Zürýat (Perzent)

Bolgar ýazyjysy Nikolaý Haýtowyň bu hekaýasy maňa makul bolup, erkin görnüşde terjime edip, siz - gadyrdanlara hem ýetirmek islegi peýda boldy.

***
Eý, gardaşym, içim doly hasrat, siz soramaň men aýtmaýyn. Soraşdyraýyn diýseňiz, kelebiň ujy 40 ýyllyk ýatlama baryp direýär.
Şol wagty men ýaňy 14-e giren ýetim oglandym. Kakam hem, ejem hem, dünýeden biwagt gitdiler. Ejemi hassalyk ýykdy. Emma, kakam entäk-entäk ýaşaýyşdan göz ýumjak däldi, ony goňşymyzyň öküzi süsip öldürdi. Men enem bilen, Mamamyň garamagynda galdym. Enemiň sag elleri işlemän, hojalyk işlerinde kynçylyk çekip başlanda, Mamam meni öýlendirmeli diýen karara geldi. Menden "öýlenjekmi" diýip sorap hem durmady. Ol wagtlar seniň razy-närazylygyň hasaba alynmaýardy, garrylaryň özi bu işi bitirip goýardylar. Bir güni tötänden iki garry kempiriň maslahatlaryny eşidip galdym we Mamamyň bu pikiriniň çynlakaýlygyna düşündim. Enem başda "entäk ýaş" diýsede, emma Mamam "ýaşlyk galdymy, sesiniň ýognanyny syzaňokmy? Ýyldyzyna gabat gelýän gyz tapmak gerek" diýip, gürrüňi gysgadan çürt-kesik etdi.
Men ýigit kişiniň näme maksatda öýlenýänini düzüwli bilmesem-de, nähili gyz taparka diýip gyzygyp gezdim. Bir güni ýaýladan gelsem, öýümizde diňe uzyn boýy däl, hünäri bilen hem obamyzda 5 barmak ýaly tanalýan, bilbagyna hemişe gaýçy asyp gezýän tikinçi otyr.
Mamam:
- Ramazan, oglum, agaň saňa jalbyr tikip bermek üçin gelipdir. Reňkli jalbyr geýjekmi ýa-da adatdakysynymy? - diýip sorady.
Şundan artyk hiç zat soramadylar menden. Hatda, nika gyýyljak güni hem, toý güni hem meniň islegim bilen hiç hili gyzykmadylar. Tikinçi çarşenbe güni gelipdi, penşenbede reňkli jalbyr taýýar boldy. Juma güni bolsa toý başlady. Nagaralar, surnaýlar çalyndy. Daş gazanda bykyrdap çorba gaýnaýardy. Men bolsa entägem "Gelin kimkä?" diýen hyýalda. Ahyry çydaman enemden soradym.
- Gelin, bu obaly däl, dag tarapdan - diýip, enem gepi gysgaldyp, öz ýumuşlary bilen boldy. Men bolsa "Gelin ýaşajykmy" diýip soramana utandym. Hemmesi agşam aýan boldy. Molla nika okanyndan soň, gelin bilen ýalňyz galdyk. Hää, aýtmagy unudypdyryn, ondan öňünçä mamam meni bir çete çykaryp, uzak düşündirdiler.
- Sen ýaş çaga däl. Sen indi erkek kişi! Hakyky erkekligiňi şu gije subut et. Düşündiňmi? O ýer bu ýerini çümmükleseň hem... Ýogsa, obadaşlaryň öňünde masgara bolarys.
Mamamyň näme diýýänine düşünmän, ýere seredip duruberdim. Şondan soňra açykma-açyk hemme "gepi" ýekeme-ýeke düşündirip berdi.
Gelin bilen ýalňyz galanymdan soňra ýarym sagat gymmyldaman sessiz oturdym. Gürläýin diýsem, hyýalyma düzüwliräk söz gelenok. Başyndaky ýalygyny aýyraýyn diýýänem welin, elim baranok. Ahyry, onuň özi ýüzüni açdy. Men oňa garry aýaldyr öýtsem, özüm bilen deň-duş ýaş gyz eken. Ap-akja, gözleri göm-gök, kirpikleri uzyn-uzyn. Hamala, Aýa seredýän ýaly, bu näzik gyza aňkarylyp galypdyryn. Ol birden güldi-de:
- Utanýaňmy?- diýip sorady.
- Hawa... Azajyk...
- Nämeden utanýaň? Jalbyryň juda owadan ekeni. Bilbagyň hem. Pyrlanmaç oýnamalymy?
