Tizlikde täze rekord
Soňky döwürlerde meşhurlygy artýan Horwatiýanyň “Rimac” sport awtoulag kompaniýasynyň täze modeli “Nevera” rekord goýdy. Bu täze ulag 400 metr aralygy 8,58 sekuntda geçdi. Ulag 0-dan 100-e 1,9 sekuntda çykdy. 1914 at güýji bolan ulagyň sagatdaky tizligi 415 kilometre deňdir.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky “Famosa” trassasynda geçirilen synagda ulag yzygiderli öndürilýän ulaglaryň arasynda tizligi iň tiz wagtda ýokarlanan ulag hökmünde hasaba alyndy. “Nevera”-nyň 400 metri 8,58 sekuntda geçmegi hem-de 0-dan 100-e 1,9 sekuntda çykmagy rekord görkezijiler boldy. Rekord synag mahaly howanyň temperaturasy, tekerler ýaly adaty ýagdaýyň şertleri döredilmändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu şertleriň döredilen ýagdaýynda rekordyň has hem ýokarlanyp biljekdigi bellenilýär.

17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.