Chagalar nam un gedaychylyk edyar

Shu gun bir gyz bir teswir yazypdyr "Kocede bir chaga gecenden pul dilenip yor ene atasy nahilika janlary sag nam un gedaychylyk etdiryaka" diyip. Kocede gedaychylyk edyan chagalary analiz edelin. 1. Kocede gedaychylyk edyan chagalar kopusi onlera yygnan pullaryny "Playstation" oynardylar. Hazir Playstation oynayan barmy? Mumkin klasdashlaryndan kemsinmezligi ucin gowja

Amanjyk!

Amanjyk Bu gün irden turdy-da, Elin-ýüzün ýuwundy. Irdenligini edinip, Mekdebine ugrady. Ýolda barýarka birden, Büdredi Amanjyk, Ýere ýykylyp mazaly, Aglaýardy Amanjyk. Dostlary gelip kömege, Galdyrdylar Amany, Köşeşdirip, kakdylar, Üstü-başyn mazaly. Ine jaň hem kakyldy, Ugradylar mekdebe, Synpa girip bir-birden, Oturdylar ýerlerine. Aman bäşlik baryny Alyp bildi bu günlük, Jaň kakyldy ine-de,

Sapaly

3-4 sany nikiñ bar eken.seredyan welin sekuntda 4 dislike goyup dursyñ.sen dislike müñ sany goyay maña bildirenok.sebabi senden gelyan dislikeleri ezilen kagyzçada goremok? Udaçi pahyrjyk?

Terbiýe sapagy

Diýleni etseňiz, öwretmek menden, Watany söýmeli jan bilen tenden. Atany, enäni kem görmän ondan, Iýeniň-içeniň halal bolmaly. Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň, Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň. Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly. Niýeti-päliňi ýagşy tutmaly, Ir turmaly, gijirägem ýatmaly. Bu dünýäden senem bir gün gitmeli, Bu hakykat başdan aýan bolmaly. Sogap

Öýkesini ýazyp, ýaraşsyn biraz.

Adam pakyr çig süýt emipdir, arman, Gezip ýör kemini özünden görmän. Mydam özge bilen göreşip ýörmän Öz-özi bilenem göreşsin biraz. Hüw-hak! diýip ýören derwişler deýin, Başym alyp ýaşyl ýaýla gideýin. Yz çalyp, aw aňtap seýran edeýin, Gök ýylak saçymy daraşsyn biraz. Depämde düýrügen çygly bulutlar Gözlerin ýaşartsyn gülüp-gülüpler. Berdinazar aga çaga boluplar, Guba depelere dyrmaşsyn biraz.

Pähimler

Biperwaýlyk süýşüp ýakyn gelende, Köpbilmiş köpelip, Bilýän azalar. Tapawut kiçelip çynda, ýalanda, Olary saýgarjak bolýan azalar. Garym-gatym bolar sähet, bisähet, Okumyş bol bolar, Çyn alym — gahat, Iliň arasynda öwüt-nesihat Berýän köpeler-de, Alýan azalar. Her kim öňe oklar hergiz bir özün, Jahyllar-juwanlar tanamaz yzyn, Aksakgal aşyk dek oýnadar özün, Paýhasyna tagzym kylýan azalar. Birine

Maslahat

Kesek atyp arrygyňy gynama, Häzir maňa degmez atan kesegiň. Başga bir bendäni nyşana edin, Gün bermeýän bolsa uçran keseliň. Özüň görüp dursuň, keseg-ä däl-de, Maňa häzir kän edenok gülle-de. Hawa, gardaş, meni ýykmak tamaňy Häzirlikçe zyňyp taşla kelleden. Ynanaý, men senden gaty göremok, Dogrujamdan gelsem, agyrýar nebsim. Gijeler uklaman ýazýaň üstümden, Ýok, gardaş, ýeňil däl seniňem kesbiň.

Ýetginjeklere ýüzlenme

Oglanlar, men size arzuw edýärin, Nurana beýnidir sagdyn bir ýürek. Täze ýüzýyllyk siziň işiňiz Biziňkiden az-a bolmasa gerek. Bu topragyň Watan diýen ady bar, Ony dilden kän gaýtalap ýörmäň siz. Oňa tagzym ediň, egip başyňyz, Göze ýaş aýlansyn — aýyp görmäň siz. Bu mukaddes zatlaň edýän oýnudyr, Şeýle bolýar duýgy dyňzan pursady. Dile agram salmak barha azalar, Il ölçeg ediner diňe gursagy. Ekin

Söýýän

Meň intizarym söýgi, Yşgyňa eýle remezan, Gözleriň nurly dünýäm, Gelsene gel söwer ýar... Söýýän janym söýýän söýýän, Sensiň arzuwym dünýäm, Aýralyk oduna ýanýan, Seni ýürekden söýýän.... Gijeler düýşümde sen, Gündizler huşumda sen, Gözlermiň gözleri, Gelsene gel söwer ýar... Söýýän janym söýýän söýýän, Sensiň arzuwym dünýäm, Aýralyk oduna ýanýan, Seni ýürekden söýýän....

Gel dünýämi ýaz eýle

Küýsän bolsaň mährimi, Gül yşgynda saz eýle Aglap köňül şährimi, Gel dünýämi ýaz eýle Yşkyň dünýä ýaýaýyn, Guşlar bolup gaýaýyn Seni bagtym saýaýyn Gel dünýämi ýaz eýle Käte sesiňi eşde, Ýüregim saňa teşne Men seni söýdim başda Gel dünýämi ýaz eýle Arzuwlanyň paýyň men, Gije dogan aýyň men, Seň gözlerňe maýyl men, Gel dünýämi ýaz eýle