Agzalar, mir minut gelip gidiň!
Salam agzalar, gowymy ýagdaýlaryňyz?
Düýn Nirwana doglan günümi gutlap tema açypdyr. Sag bolsun. Bizi sylany Alla sylasyn. Şol ýerde käbir agzalary, @Massimusy we @Darky (belki başga-da bardyr) Nirwananyň "jan" sözüni ulanmagy gaty biynjalyk eden ýaly göründi birhili. Jan sözüni kesä çeker derejede akyl-huşyňyzam-a kemter däl. Aňly-düşünjeli agzalar hemmäňizem. Jan sözüni ene-ata, dost-dogana, aga-jigä garşy ulanmak obyçno ýagdaý hasaplaýadym menä. Nirwana-da şeýle hasaplansoň ulanan bolmaly şol sözi. Il arasynda bir gowy söz bar, urjak gizläp geler urmajak gezäp diýýä. Bu ýerde näme üçin Onuň (Nirwananyň) şol sözüni kesä çekeniňize, ýaňsylanyňyza hiç düşünip bilmedim. Bu nä boluş? Gizlin zatlar, gizlin hasaplanan zatlar aç-açan köpçülikde aýdylmaýandygy bu uže duraga ýasno zatdyrla. Ýüreginde zat ýok biriniň maňa "jan" diýmesini gönümel kabul edip bilmegiňize näme zat päsgel berdi? Haýsy herekedi siziň şol söze müňkür bolmagyňyza sebäp boldy beýle? Başga birleri şol siziň bolşuňyz ýaly bolanda oňa meň şu ýazanlarymdaky zatlary aýdyp düşündirmeli agzalaryň gaýtam özleriniň şeýtmegi birhili obydno gelýä. Maňa-ha siziň näme hakda pikir edeniňiz, näme hakda oýlanyňyz bir köpük. Ýöne, bu ýerde gürrüň Nirwana baradadygy biynjalyk edýär. Siziň şol kommentleriňizi okan, ony tanamaýan biriniň Ol barada nähili pikir etjekdigi barada oýlamadyňyzmy? Gaýrat ediňow agzalar, bu derejä barmaň! Ýok zady gözlemäň!
Indem nähili düşünesiňiz gelse keýpiňiz kelläňizde

31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.