Men "hawa" ýa-da "ýok" diýip ýetişmänkäm bilbagymdan tutup çekdi. Kä ol çyr-çyr aýlandy, käte men. Şu zeýilde horazlar gygyrýança oýnadyk. Birden Mamamyň aýdanlary ýadyma düşip, oýlandym. "Häzir daň atar. Soň gelip sorar". Gyz hyýala çümenimi syzypdyr, sebäbini sorady. Men hemme gürrüňi gizlemän oňa aýtdym.
- Şonuň üçin hem gaýga batylarmy?- ol şeý diýdi-de, bir zatlar etdi welin, burnundan gan geldi. Bu gany kimlere görkezdi, soň nämeler boldy, bilemok. Bar bolan gep şu, toýdan soň biz Silwina bilen rahat ýaşap başladyk. Onuň ady indi "aýal" bolsada, aslynda gyzdy. Men Silwinany has hem beterräk gowy görüp başladym. Ýüregimiň rişteleri oňa tarap towsunybererdi. Ahyrynda bolsa şol riştelere goşulyp, ýüregimi hem teýi-teýkary bilen soguryp alyşynyň mümkinligini bilmändirin.
Durmuşymyz haýal akýan suw mysalydy. Ýöne biz suwuň astynda arzuwlarymyzy puja çykaryjy böwetleriň barlygyny unudypdyrys. Silwina hemişe öý ýumuşlary bilen başagaýdy. Eneme serederdi, ýaýladan gaýdyşmyza nahar taýýarlap goýardy. Öýümiz hemişe arassa. Howluny güllere büräp taşlady. Özi çalasyn, näzik, erkin gyzdy. Her güni altynreňk saçlaryny darap, örerdi. Sähel gyradan seretseňiz, saçy sary däl-de, gyzyla meňzäp towlanardy. Ýene uzagrakdan seredilse, saç däl-de - tyllanyň özi! Meniň beýhuş bolup synlap duranymy gören Mamam, derhal, damagyna agrap berip, ägä edip goýardy.
- Hany, Ramadan, geçiler açlykdan ölüp galmasyn birden. Haýda!
Şu geçiler käwagt jynyma düşýär. Irdenden agşama çenli başyny otdan galdyrmaýalar. Geçi diýilýäniň garny kiçijik bolsa-da, dünýäniň hemme otuny iýsede doýmasa gerek. Men janawerleri otluga sürip, ýene şirin hyýallara berilip, Silwinany ýatlaýan. Tiziräk gün garalyp başlasa, menem öýe gaýtsam. Emma Gün dik depämden gitmeýän ýalydy. Bataýyn diýenok. Käte gaharyma elimdäki taýagym bilen dürtip göýberesim gelýär. Kämahalam ýere dürtip düşürip, gömüp goýasym gelýär. Diňe gije bolsa, hiç daň atmasa. Men diňe Silwinanyň ýanynda turman ýatsam, saçlaryny sypalasam.... Men oňa Filibadaky uly bazara baranymda elbetde uly darak alyp gelerin diýip, wada beripdim. Emma, wadamy ýerine ýetirmän uýada galdym.
Bir güni mamam bilen bugdaý oragyna gitdik. Öýe howlugyp, intizarlyk bilen gaýdyp gelsem, gelin ýok! Öý huwwuldap dur. Silwinany agalary zorlap alyp gidipdirler. Biçäre mamam naçarlykdan göz ýaşa bogulyp aglady.
Ganym gaýnap gitdi. Pyçagyň sapyndan mäkäm tutanymy gören mamam, elime ýapyşdy-da: "tanapy uzat!"- diýip eneme tarap gygyrdy. Enem derrew buýrugy berjaý etdi. Mamam meni daragta mäkäm daňyp goýdular.
- Aklyňa aýlan, oglum! Sen maňa diriligine gerek. Men entäk agtyk sesini eşitmek isleýän. Hasan Durwişew nesliniň tükeýşine ýol bermerin! Owal, özüňden zürýat galdyr, ana şondan soň bileniňi ediber.
Mamam şeý diýdi-de eşege münip, dag obasyna tarap ýola düşdiler. Azajyk ara açyp, yzyna öwrülip, eneme tarap:
- Durwişewiň neslini saklap dur! Elini çözseň, kelläňi alaryn! - diýip gygyrdylar.
