Duralgadaky elhenç daýza /hekaýa/ +16

Garaňky gatlyşanda Merdan ejesine dostlarynyňka barýandygyny, özem gijiräk geljekdigini aýdyp öýden çykyp gitdi. Dosty Aşyryň öýünde gözlerini gyrpman pleý steýşn oýnady. Iýdiler-içdiler agşamlyk edindiler. Nahardan soň ýene oýunly ekeranyň başyna geçip oýun-oýnadylar...
Gorkunç kinolaryň esasynda düzülen bu oýnuň täsirinden çykyp bilmedik Merdan ahyry öýlerine gaýtmaly boldy. Dosty Asyr bilen hoşlaşyp gapyny ýapyp podezdan aşaklygyna düşdi. Pyýadalaryň ýöreýän ugry bilen ýoräberdi. Duralganyň gabadyna ýeteninde duralganyň oturgyjynda bir gysym ýaly halta durdy. Merdan bu nämäniň haltasyka diýip duralga tarap sowuldy. Soň müýnürgäp, içini gepledip aýak çekdi. Bu haltada adamynyň jesedi bar bolaýmasyn diýip güman etdi. Yza çekilmekçi boldy. Ýöne onuň halta diýip güman eden zady hereketlenip başlady. Merdanyň ýüregi agzyna geldi. Seretse ak eşikli, ýaşy gartaşan bir daýza küýkerip oturan eken. Ol Merdana tarap eýmenç gözlerini aýlap oňa tarap azgyrylyp, gygyrmaga durdy. Ýaranyň üstüne turan gelmesin diýen ýaly, daýzanyň gykylygy edil gorkunç kinofilmlerdäki wampiriň ýa-da zombiniň gykylygyna meňzeşdi. Onuň elhenç keşbine hem gohuna ýüregi ýarylan Merdan yzyna seretmän dosty Asyrlara tarap ökjä tüýkürenini bilmän galdy. Şol gaçyp barşyna ol duralga tarap seretdi. Seretse ýaňky ak eşikli elhenç daýza duralgada ýokdy. Çep tarapyndaky pasyr-pusura gulak berdi. Çep tarapyna seretse ýaňky elhenç daýza etažlaryň ýüzinden güjük ylgaýşyny edip towsup gelýär eken. Muňa has hem beter hopugyp aljyran Merdan näme etjegini bilmedi... Diňe gaçmaly we bu hazan uran daýzadan gutulmalydy...
Merdan Raýonlykdaky etažlaryň arasyna gaçyp bukuldy. Bir dynjyny alyp gyra geçip oturdy. Eýlesine-beýlesine garanjaklady...
Onuň ýeňsesine gyzgyn damja dammaga başlady. Merdan bu damjany kondisionerden akýan suwuň damjasydyr öýtdi. Emma damjany elläp onuň ysyndan gandygyna göz ýetirdi. Merdan ýokaryk seretse ýokardan aşak pasyrdap uçup gelýän ak eşikli elhenç daýzany gördi we şol gije, etažlaryň arasyndan uly çirkin ses eşdildi...



@Jeksparro
7 лайков 464 просмотров
45комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
Автор 05 авг 2021, 13:40
Black Wolf,

goýjak dälä indi. Men şu temany konkurs üçinem açamok welin, 1-je haladymda dur...
sewinc
05 авг 2021, 13:43
Jeksparro,
goyayynda hayis edyan
Şeker
05 авг 2021, 13:49
Like
Şamuhammet
Автор 05 авг 2021, 13:50
Yamanja,
Ok agşam düşsün... ?
sewinc
05 авг 2021, 13:51
Jeksparro,
garasyan onno :-)
sewinc
05 авг 2021, 13:52
bagislarsiniz onlayyn agzalari nirden gorup bolia aydayyn
Guljeren
05 авг 2021, 14:04
@Ananasjyk maña komek edayda !!!
Guljeren
05 авг 2021, 14:04
@Ananasjyk maña komek edayda !!!
sewinc
05 авг 2021, 14:06
Yekejam,
sen talypdaki yekejemi
Guljeren
05 авг 2021, 14:16
Yok talyplardaky yekejam
Şamuhammet
Автор 05 авг 2021, 16:14
Yekejam,
Aýt hany!?
Rauf
05 авг 2021, 18:16
Jeksparro,
bagyshlaman bilersin, yone bu ne gorkunc ne-de gyzykly. bimany bolupdyr. sana gelishmandir.
zumerchi
05 авг 2021, 18:48
Jeksparro,
Yzyny koy!)
Şamuhammet
Автор 05 авг 2021, 19:00
murat yousef,

koýsaa ?
zumerchi
05 авг 2021, 21:51
Jeksparro,
Owa?