Bu diňe pikirim !

Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla
Bir nakyl bar, Ir turan işinden dynar
aslynda : (çepbäň aýdyşy ýaly) , ir turan işinden dynanok , işine başlaýar.Işi dynjak bolup haýdaýas , ertir gaýtam işimiz köpelýär. (Goňşymyz Anna eje pahyr , işem guzlaýa , öz özinden köpelýä diýerdi)


Arzuwlarmyzam şo zeýilli , bir arzuw edýäs , eden arzuwmyza ýetýäs , ertir gaýtam arzuwmyz ,hem ulalýa , hem köpelýä .


Bu diýmek :biz heniz diri , ruhumuz sagdyn,kassetamyz çeýnemänjik aýlanyp dur diýmekdir ,

Bir gün Kakam pahyr plan jaýyň gyrasynda , daýow nawesiň kölgesinde oturguçda otyrdy , ol öz oturýan ýerine Mekan diýerdi , şemalyň ugurragy, tomsuna şawadyrak ,salkynrak ýerdi . Ýöne ýüzi salyk , dünýeden nä hoşdy.

Men :ýanyna bardymda , göni seretmäne çekinem soň keseräk durup Kaka keýpiň ýogyrakmy diýip soradym .

Kakam: Ýok gowy Hudaýa şükür diýdi.

Men : Heý ,dünýede bir islegiň barmy , ýerne ýetireýin Kaka diýip soradym (ýüziniň agyrlygy ötedi , men ýaranjaňlyk edip soradym, jogap bererem öýtmedim , Kakam agyr adamdy)


Kakam şeýle jogap berdi : Doguldum Ejemi gördim Kakamy gördim , doganly ,jigili gowy maşgalada ýaşadym ,soň öýlendim maşgalam çaga çugam , ogul ýerinde ogul gyz ýerinde gyzym boldy , Ejeňem asly ýetim gyz bolan soň göwni döwik diýmeseň örän gowy ýaşaşdyk , Kakamyň Ejemiň mährini, patalarny,aşyny gördim , doganlarmyň patalarny gördim , jigilermiň bagtly maşgalasyna daşyndan guwanýan, ogul öýerdim gyz çykaryp gördim agtyk söýdim , ömrimde 26 sany paket maşyn sürdim , her çagama , bir jaý bn gapysyna sürjek maşynyny dikdim , pensä ýetsem diýdim , onam alýan Ataňdan galan jaýy täzelesem , aşagynda toý tutar ýaly nawes etsem diýip arzuw ederdim çagakam , oňada ýetdim , indi mende arzuw, isleg, gutardy , ýekeje iş bar ol hem şu jaýy gurup boldum , içine haly alsam işimem gutarýar, menem diýdi ,şol gün gije hem dünýeden gaýtdy .(gurluşygy gutaranynyň ertesi günidi)


Diýjek bolýanym işiňiz köp bolsa zeýrenmäň , heniz kassetamyz gutaranok , Hudaý berse ertirem gündiz , muňada şükür diýip ýaşaberiň . Ýeter ýaly arzuw ediň we ýetiň, ýetmez ýaly arzuw edip ýetip bilmän ahmyrly bolmaň , Kakaňyzyň Ejeňiziň gadyrny biliň , wagtyňyzyň köpisini şolar bn geçiriň ,çagalarňyzy, doslarňyzy Kakaňyz Ejeňiz ýok wagtam görip bilýäňiz ,egniňe göterip ýerläp gaýdaňsoň , gyzyl gumuny sypap oňaýmasaň warýant ýok eken başga. Kelläňizi işledip ýaşasaňyz ökinçsiz ahmyrsyz ýaşarsyňyz.

Aýdara söz kän ,ýöne bir söz ýazman gürriňi gutaraýyn . Sagboluň janyňyz sag bolsun . Işiňiz ,arzuwňyz gutarmasyn, gutarsa adamyň ýaşaýşam gutaraýýan eken .
2 лайков 227 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
A.W
23 июл 2022, 23:50
Ömür gutarýar ýöne iş gutaranok diýýärlerä, kakaňyz bagtly eken.
Sag boluň, sizede jan saglyk Şoşo daýy!
Mümkin
24 июл 2022, 07:06
Özboluşlyja pikirleriñiz bar.Köpräk ýazyñ Şoşo agam!
Halap
24 июл 2022, 11:42
Nowçaň bolan wakalaryndan bir parça)
Enesh_Turkmengyzy
14 авг 2022, 21:42
Şukur etmek hem bagtdyr diyip kän aytdyma size))
Garabufer
Автор 17 авг 2022, 01:50
Korpeje,
Barmaý siz