Agzalar, mir minut gelip gidiň!

Salam agzalar, gowymy ýagdaýlaryňyz?

Düýn Nirwana doglan günümi gutlap tema açypdyr. Sag bolsun. Bizi sylany Alla sylasyn. Şol ýerde käbir agzalary, @Massimusy we @Darky (belki başga-da bardyr) Nirwananyň "jan" sözüni ulanmagy gaty biynjalyk eden ýaly göründi birhili. Jan sözüni kesä çeker derejede akyl-huşyňyzam-a kemter däl. Aňly-düşünjeli agzalar hemmäňizem. Jan sözüni ene-ata, dost-dogana, aga-jigä garşy ulanmak obyçno ýagdaý hasaplaýadym menä. Nirwana-da şeýle hasaplansoň ulanan bolmaly şol sözi. Il arasynda bir gowy söz bar, urjak gizläp geler urmajak gezäp diýýä. Bu ýerde näme üçin Onuň (Nirwananyň) şol sözüni kesä çekeniňize, ýaňsylanyňyza hiç düşünip bilmedim. Bu nä boluş? Gizlin zatlar, gizlin hasaplanan zatlar aç-açan köpçülikde aýdylmaýandygy bu uže duraga ýasno zatdyrla. Ýüreginde zat ýok biriniň maňa "jan" diýmesini gönümel kabul edip bilmegiňize näme zat päsgel berdi? Haýsy herekedi siziň şol söze müňkür bolmagyňyza sebäp boldy beýle? Başga birleri şol siziň bolşuňyz ýaly bolanda oňa meň şu ýazanlarymdaky zatlary aýdyp düşündirmeli agzalaryň gaýtam özleriniň şeýtmegi birhili obydno gelýä. Maňa-ha siziň näme hakda pikir edeniňiz, näme hakda oýlanyňyz bir köpük. Ýöne, bu ýerde gürrüň Nirwana baradadygy biynjalyk edýär. Siziň şol kommentleriňizi okan, ony tanamaýan biriniň Ol barada nähili pikir etjekdigi barada oýlamadyňyzmy? Gaýrat ediňow agzalar, bu derejä barmaň! Ýok zady gözlemäň!


Indem nähili düşünesiňiz gelse keýpiňiz kelläňizde
10 лайков 528 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
23 июл 2023, 23:50
Men aýtdym dogan okaşamyzda şo saýtdakylaram çagyralyň, bir rahat ýatsynlar diýip. Ömür meni priznawaýt edeňzokda...

Degişýän. Nirwana ikiňizi we başga agzalary hem tanap aňyrsyna geçýändirlerle gy, tanarça wagt bireýýäm boldy welin, bilgeşleýin ýaly birhili... Ulaltmaýyn diýip goşulmandym, maňa hem ýakmady 2-3 sany teswir.

Onsoňam Jan sözüni menem ulanýan, daže radnoý sözünem.

Galanam näme "her kim özüne osar"

Gynanýan ýerim hapa, musur zatlarda şeýdilenok. Tersine heňlän miwe ýaly çalt ýaýraýar.
Harmony
23 июл 2023, 23:50
Gostjan Eneşjanam çagyrmaly ekeniňdä. O günjik saýta üýşeliň diýşip otyrdyga...
DonMaxx
24 июл 2023, 06:26
hany men o blogam okayyn onnan adalatly cozip beryan razborkanyzy obaly
Yusup
24 июл 2023, 07:20
Her aydylan sozleri analiz etsen onda Turkmenler biri birini pychaklar. Turkmen gurlan wagty anyrsy ganly sozleri aydyar.
Gunay
24 июл 2023, 12:01
"Herkimiñ öz hakykaty bar"diýerdi...Kelle agyrdarlyk mesele däl.
' Uzak we manyly ömrüñiz bolsun!
Suleyman
24 июл 2023, 12:08
Gost bolşuň nähil-ow?? Başda "maňa şeýle duýulýar" diýipsiň, soňundanam men çyndanam şeýtmek (ýaňsylamak) islän ýaly jogap ýazypsyň.

