@Rigel agzamyz üçin: Kompýuter barada gyzykly maglumatlar
Dünýädäki iň agyr kompýuter 1980-nji ýylda IBM tarapyndan döredildi. Onuň öz agramy 48 kg töweregi bolup, diskowodly agramy 59 kg-a barabardyr; 1956-njy ýylda ýady 5 Mb bolan dünýäde ilkinji çeýe disk döredildi. Az salymdan, 1980-nji ýylda ilkinji 1 Gb çeýe disk döredildi. Agramy 250 kg-dan gowrakdy we bahasy 40 müň ABŞ-nyň dollaryna ýetdi; Dünýäde agramy 30 tonnadan gowrak bolan ilkinji kompýuter 1945-nji ýylda Amerikada döredildi. Ol "hasaplaýjy" diýen manyny berýär; Kompýuter syçanjygy 1964-nji ýylda döredildi. Ol içinde iki tigri we düwmejigi bolan elde ýasalan agaç gutudy; Häzirki wagtda dünýäde iň “güýçli kompýuter” adamyň beýnisidir. Ol sekuntda 38 trillion amal "ýerine ýetirmäge" ukyply we ortaça "ýady" 3581 Tb. Şeýle-de bolsa, adamlar entek öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmeýärler; Ilkinji kompýuter wirusy 1986-njy ýylyň awgustynda döredildi. Awtorlyk hukugyny goraýan we programma üpjünçiliginiň nusgalaryny bir çeşmeden göçürip almaga rugsat bermeýän skriptdi. Emma ol gözegçilikden çykyp, ulanyjylara “zyýan berip” başlady; Kompýuter üçin islendik dilde islendik programma ikilik ulgamynyň iň ýönekeý "maşyn" dilinde düzülýär, bu ýerde bary-ýogy 1 we 0 bar; Dünýädäki ähli kompýuterleriň, takmynan 20%-i, 1984-nji ýyldan bäri işleýän Hytaýyň "Lenovo" kompaniýasy tarapyndan öndürilýär; Häzirki zaman "QWERTY" klawiatura tertibi dünýädäki ähli kompýuterleriň 98,1 %-inde ulanylýar. Bu düzüliş 1868-nji ýylda ýazuw maşynlary üçin oýlanyp tapyldy; Häzirki zaman kompýuterine meňzeş ilkinji şahsy noutbuk 1982-nji ýylda döredildi; "Windows"-y esaslandyryjy Bill Geýts aslynda Stiw Jobsyň “Apple” kompaniýasynyň işleýärdi. 1985-nji ýylda häzirki wagtda iň meşhur operasiýa ulgamy bolan ilkinji "Windows"-y döretdi; Kinofilmlerdäki ilkinji kompýuter grafikasy “Star Wars 2” filminde ulanyldy; Tanymal "@" nyşanyna eýýäm 500 ýyldan geçdi, öň ol "agram" manysyny berýärdi.
Atanyýaz AGAGELDIÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Çeşme: Ahal info
Atanyýaz AGAGELDIÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Çeşme: Ahal info
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.