???

1) 1600-1610 ýyllar aralygynda Fransiýada 2000 den köp intelligent we harby wepat bolupdyr. Olaryň arasynda ýekeje-de daýhan ýa-da senetçiň ýoklygyna üns beriň!

Sorag: näme üçin 2000den köpräk ölenleň arasynda ýekeje-de daýhan ýok?


2)Emir Alymhanyň döwründe köşkde bir wezipe bolupdyr, hatda oňa polkownik derejesi hem berilipdir. Emire ondan ýakyn baryp bilýän adam ýokdy. Diňe şol emire arkasyny öwürip oturyp bilipdir.

Sorag: onuň wezipesi näme?



3) Bir baý aýal öz hyzmatkärine, " ölsem emlägimiň belli bir bölegini saňa miras galdyrjak"- diýipdir. Hyzmatkär ol aýaly tizräk o dünýä ugradyp, baýlyklaryna eýe bolmagyň kül-küline düşendir diýip pikir edýänsiňiz! Gaýtam tersine, ol, aýalyň uzak ýaşamagyny isläpdir.

Sorag: näme üçin?

4) Biri öz gündeligine şeýle ýazýar:
Duşenbe – Howa açyk, gün gyzyp gitdi. Biz agşama çenli öýde ýatdyk.
Çarşenbe – Howa ýene açyk, eddil ýazyň howasy ýaly. Biz ýene şkafda.
Anna– Penşenbede az-owlak işlän ýaly bolduk, bu gün ýene bize iş ýok. Sa.msyk ýaly biri-birimize seredip geçirdik günümizi.
Ýegşenbe– O urrraa! Ahyry bizem köçä çykdyk. Maňlaýmyz gursunla, biz haçan köçä çyksak şol gün ýagyşly bolaýýa.

Sorag: gündelikdäki ýokarky ýazgyny kimiň ýazandygny biliň?

5) Iki-üç ýyllykda Fransiýanyň Marsel şäherinde "Adam-älem görki" temasynda sergi gurnaldy. Bölümleň birindäki goýulan predmetlar köpçüligi gaty gyzykdyrypdy. Ahyry bu eksponatlaryň näme üçin goýulandygna düşünensoňlar guramaçylaň fantaziýasyna haýran galdylar. Men size şol eksponatlaň nämedigni aýdaýyn: Harplyk kitap, bir bulgur şerbet, tüýdük. Dördünjini welin aýtjak däl, ony siz maňa aýdyň!


Sorag: dördünji eksponat näme?




Özüňizi barlap görüň
4 лайков 477 просмотров
28комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
12 мар 2023, 18:21
2.Dellekçi.
Perman Izakow
12 мар 2023, 18:23
Zakowatda şeýle soraglar berilýädi.
Гость
Автор 12 мар 2023, 18:30
PROLIGA,
Ýok, dellekçi däl. Ünsli oka!


Hawa, "Zakowat" dan alyndy
Harmony
12 мар 2023, 18:46
1-2 sanysyndan başgasyny öň bilipdirin ekenim. Düzgüni pozmaýyn. :)

Soňky soragy beter haladym. Like şo soraga +++
Гость
Автор 12 мар 2023, 18:47
Granger,
4 bilen 5i bilipdiň )
Harmony
12 мар 2023, 18:48
Гость,
3emä tanyş çoto)
Гость
Автор 12 мар 2023, 18:48
Granger,
Beýlekileri täze, synanşyber olara
Гость
Автор 12 мар 2023, 18:49
Granger,
Ýok, 3i menden eşiden dälsiň tanyş bolsa-da
#B.S
12 мар 2023, 19:03
1. Duel sebäpli. Daýhanlara duelde atyşmak gadagan bolupdyr.
Galan seriyalarny görmändim
#B.S
12 мар 2023, 19:09
2. Siňek gonsa şony kowup durandyr ????
#B.S
12 мар 2023, 19:11
3. Belli bir bolegini diyipdir. Hazirki wagtda on baylygy azrak bolmaly onda son gowja bayadyp son oldurjekdir...
Гость
Автор 12 мар 2023, 20:20
Khanture
1. Duel sebäpli. Daýhanlara duelde atyşmak gadagan bolupdyr.
Galan seriyalarny görmändim