Enem hem mamamyň häsiýetine belet bolonsoň, buýrugy sözsüz berjaý etdi. Her näçe ýalwarsamam boşatmadylar. Ýüregim gobsunyp, ýarylyp gideýin diýsede, mamamyň gaýdyp gelişlerine garaşmakdan özge çäräm ýokdy. Silwinanyň agalaryna ynsap ber diýip, Hudaýa nalyş etdim. Şu durşyma ertire çenli oturdym. Daň atanda mamam geldi. Eşegiň çalt ýöräninden agzy köpürjikläp gidipdir. Ýoly gysgaltmak üçin tikenzarlykdan geçipdirler öýdýän, mamamyň eşikleri elem-tasdy. Mamam salamymy hem alman, meň elimi çözdülerde, öýe südräp girizip, gapyny daşymdan gulpladylar. Iki garry goňşy otaga girdiler. Bu iki otagy ýukajyk diwar birleşdirýärdi. Ýokardaky köne eski mata dykylan tüýnük arkaly olaryň gürrüňlerini arkaýyn eşidip bolýardy.
- Gelinden aýrylaýdyk öýdýän! - diýdi mamam, agyr dem alyp. - Bihaýa agalary onuň entägem gyz ekenini bilip, Rufada iki geçi öwezine satypdyrlar.
- Indi näme bolar?
- Näme bolsun, Rufada nikalap bererler.
- Hiç hili çykalgasy ýokmy?
- Nähili çykalga? Kesekiden dörän çagany garnynda göterip ýören gelini başyma ýapaýynmy. Durwişewleriň gany şu güne çenli bozulmady, mundan beýläk hem bozulmaz.
- Indi näme ederis onda?
- Näme etmelidigini özüm bilerin. Rufat bu dünýä gelenine puşman eder entäk. Goşa atary maňlaýyndan dirärin. Ýöne häzirlikçe oňa degip bilmeýän. Owarram, entäk keýpini sürsin biraz, çydaryn. Owal, Ramadanyň çagasynyň owazyny eşideýin, soňra görübereris....
Bu gepleri eşidip, daş dek gatap galdym. Gün dogany mähetdel, mamam mollany alyp geldiler. Kurany orta goýup, maňa "sögüşmeýän, uruşmaýan, özümi derýa taşlamaýan, janyma kast etmeýän" diýip kasam içdirdi. Haçan başga nikadan perzentli bolanymda soňra bu kasam güýjüni ýitirýän ekeni.
Şeýtdi-de, ygtyýarymy jylawlap goýdy. Hemme derdimi içime ýuwutdym. Ýüregime igne sanjylyp eleme-deşik bolup gidene dönerdi. Silwinanyň oba gaýdyp gelenini eşdenimde, özümi zordan sakladym, däliremegime az galdy. Rufatlar diwarymyz degişip duran goňşymyzdy. Emma, Silwinanyň gaýdyp gelenini hiç kim görmändi. Bir aýa çenli ol hatda howlusynada çykmady. Soňra wakalar has aýdyňlaşyp başlady.
Silwina maňa durmuşa çykyp, howluda öý ýumuşlaryny edýärkä Rufat ony bir göreninden aşyk bolup galypdyr. Diwardan göze ilmez tüýnükçe açyp, ony ogrynça synlap oturar ekeni. Rufat menden ýedi ýaş uludy. Emma, ne odun ýygmana giderdi, ne meýdana işlemäne giderdi, ne gassap kakasyna kömekleşerdi. Bileni-biteni bikärlik, öte işýakmaz ýaltady. Olaryň iki sany semiz geçisi bardy, boýnundan jaňjagaz asylgydy. Silwinanyň Rejep we Omar diýen çopan agalary ana şolar ýaly geçi üçin özüni dagdan taşlamana taýynlaň taýpasyndandy. Rufat olaryň şu gowşak tarapyndan peýdalanypdyr. Rejep bilen Omar şol geçilere hyrydar bolanlarynda, ol namart geçiniň öwezine Silwinany sorapdyr. Jigileriniň entägem gyz ekenligini bilenlerinde, olar Rufadyň şertine razy bolupdyr.
Men Silwinany juda-juda göresim gelerdi. Ýöne, wagşy Rufat aýalyny hiç öýden çykarmazdy. Oýlanyp-oýlanyp çäresini tapdym: gün garalan badyna, agaç sütüni penalap, Rufatlaň derwezesine seredip ýatdym. Onuň derwezesi juda kiçidi. Şonda-da içeride çyra ýakylsa, gözüm käbir zatlary saýgarardy. Tegelek hantagtanyň başynda oturyp naharlandylar. Soňra hantagtany gyra süýşürdiler. Soňra... düşek ýazyldy. Soňra Rufat bilbagyny çözdi. Silwina bolsa oňa seretmän, başyny egip durubererdi. Rufat ony bagryna basdy.