Ol ýöne bir doglan gün gutlag dälmey?

Nirwana bilen seni tanamokmy ýa şuwagta çenli? Şolar ýaly hormatsyz görýädiňizmi meni?

***

Indi näme üçin şeýle ýazanymy aýdaýyn:
Nirwana mowzugyň adyna seniň nik adyňy, ýagny, ГОСТЬ-JAN diýip krylça ýazypdyr. Menem şony latynça birleşdirip "Gostjan" diýip ýazdym. Hawa, indi şutaýda näme üýtgäpdir? Ýa "jan" sözüni basym bilen ýazdymmy? Ýa kursiwa salyp ýazdymmy? Size beýle ýaňsy görüner ýaly...

Aslynda şol durşuna mowzugyň adyny göçürip, gutlag etdim.

Biziň pikirimiz bir köpük bolsa, sizem daş-töweregiňizdäkileri azyrak diňläň-how.... Darky mydama ýaňsylamana taýyn ýaly edip görkezmäň... bu teswirem mundan beýläk bir seresaply bol diýip ýazýan...
ajy
24 июл 2023, 13:04
Uzoook ýaşa!
Öýlenipsiñ Toýa çagyrmadyñam?
Nirvana mañada adymy tutanda jan diyip tutyar. Diymek menem oñ ýakyn saýýan ynsanlaryndan ekenim...?
ajy
24 июл 2023, 13:52
Dark muźik oglondyr
ajy
24 июл 2023, 13:52
Men aýtdy diýagañ
Pakize
24 июл 2023, 16:48
Duynki mowzugy doly okasalar jan sozini dogany hokminde ulanylany bilmek kyn dal. Kesa cekere zat gormedik biza.
Jeksparro
24 июл 2023, 16:56
Kelläňi agyrtma bro...
Telwas
24 июл 2023, 22:10
Jan joram belki biz @Massimusa öz aýdyşy ýaly düşünen däldiris. Ýöne meni gyzyklandyran zat näme üçin şol sözüň artykmaç duýulmagy. Sen oglan men gyz bolanym üçinmi? Sen öýlenen, men çykmadyk bolanym üçinmi? Näme üçin?
Telwas
24 июл 2023, 22:14
Granger
Gostjan Eneşjanam çagyrmaly ekeniňdä. O günjik saýta üýşeliň diýşip otyrdyga...

Komnatdaş Salamälik. Gowumy ýagdaýlaryň? Ölmede ýit diýleni boldy biziňkä. Şeýdip habarlaşalyňa arasynda. Ne imo işleýär, ne-de poçta. Hatda, şu saýdam düýn geleýin diýsem işlemedi mende. Dünýäden uzaklaşdyrylýan ýaly duýýan özümi :)
Telwas
24 июл 2023, 22:21
Dark_Wolf,
Köşeş Darkjan)
Telwas
24 июл 2023, 22:23
garaburc,
Toýuna menem çagyrmady. Şol gün özümden bilip aýlamadyk bolsam, öýlenenindenem habarsyz galjak ekenik. Entegem çöregimiz bitin eken. :)
Гость
Автор 24 июл 2023, 22:23
Granger,
Üýşeliň, üýşeliň )
Гость
Автор 24 июл 2023, 22:27
Nirvana
Jan joram belki biz @Massimusa öz aýdyşy ýaly düşünen däldiris. Ýöne meni gyzyklandyran zat näme üçin şol sözüň artykmaç duýulmagy. Sen oglan men gyz bolanym üçinmi? Sen öýlenen, men çykmadyk bolanym üçinmi? Näme üçin?

