Aýdaý özüň adyň näme ?

Aýdaý özüň adyň näme ?       

Diňle meniň ýalňyz gülüm
Aýdaý özüň adyň näme ?
Laçyn,Leýla ýa-da Sülgün
Aýdaý özüň adyň näme ?

Düýşlerimde  peri boldyň
Huşlarymda aýan boldyň
Ýüregimde  otlar ýakdyň
Aýdaý özüň adyň näme ?

Sensiň meniň akyl-huşum
Sensiň meniň dünýä malym
Sensiň meniň söýen ýarym
Aýdaý özüň adyň näme ?

Gara gözüm sende hanym
Ýeketägim söwer ýarym
Bir bakyşda aldyň janym
Aýdaý özüň adyň näme ?

Allahyma şükür edýän
Hudaýyma tagzym edýän
Sabyr bilen saňa ýetýän
Aýdaý özüň adyň näme ?

Jumamyrat Annamyradow
+99365965684
3 лайков 5 053 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Goklors
06 фев 2023, 17:16
Her kim öz başarýan işi bn meşgul bolsa ýagşy. Ýaradanyň beren talantyny ulanman haraplaýanlar kän. Aslynda berilmedik talanda amal etjek bolýanlar kän. Ýöne bu synanyş netijesiz bolup galýar. Öz-özüňe ukybyň barada ilki il däl-de öziň baha bermek gerek
Jumamyrat
Автор 06 фев 2023, 17:46
Goklors,
Bu pikiriňe goşulamok gaty görme adam öz ukybyny eden işine il baha betse gowy bolýa öz özüňe baha bermek men-menlik saýýarlar ata-babalarmyz
Jumamyrat
Автор 06 фев 2023, 17:47
Goklors,
Bu sözleriň bilen goşgydaky kemçilikleri bar eken diýip goşgy ýazmaly dälmi
Jumamyrat
Автор 06 фев 2023, 17:49
Juma şahyr,
dünýäde kemçiliksiz idial adam barmy görkezäýiňdä maňa kemçiliksiz adam hak allam diňe.
kesirkelle
06 фев 2023, 18:52
Buuu men habarsyzkenim bu hezillikden :D
kesirkelle
06 фев 2023, 18:52
E D E B I Y A T
kesirkelle
06 фев 2023, 20:23
 Juma şahyr   off № 64Şu gün, 17:49

Juma şahyr,
dünýäde kemçiliksiz idial adam barmy görkezäýiňdä maňa kemçiliksiz adam hak allam diňe.

körpe gülrýän zadyñy gulagyñ eşidip, aklyñ(bar bolsa) alýamy?!
DonMaxx
06 фев 2023, 21:32
galamyñ ujy yiti bolsun halypamcilimkesh
Goklors
06 фев 2023, 22:18
Juma imim ýokarda göni siziň adresiňize ýazman umumulykda düşündirjek boldum. Ýene düşünmediň. Indi göni özüňize aýtýaryn. Brinji bn "Juma şahyr" diýip nik götermäňiz nädogry. "Şahyrlyk" derejä ýeten şahyrlaryň ýüzüne Şahyr diýseň ýüziňe nägile garaýar. Şolar özüne şahyrdyr öýdenok. Şahyrlyk ýükini götermek kyn bolarly. A siziň kapýalaşdyran "goşgujuklaryňda" şahyrlyk dan nam- nyşan ýok. Poezia name, hany onda gözellik, hany filosifiýa?
Öz-özüňe baha bermeli diýýänim şondan. Saýtda goşgy goýjak ony halarlarmyka diýip oýlanmaly. emma siz üstüňizden gülýänlerni bilýäňizmi?
Öwreniji
06 фев 2023, 22:36

Hemmä degişli? Minnetdar
Medet
13 авг 2023, 11:43
Khanture,
Okap bilyansina
#B.S
13 авг 2023, 12:07
Medet
Khanture,
Okap bilyansina

Okap bilmegim ýa bilmezligim seniň nämäňe derkar boldy şuwagt?