Haýwanlaryň gelip çykyşy we olar nireden geldiler?

Bu gürrüňler dinden we ylymdan erkin gürrüňlerdir. Şeýle-de diniň we ylmyň çäklerine golaýlap öz pikirimizi, çaklamamyzy ''Haýwan'' diýilýän zadyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Biziň bar bolan günlerimizden bäri bile tebigatda ýaşap ýören ''Haýwan'' diýilýän sessiz ýa-da öz çykarýan üýtgeşik sesleri bilen adamzady haýrana goýup gelýän bu üýtgeşik mahluklar hakynda heý bir wagt aýryp, gyzyklanyp gördüňizmi?
Olar üm ýa-da ala goh edip biri-birlerine, ýa-da biz adamlara öz streslerini, gaharyny-gazabyny, bir zada eýeçiligini düşündirip bilýärler...
Biz bolsak köplenç olaryň dillerine düşünemizok näme üçindir? Haýwanlar ýeriň üstünde, deňizlerde we howaň ýüzünde dürli-dürli görnüşlerde ululy-kiçili bolup ýaşaýarlar, özlerem biri-birlerinden üýtgeşik görnüşdedirler. Haýwanjyklaryň haýsy görnüşi bolsa bolubersin, ýyrtyjy bolsun, wagşy bolsun, guş bolsun, balyk bolsun ýa-da öý haýwanlary tapawudy ýok, olaryň hemmesini kä wagtlar özüme gaty ýakyn duýýaryn. Olaryň enaýylaryna garamazdan ýyrtyjylaryny, wagşylaryny hem gowy görýärin. Olaryň daşgy görnüşleri hem geň-enaýylygyna bir zat...
Ýöne gürrüňim bular ýaly zatlar hakda däl-de haýwanjyklaryň asyl gelip çykyşlary hakynda!
Ewolýusiýa ýa din diýilýän zady bir ýerde goýup çaklamalara, pikir ýöretmelere ýol bereliň! Belkäm, Magtymgulynyň ''Pikir kyldym ýer göge, Akylsyz jan içinde'' diýşi ýaly pikirlerden-pikir gözläp bu zatlaryň ynygyna-şänigine ýeteris.
Gadymy siwilizasiýamyzyň ösen döwürlerinde hasam Gadymy Müsürde haýwan şekilli adam hudaýlara çokunylandygyny nazara alsak, onda haýwan gatynçly, fiziki taýdan güýçli adamlar hakykatdanam gadym döwürlerde ýaşap geçdimikä? Belkäm ''Adamdan öň'' diýilýän döwürlerden öň şolar ýaly güýçli ösen aň-düşünjesi arassa adam gatyşykly mahluklar boldumyka? Belkäm adam gatyşykly haýwanyň arasynda bir zatlar bolandygy sebäpli haýwanlar haýwan şekline, adamlar bolsa adam şekline giripdirler ýa-da olaryň arasynda uly bir aýrylgyçlyk bolupdyr...
Belkäm ylmyň Ewolýusiýa diýilýän etaby şondan soň bolup geçipdir, ýa-da Din, bolmasa-da Ewolýusiýanyň diýşi ýaly bolmandyr. Bu gaty çylşyrymly meseleligine galýar...
Ufolog hökmünde çak edilse welin haýwanlar başga planetadan ýere gelenler bolaýmasynlar? Belkäm bir döwürler haýwanlaryň belli bir görnüşleri Ýere gelip bu ýerde yzlaryna uçup bilmän galanlaryň nesilleri. Biz hem olaryň diline düşünemizok. Haýwanlaryň köpüsi tebigy betbagtçylygy öňünden syzýarlar, duýýarlar.
Kä halatlarda biz olara öz tejribämizi öwredip bilýäris. Meselem sirkdäki eldekileşdirilýän güjükler, pişikler, piller we ş.m.
Hany bir döwürler bolup geçendir. Amerika yklymlarynda ýaşaýan indeýler bolupdyr. Ylmyň çaklamasyna görä, şol indeýler ady berilen ''gyzyl hamlylar'' diňe ýeriň belli bir künjeginde ýaşaýan milletden gelip çykmandyrlar. Tersine her milletden galan-gaçanlary şol ýerik ýüzüp barypdyrlar. Ýöne näme üýtgän zat bolmandyr şol ýere Ýewropaly wagşylar barmazdan öňürti her milletden galan-gaçaklar baryp hemmesi soňlugy bilen biziň gözümizde aňy ösmediklere öwrülip gidipdirler. Edil haýwanlar hem şu Ýere belli bir maksat bilen gelen ýa-da getirilen başga planetalylar bolmaly. Başga planetadan gelen haýwan diýip atlandyran janlylarymyz belkäm birmahallar biziň gözlerimize hudaýlar bolup görnüpdirler...


@Jeksparro


4 лайков 198 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
20 фев 2022, 07:55
Berekella gyzykly. brawo
- Dani
20 фев 2022, 08:46
Окамана ялтанян
Jeni
20 фев 2022, 12:31
Bahylyn bagy bolmaz bolsada miwe bermez diyyaler dislike baryny basypdyr goripler +++