Belki şeýledir
Гость
Автор 24 июл 2023, 22:28
Nirvana
garaburc,
Toýuna menem çagyrmady. Şol gün özümden bilip aýlamadyk bolsam, öýlenenindenem habarsyz galjak ekenik. Entegem çöregimiz bitin eken. :)

Utandyrýaňaý )
Telwas
24 июл 2023, 22:31
Гость,
Utanaňokdyňammy sen oň üçin? :)
Garaş entek biziňem köçämizde toý bolar.
Гость
Автор 24 июл 2023, 22:38
Nirvana,
Geljek soňrak. Ýatmasaň tema açaý, üýşeliň. Želaýuşşi bar bolsa warsaky otaralyň )
Massimus
24 июл 2023, 22:45
Ilki bilen-ä ýaşyň uzyn bolsun Gost! Sen-ä bilemok welin ýöne Nirwanaň ýüreginde saňa garşy diňe doganlyk, dostluk duýgudan başga jinnek ýalyjak zat ýoklugyna ynanýan. Belki eşiden iň gowy doglan gün gutlagym maňa dälde saňa aýdylany üçin görüplik edendirin (çalaja degişýändirin).
Aslynda Jan sözi meni asla biynjalyk edenok. Ýöne Nirwana şo sözi ýazmanda-da gutlag ýerine düşüpdir. Bärde ulaldyp tema açar ýaly zadam ýokdy aslynda. Dogry aýdýaň Granger, hapa, musur zatlarda teswirem ýazamok, ýöne sylaýan, hormatlaýan agzalarymyň temalaryny yzygider okaýan we özümçe bellijek eden bolaýýan.
Гость
Автор 24 июл 2023, 23:01
Massimus,
Sag bol, agam. Meňem şoňa garşy diňe şeýle duýgy duýýandygymy öň bilmedik bolsaň indi biläý. Dogry aýdýaň, ulaltmak gerek däldi. Ulaltmak gerek däldigi üçinem şol moment şu temany açmakdan saklandym. Soňam açmazdym weli, hiç zat ýok ýerden şeýle diýilmegi gaty degnama degdi. Belki köteklenen Nirwana bolanlygy üçindir. Garaz, şeýleräk.
Massimus
24 июл 2023, 23:05
Гость,
Düşnükli
Harmony
25 июл 2023, 00:10
Massimus
Dogry aýdýaň Granger, hapa, musur zatlarda teswirem ýazamok, ýöne sylaýan, hormatlaýan agzalarymyň temalaryny yzygider okaýan we özümçe bellijek eden bolaýýan.


Muny bilýän. Ol size garşy aýdylmandy. Umumylykda gepleme tarapym bar. Menem özümiziňkileň temasyna goşulaýmam bar. Zyýany ýok.
Harmony
25 июл 2023, 00:15
Nirvana
Granger
Gostjan Eneşjanam çagyrmaly ekeniňdä. O günjik saýta üýşeliň diýşip otyrdyga...

Komnatdaş Salamälik. Gowumy ýagdaýlaryň? Ölmede ýit diýleni boldy biziňkä. Şeýdip habarlaşalyňa arasynda. Ne imo işleýär, ne-de poçta. Hatda, şu saýdam düýn geleýin diýsem işlemedi mende. Dünýäden uzaklaşdyrylýan ýaly duýýan özümi :)

Salam. Ýagşy. Gowumyň özüňem? Hakyky gürüm-jürüm bolduňyz. Sms ýazsam tapjagymy bilýän welin... Gost-a garaz habarlaşyp dur. Kiçjikkäde akyllyja çagady şü. Ýitmeý senem, Komnatdaş. Konferens gurnaýyň boş wagtyňyz.
Гость
Автор 25 июл 2023, 10:19
Granger,
Arada Nirwana aýtdam "konf gurnalyň" diýip. Ol boş wagty biz boş däl, biz boş wagtyk ol boş däl. Garaz, deň gelmänä dur şu soňky wagtlar. Boşurak wagtymyza sazlap gurnaýmaly konfam
My life
25 июл 2023, 16:56
Soñky wagtlar wapse uzak gurlemâni halamayancy bolupdyryn. Garaz taze yaşyñ gutly bolsun Gost, gijem bolsa kabul et.?
My life
25 июл 2023, 16:56
Aytman toy etyâleray bular.
Гость
Автор 25 июл 2023, 20:40
My life,
Kabul edäsemmikäm? Oýlanşaýyn )


Gowmy sen, barmyň
My life
26 июл 2023, 17:12
Гость,
Oylanyshman kabul edip goyberdâ.)))
Barla, gowy sen nahili?