Hawa, daýhanlar meseläni ýumruklaşyp çözüpdirler
Гость
Автор 12 мар 2023, 20:21
Khanture
3. Belli bir bolegini diyipdir. Hazirki wagtda on baylygy azrak bolmaly onda son gowja bayadyp son oldurjekdir...

Köçesine girdiň. Jogabyň doly däl.

2nji ýalňyş
Hypatia
12 мар 2023, 20:45
4-nji
Biz ýene şkafda
saýawan ýa-da ädik
Retro
Retro
12 мар 2023, 21:01
Senem soňky wagtlar aýak aldygyndan paýlaşýan zatlaň köpeldi welin sebäbi näme?

Jogaplarynyň birinem bilemok. Özüň aýtgyn soňunda
Perman Izakow
12 мар 2023, 21:35
2.Häzirem bamy şolar ýaly wezipe?
Perman Izakow
12 мар 2023, 21:36
2njiň jogaby pikirmçe diňe gadymky wagtlara mahsus wezipe bolmaly.
Perman Izakow
12 мар 2023, 21:39
1,3,4,5-nji soragalar bir ýana 2-nji sorag bir ýana bolup dur.Jogabyna gyzyklanýan.
Nazar
12 мар 2023, 23:50
2. Arkasynda emiriñ permana gol çekyan kagyzyny goteryan bolmasa
Гость
Автор 13 мар 2023, 05:23
Hypatia
4-nji
Biz ýene şkafda
saýawan ýa-da ädik

Ädik
Гость
Автор 13 мар 2023, 05:29
Retro
Senem soňky wagtlar aýak aldygyndan paýlaşýan zatlaň köpeldi welin sebäbi näme?


Saýta gelenmiň sebäbini sora ilki gardaş. Saýt'a şol seň diýýän aýak aldygna paýlaşýan zatlammy paýlaşmaga geldim. Özüm halasam alyp goýýan endigim bar. Soň özümiňem paýlaşasym gelýä, bilmeýänleň habarly bolmagyny isleýän. Üýşüp gidipdir, ep-esli bolupdyr. Şol "amanatdan" dynjak bolýan.

Sebäbine düşündiň dälmi indi?
Гость
Автор 13 мар 2023, 05:30
PROLIGA
2.Häzirem bamy şolar ýaly wezipe?

Bar, ýöne biraz üýtgän görnüşde
Гость
Автор 13 мар 2023, 05:30
FanB
2. Arkasynda emiriñ permana gol çekyan kagyzyny goteryan bolmasa

Ýok
Pegas
13 мар 2023, 06:34
4. Tozan
Perman Izakow
13 мар 2023, 08:04
2.Massažir :)
Гость
Автор 13 мар 2023, 09:28
Pegas
4. Tozan

Ädik )
Гость
Автор 13 мар 2023, 09:31
PROLIGA,
Saňa kömek edeýin. Şol adam emir oturanda şona ýeňsesini görkezip, öňüne geçip otyrypdyr. Logikaňy işletseň aňsat tapýaň. Nähili kär, iş bar adamyň ýüzüne bakyp däl-de ýeňsäňi öwürip otyrylýan?
Perman Izakow
13 мар 2023, 09:55
Гость,
Şu soragyň jogaby maňa dert boldy özä ?
Гость
Автор 13 мар 2023, 11:59
PROLIGA
Гость,
Şu soragyň jogaby maňa dert boldy özä ?

Jogabyny bileňsoň "baýboww, bumy ýa" diýersiň. "Baýbow" diýdirýän jogap )
Harmony
13 мар 2023, 13:42
Sürüji, şopurmyka..
Paýtunçy