Onuň öýünde kerosin çyra alowlap ýanýar, meniň kalbym bolsa şamçyrag ýaly sönýäne meňzärdi. Ýüregim urmasyny bes eden ýalydy. Dem alyşym kynlaşdy. Aslynda, ýüregim öňküsinden çalt urýardy, bedenim gazapdan titrärdi.
Meniň tamyň depesine çykyp seredýänimi syzan enem, mamama aýdyp bereninde:
- Işiň bolmasyn, serediwersin - diýdi mamam. - Gahary gozgaýan bolsa, indiki nika gijesinde gelniniň burnuny ganatmanjyk geçer.
Mamamyň hak ýa-da nähaklygyny pikir edip oturamok. Emma onuň gahar-gazap hakyndaky sözleri çyndy. Eger adamyň derdi aşyp gitse, gahar-gazaby ony bu azapdan halas edýär. Içine saman dykylan ekin garantgysyny gördüňizmi siz? Daşyndan adama meňzeýär. Içinde samandan başga hiç zat ýok. Ýüregi hem, süýegi hem ýok. Oňarylyp dykylan saman onuň kaddyny dik saklap durýar. Gaharymyň hemmesi Rufada gönükdirilen. Rufat bir minut hem hyýalymdan gitmezdi. Meýdanda hem, ýaýlada hem ony oýlaýan. Irdenem, agşamam ony öldürmegiň ýollaryny gözleýän. Palta bilen çapyp taşlasammykam ýa-da garnyna pyçak sokup towlap-towlap alsammykam? Şeýdenim gowy ýaly. Derrew ölmez. Gyýnalyp azap çeker. Içege-garnyny aýagym bilen depeläp, humardan çyksam. Ýok, bu hem bolmaýar. Ýeterlikçe azap çekmez. Bogup öldürenim makul. Azajyk bogup, soň göýbersem, soň ýene bogsam... Ýok, muny başarmak kyn... Şu zeýilde ony müň gezek öldürip, derisini sypyryp, müň gezek direltdim. Başym çaşyp gitdi. Ellerim titräp, dişlerim kagşaýan bolup galdy. Ekin garantgysy samany bilen ýanyp gitdi - men bir bölek läş bolup galdym.
Mamaň meniň ahwalymy görüp, aljyraňlyga düşdiler. Dogrusyny aýtsam, mamamyň aladalary meniň ýagdaýymyň üýtgäninden däl-de, belki Durwişewleriň öwladynyň, zürýatlarynyň takdyrynyň kül üstünde ekenliginde. Günler geçip, biraz özüme gelenimden soň, elimden tutyp Trigrada - tebip Aýşa kempiriňkä alyp bardylar. Ol maňa dürli ot-çöplerden taýýarlanan dermanlardan içirdi, bedenime nähilidir bir porsy ýapraklary sürtdi. Bir hepdeden soň, burnumyň ýeli köşeşdi. Şonda-da mamam meni oba alyp gaýtmana howlukmady. Aýşa kempire: "näme etseň edersiň, ýöne, oglum är ýigit bolmagy şertdir" diýip taşlap gitdi.
Başyma ýene bir bela ýolukdy: ajy dermanlaryň azabynda galdym. Aýşa kempiriň tebipçiligimi ýa-da ýaşymyň ulalmagy sebäp boldumy, birnäçe aýdan soň özümi başgaça duýyp başladym. Ana şondan soň mamam ýetip geldiler.
- Indi öýlendirsemem bolýar. Rufadyň ganynyň akyşyny göresim gelip, däli-hijran boldum - diýdi mamam.
- Meni isleseňiz öýlendiriň, isleseňiz diriligime gömüp taşlaň, emma Rufat bilen işiňiz bolmasyn. Onuň bilen özüm hasap-hesip etjek.
Kän çekişmelerden soň, mamam boýun boldy. Rufada elim degirmen diýip ant içdiler. Men Trigradyň özünde öýlendim. Bu gezek nika gijesinde pyrlanmaç oýnamadyk. Hemmesi aýdylşy ýaly boldy. Aý-günler geçip, çaga hem doguldy.
Mamamyň şatlygyny, guwanyp-guwanyp gülenlerini kakam öleninden bäri görmändim. Agtygyny eline alyp, begenjini saklap bilmeýärdi.
