—Oýunçy utsun!—diýip, Mämmet agaç sekide küşt oýnap oturan deň-duşlary Goçmyratdyr Saparyň ýanyna gelip, olara gep goşdy. —Edil wagtynda geldiň-dä, Mämmet—diýip, Sapar begenjinden ýaňa oglanjyk ýaly ýyrş-ýyrş etdi. —Bir baksana bu oýna!.. Mämmet sekä geçip, ynjalykly oturansoň, birsellem oýny synlady. Soňam başyny ýaýkady: —Goçmyrat, sen-ä çykgynsyz ýagdaýa düşüpsiň, beýdip oýlanyp oturma-da,
BIR OTURGYJYŇ TARYHY (Hekaýa) Diwarda asylgy duran sagadyň dillerine gaýta-gaýta seretdigiçe, Şemşadyň ýüreginde barha harasat gopýardy. Wagt bireýýäm ýediden ötüpdi, emma ogly Adyl welin, henizem öýüne dolananokdy. «Bu gün meň iki döw oýnum bardyr» diýip, oglunyň irden aýdyp giden sözlerini ýatlap, birneme özüni köşeşdirmek islese-de, Adylyň öýe geler wagty bireýýäm bolupdy. Her okuw çärýegi
Türkmenistan geçen gysga taryhy döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylygyň, durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň we bagtyýarlygyň mekany hasaplanýan döwlete öwrüldi. Ine, bu gün bolsa «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes söz biziň her birimiziň asuda we azat durmuşda arkaýyn ýaşamagymyzyň kepili bolup ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, XX asyryň
Ýer ýüzünde hiç zada ýer ýokdur... * * * Haýp, adamlar pikirlerne kybap görnişde däl... * * * Bir dostuñ bolmagy ajaýyp zat. Ýöne esasy zat: dostsuz ýaşap bilmekdir.
Siñip gitsem owuç gumjagaz bolup, Ägirtler mekany, ägirt diýarym. Gam-gussadan nädip bilýärkä solup, Señ saýañda saýalanlar diýarym. Sanap bilmen bir-bir beýikleriñi, Kalba-ylham, köñle-seýikleriñi, ..Oka dözmandim hiç keýikleriñi Göz görejim başym täjim diýarym.
Her bir jümlä biz ýaşlara görelde, "Paýhas çeşmesine" sag bol, Arkadag! Ajylyk ýok tukatlyk ýok bu ýolda Mirasa sarpaña, sag bol, Arkadag! "Könesi bolmadygyñ bolmaz täzesi" Dünýä göz ýetirýär türkmen balasy. Örñäp gözelleşýär türkmen ýaýlasy Mirasa sarpaña, sag bol, Arkadag! Ýurdum ösýär günbe günden ýylba-ýyl, Çar ýanyñ lälezar hem-de täze gül. Begenýä biz bilim boldy on iki
Watan-näme ? Ýat illerde a:hyn çekenlerden sorañ, Ýat ýurduñ nanyn iýip, gözýaş dökenlerden sorañ. Bütin synasyny ugrunda goýan, esgerlerden sorañ, Kalbyñyzyñ bir çüñkinde ýatan duýgulardan sorañ. Parahat öwüsýän ýellerden sorañ, Erkana yranýan güllerden sorañ. Watan asmanynyñ nuryndan sorañ, Asuda abadan ýyrdumdan sorañ.
W-atan atalarmyñ gany siñeni, A-syrlar aşsada synman geleni, T-añryñ ýerde-gökde goldap gezeni, A-ryndan, namysdan öñe goýany-- N-amy dünýä dolan TÜRKMENISTANDYR.
Ýedi arkaňy bozarsyň, Başga milletden öýlenseň. Eneň-ataň ýat bolar, Daş ýerlerden öýlenseň. Çagalaryň gözi gök bolar, Buruny süýnmek bolar. Işiň ýuwunmak bolar, Ors gyzyna öýlenseň. Şyňňyrdar gulak halka, Tans eder böke-böke, Bolarsyň eke-üke, Özbek gyza öýlenseň. Kelläň ýary gulakdyr, Bir ýos-ýogyn bilekdir. Bar iýjegiň balykdyr, Galpak gyza öýlenseň. Işe tursaň bile gopar, Mydama gün ýa gapap.
Kä wagt kä kişä seredip pikirlenýäñ: -Eý, bu bu derejelere nireden ýetip ýör... güýc bilen almaly bolsa aljak, okumyşlyk bilen almaly bolsa aljak, pul bilen almalam bolsa beýle derejäni bir-birinden öñürdip aljak kişiler kän-ä..." Bu sözleri diýýän kişilere-de (ýa-da ýañzydýan) diýilýän kişilere-de durmuş bizi duşurup dur. Üstinlige ýetmek, dost gazanmak, pul gazanmak barada birgiden kitap