Kuranyň açyklanmadyk syry: ''Men'', ''Biz'', ''O(L)''
Kurany Kerimi Türk(men)çe okaýanlar bilýändirler. Kuranda her tüýsli ýüzleniş şekilleri bar. Kurandaky aýatlarda iñ köp ''biz'' diýip, birinji köpçülik şahsyñ agzyndan öz-özi açyklanjak bolýar.
''(Ähli) Hamd-(senalar) Älemleriñ Rebbi, merhemetli bolan, merhemet eden we Din Gününiñ eýesi bolan Allaha mahsusdyr. Diñe saña gulluk edip, diñe senden kömek soraýarys. Bizi dogry ýola, nygmata duşuranlaryñ, gazaba ugramadyklaryñ, (dogry ýoldan) dänmeýänleriñ ýoluna duçar eýle'' (Fatyha süresi: 1/1-7).
Bu süre Kuranyñ başlangyç süresidir. Şeýle-de bu süre Kuranyñ özüniñ iñ esasy süresi hökmünde kabul edilýär. Ýöne süräniñ asyl manysy we peýdasy hakynda giñ halk arasynda az obýektiw düşündirişler berilipdir.
Ýedi aýatdan ybarat bolan bu süre ünsli okalsa, has hem Kuranyñ başlangyjynda, adamlara uly syryñ ýüp uçlaryny berýändigini ünsden düşürmeli däl. Süräniñ başynda ýüzlenmäge başlaýan barlyk, ýaha ''Biz'' diýip gürleýän barlyklar topary, Allaha hamd aýdýarlar, soñraky aýatlarda-da doga we dileglerde bolmalydygy ündelýär. Bu düşündiriş aýratynlykda ''Biz'' diýip aýdyp berýän barlyklar topary bilen Allahyñ aýry-aýry manylarda ulanylandygyny, açyk we inçejik şekilde orta atylýar. Bu aýrylyga başga aýatlarda-da duş gelse bolýar:
''Dogrusy, Biz, Kurany Gadyr gijesinde indirdik''(Gadyr süresi: 97/1). Ine şu aýdylanlar, eý Muhammet, saña dogry ýüzlenip okaýanlarymyz Allahyñ aýatlarydyr. Alla hiç kime zulum etmek islemez''(Ali Imran süresi: 3/108).
''Eý Muhammet. Ine bular Allahyñ aýatlarydyr. Biz olary saña (dogry) okap berýäris. Şübhesiz sen pygamberlerden birisiñ. Ine şol pygamberlerden bir kysmyny beýlekilerden üstün kyldyk. Olardan Allahyñ özlerine ulaşdyran derejelerine beýgeldenleri bolandyr. Merýem ogly Isa bilim berdik, ony Ruhul Kudus bilen derejelendirdik...(Bakara süresi: 2/252-253).
Kuran bilen baglanyşykly iñ ýönekeý bir derñewde hem, şulara meñzeş sansyz aýatlaryñ bardygy bellidir. Birnäçe aýatlarda ''Biz'' diýip ýüzlenýän barlyklar topary ýa-da barlyklar toparynyñ sözçüsi bilen Allahyñ goşulmaýandygyny bütin açyklygy bilen orta çykýar. Biz diýip ýüzlenýän barlyk, şol bir aýatda aýratynam Allah hakynda gürrüñ berýär, onuñ emirlerini buýurýar. Edil şol bir wagtyñ özünde iki şahsyýet birleşip Allahy açyk edýändigini pikir etsek; ýüzlenýän barlygyñ öz özüne hamd edýändigini, öz-özüne dilegler edýändigini, öz-özünden özüni dogry ýola gelmegini isleýän ýaly mantyksyz we manysyz düşüniljegi ikiuçsyz. Kuranda ynsanlara ''Biz'' diýip özüni tanadýan barlyklaryñ funksiýalary nämekä? Bu soraga ýene Kurandan jogaplar agtaralyñ.
Aşakdaky aýatlaryñ inçelenmeginden hem düşünilşi ýaly, adamlar, Jebraýylyñ hem Kuranda gatnaşmagynda özüni ''Biz'' diýip tanadan, Allahyñ rugsady we emri bilen hyzmat edýän bir topar tarapyndan seredilýär we dolandyrylýar.
Jebraýyl Muhammede şeýle diýdi: ''Biz diñe Rebbiñ buýrugy bilen inýäris; geçmişimizi gelejegimizi we ikisiniñ arasyndakylary bilmek ''Oña'' mahsusdyr (Merýem süresi 19/64)''.
''...Biziñ her birimiziñ belli bilinen bir makamymyz bardyr. Şübhesiz biz gezekli-gezegine durandyrys. Şübhesiz biz Allahy tesbih edýändiris'' (Saffat: 37/164-166).
Aly Ymran süresinde geçen bir aýat bolsa, belki hemmesindenem has özüne çekijidir: ''Allah, melekler we adalaty ýerine getiren ylym eýeleri, ''Ondan'' başga Tañrynyñ ýokdugyna şaýatlyk edendirler.
'' Ondan'' başga Tañry ýokdur. ''O(L)'' güýçlidir, Häkimdir (Ali Imran süresi: 3/18). Allahyñ melekleriñ we ylym eýeleriniñ şaýatlyk eden we aýatda ''O(L)'' diýip atlandyrylan Tañry bilen bile agzalyp geçilen Kadyr Ýaradyjydyr. Başga bir täsin meñzeşlik hem Mu Medeniýetinde Ýaradanyñ adyna ''O(L)'' diýip ýüzlenilendigi haýrana goýýar.
Mu medeniýetinde Ýaradanyñ adynyñ sypaty ýok. Ýaradanyñ ady diñe ''O(L)'' diýip atlandyrylýar.
Gürrüñimizi ýuwaş-ýuwaş jemlemek üçin, öñünde görüp durýan, göz edip, seredip durýanlaryñ barlygyny açyk şekilde añladan bir ýyldyzdan gürrüñ açýan Taryk süresindäki bir aýaty sözümiziñ ahyrynda size ýetirmek isleýärin...
''Asmana we Gije orta çykýanyñ nämedigini sen bilýäñmi? Ol yşygy bilen garañkylygy aýyrýan ýyldyzdyr. Üstünde seredijisi bolmaýan hiç kim ýokdur (Taryk süresi: 86/1-4)''
Kuranda görüp seredip durmak aýratynlygy berilen uly bir toparyñ bardygyny başga aýatlarda-da agzalýar.
Ýöne bu ýerde täsin ýagdaý: ''Görüp, seredip, synlap durýan'' uly toplulygyñ gije orta çykan bir ýyldyzdyr diýip gürrüñ berip onuñ üstünde durýandygyny aýtmagydyr.
Izoterizmdäki garşydaşy bolsa ''Ruhany dolandyrma enjamydyr''. Izoterizme görä bu ýyldyz Sirius ýyldyzydyr. Şeýlelikde Sirius Ýyldyzynyñ gizlin syry Afrikadaky Dogonlardan soñra bu ýerde garşymyza çykýar.
''GİZLİ SIRLAR ÖĞRETİSİ''
SINIR ÖTESİ YAYINLAR
Ergün CANDAN
Terjime eden: @Jeksparro,
09.08.2020

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.