Ejeň bolsa

Bagt diýlen zadyň bardygy
Owal-ahyrda çyn bolsa.
Bilgin, bagtyň daş ýardygy,
Bu dünýäde ejeň bolsa.

Çaga wagtyň bir deň-duşuň
Oýunjagny güjeňlese,
«Mende ýok» diýp, çytma gaşyň,
Alyp berer, ejeň bolsa.

Toýuňda-da, ýasyňda-da
Janköýerleriň jem bolsa,
Şolaryň arasynda-da
Nähili bagt ejeň bolsa!

Aladalar hemmä ýeter,
Käte ýüzüňde çaň bolsa,
Öz-özi süpüriler gider,
Bil, ýanyňda ejeň bolsa!

Birden çaý içip otyrkaň,
Käsäňde boýçy çommalsa,
Başgalara garaşma kän,
Gapyňdadyr, ejeň bolsa.

Diliňdekä şükür, toba,
Işiň ilerläp, oň bolsa,
Razydyr senden käbäň,
Barlap göräý, ejeň bolsa.

Intizar göz bilen garar,
Ýola şaýyň ykjamlansa.
Bilýänin öwreder, sargar,
Bosagaňda ejeň bolsa.

Garaşmaga başlar onsoň,
Girer-çykar, ynjalmasa.
Geleniňden hemmeden öň
Gujak gerer, ejeň bolsa.

Dünýäleriň doludyr-la,
Ulam bolsaň, kiçem bolsaň.
Ýürejigiň suwludyr-la,
Gapdalyňda ejeň bolsa.

Gurbanýaz Daşgynow
Çeşmesi: https://ahal.info/tm/news/ejen-bolsa-gurbanyaz-dasgynow. 20.02.2023ý.
4 лайков 212 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
20 фев 2023, 20:28
Birhiliräjik
Öwreniji
21 фев 2023, 00:53
Men Kerim Hally okaýan ýaly gördüm. Ýa biriniñ paýlaşanyny gördümmikäm. Ýadyma düşenok. Töhmet atan ýaly bolmaýyn
SENEM
07 авг 2023, 17:48
Remezan,
menem şeýlemika diýýän Kerim hally okadymyka diýýän ýalňyşmasam