýdük. Dördünjini welin aýtjak däl, ony siz maňa aýdyň!
Sorag: dördünji eksponat näme?
Özüňizi barlap görüň

28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.