Soňra... aradan üç gün geçip, duýdansyz ýanyny ýere berdiler. Jany sag gezip ýörkä, ýanbaşyna ýere ýazylyp, ýylgyrdylar, gabaklary çökdi. Soňra maňa dikanlap seretdi-de:
- Hudaýa şükür, Durwişewleriň zürýady dowam etjegini gördüm. Kakaňa bu haýyrly habary ýetireýin. Rufadyň janyny bolsa seň eliňe tabşyryp gidýän.... Şeý diýdiler-de aňsatlyk bilen jan berdiler.
Ine, molla Ramadan, egniňizdäki ýük hem düşdi. Bir elde duşmanyňyz, bir elde ogluňyz we aýalyňyz! Hötdesinden gelermikäňiz?
Içine saman dykylan bolsa hem, ekin garantgysy diregsiz durup bilmeýän ýagdaýa düşdi. Başym hojalyk aladasyndan çykanok. Geçileri otlukda gezdirmek gerek, meýdanyň işleri hem meniň boýnumda... Ýüregim bilen kalbym bolsa gassap Rufadyň ellerinde - islendik hyýala salýalar.
Owal, oglumyň biraz ulalmagyna garaşdym. Çaga süýtden aýrylyp, nahara öwrense, Rufadyň garnyny ýararyn... Bu wagt aralygynda Silwina hem çagasyny göterip howla çykyp başlady. Uzak ýoldan gelen ýaly howluda ýuwaş ädimläp gezerdi. Ýüzi ýapynja bilen örtülgi. Kawagt, biziň howlumyza tarap ogryn-ogryn serederdi. Men diwardaky tüýnükden, Rufat bolsa gapysyndan garardy. Aýalym hem meni kän yzarlady. Bolsada ol gabanjaň däldi. Näme üçin diwaryň ýanynda uzak wagt dursamam üns bermezdi. Aglap-aglap özüni köşeşdirerdi.
Günler şu zeýilli geçip durdy. Ekinden hem, baýyrdan hem agşamdan öň gaýdardym. Utanç bolsa hem diwardaky deşikden dikilip durardym. Silwinany görsem görýän, bolmasa uzakly gün Rufadyň derisini sypyrýan, bogýan, zäherleýän. Öldürmegiň näçe görnüşi bar bolsa, hemmesini edip görýän. Şonda hem köňlüm rahat bolonok. Rufady öldürmäge çynlakaý karara geldim. Elime pyçak hem aldym. Emma, bu işim üçin zyndana düşjegimiň anyklygyny, ol ýerdäki diwaryň deşiginden ogrynça Silwinany görüş mümkin däldigini oýlanymda, pikirimden gaýdýan.
Günleri gün, aýlary aý, ýyllary ýyl kowup geçiberdi. Çagalar dogulyberdi. Durwişewleriň damary ýaýylyp köpeldi - mamamyň arzuw edişlerinden hem zyýadarak boldy. Mamamyň zürýat hakyndaky aladalaryna indi hiç hili orun galmady. Rufatlaň howlusy bilen aramyzdaky tagta diwar hem çüýredi. Emma ar alyş könelmedi, kesmeli dişlerim çüýremedi. Amala aşmadyk arzuwlar sönmedi.
Rufadyň gassaphanasyny ýapdylar. Dert üstüne dert bolup, ýaşlykdaky bikärçilikleri, arakhorlugy miwe berip başlady: hassalyk oňa azar berip başlady. Ol nadan şonda hem aklyna aýlanman, tersine, derdi dert bilen çykararlar diýip samagona oturdy we ahyry ymykly düşege baglandy. Gyzy başga obaly birine durmuşa çykandan soň, Silwina enwalid äri Rufat bilen ýalňyz galdy. Bir güni güýçli şemal bolup, aradaky çüýrän tagta hem uçyp gitdi. Köp oýlanyp durman Rufatlara hut öz öýüm ýaly girip bardym. Birinji gezek üçümiz bir ýere toplandyk. Kyrk ýyl aýraçylykdan soň gözlerimiz indi sataşdy.
Men hem Hudaýyň bir günäkär bendesi ahyryn, gadyrdanym, şu duran ýerimde şeýtanyň was-wasasyna berilip, Rufadyň göz öňünde Silwinany bagryma basmakçy, onuň bolsa hasratdan azap çekişini tomaşa etmegi pikir etdim. Tamyň üstünde tagta agajy penalap synlap ýatan gijelerim ýadyma düşdi. Barybir "Ol haýwanlyk eden bolsada, sen adam ahyryn!" diýip, was-wasy edýän şeýtany kowdum.
Indi gatnaşyklaryňyz nähili diýýäňmi? Wah gadyrdanym, şu ýerini aýdasym gelenokda. Gatnaşyklar öňki-öňkülik. Rufadyň hemişe sowukdan kagşaýanyny diýjekmi. Odun getireýin diýse, eşegi ýok. Silwina gyýnalmasyn diýip odunlaryny hem men getirip berýän, peçlerini hem men ýakyp berýän. Her güni bir eşek odun getirýän. Barybir ýetenok. Tebigaty goraýjylar jerime salarys diýip azgyrylyp gidýäler. Şondan bäri derýany kesip geçýän.
Meni kyrk ýyl bäri kä o:t üstünde, käte buz üstünde aýak ýalaňaç saklap gelen bendäni gyzdyrmak üçin janymy jepbara berýän. Etmäýin diýsemem bolonok. Silwina rehmim gelýär. Käteler naharyny hem men agzyna tutyp berýän. Käte hem, aýyp bolsada aýtmaly bolýan, aşagyny hem arassalamaly bolýan. Silwina näzik aýal, beýle işlere öwrenişmedik. Şonuň üçin Rufadyň başujynda perwana men. Goňşy-golamlarymyz: "Goňşy diýeniň Ramadan ýaly bolaýsa" diýip, öwüp, şanyma doga ederdiler. Şeýlede bolsa, hiç kim içimdäkini bilmezdi. Içimde o:t gaýnaýardy. Öljek bolsa, tiziräk ölüp dynsa-da, haçan Silwina öýlenip, är-aýal bolup, bir düşekde ýatarkam diýerdim. Emma Rufat öler ýaly ýaly däldi - hakyt meni masgaralaýana meňzeýärdi. Ol ölenogam, düzelenogam. Wagt bolsa geçip dur. Dyzlarymda güýç galmady, aýaklarym titreýär. Bu ahwal dowam ediberse, meň pikirimçe Silwina bilen är-aýal dek ýatsak hem, aga-jigi ýalak bolup galarmykak diýýän. Rufat hem kösenýär, biz hem. Biçäre iki ýyl bäri dowzahyň gapysyny kakyp ýatyr. Açylsa bolmaýamyka şo gapy! Bogup öldüreýin diýsem, elim baranok. Bir - iki gün odun getirmän, sowukda goýsam, işini bitirýä welin, emma, Silwinanyň umydygär gözlerine gözüm düşse, eşigimiň öňüne düşip, daglyga tarap ýöränimi özümem duýman galýan.
Näme etjegimi bilmän, başym agyrdy. Eger pikiriňiz ejizlik etmese, maňa bir degerli maslahat beriň. Bolmasa, ana şol görünýän odunlary eşegime ýükleşiň. Tiziräk baraýyn men, bolmasa mysalasy guranyň sowukdan dişleri şakyrdap ýatandyr.


Soňy.
7 лайков 193 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
12 мар 2023, 14:25
Hemmesinden beter Ramadanyň aýalyna ýüregim awady.
Leyli Amanowa
12 мар 2023, 14:27
Terjime gowy bolupdyr
Гость
12 мар 2023, 18:33
Gowy, gyzykly hekaýa eken. Gadymy türkmen durmuşyny hem suratlandyrýan ýaly. Öňler bizde-de äri ölen maşgalany hossarlary alyp gider ekenler, çagalaryny galdyryp. Äkidibem satar ekenler.

Terjime gowy, ýöne şu "mama" sözüni ýalňyşyrak terjime edipsiň öýdýän. Şol söz "ata" bolaýmasyn. (Belki men ýalňyşýandyryn)
Suleyman
Автор 12 мар 2023, 19:49
Гость
Gowy, gyzykly hekaýa eken. Gadymy türkmen durmuşyny hem suratlandyrýan ýaly. Öňler bizde-de äri ölen maşgalany hossarlary alyp gider ekenler, çagalaryny galdyryp. Äkidibem satar ekenler.

Terjime gowy, ýöne şu "mama" sözüni ýalňyşyrak terjime edipsiň öýdýän. Şol söz "ata" bolaýmasyn. (Belki men ýalňyşýandyryn)


Bäh, şeýlemikänaý. Eýýäm 2nji adam şeý diýýär. Atany - mama edäýdimmikäm
Гость
12 мар 2023, 19:59
Dark_Wolf,
Ata ýa-da Babadyr şol söz