Seni ynjytmaýa

Barsaň bir merdiň ýanyna, Hergiz seni ynjytmaýa. Jan goşsaň namart janyna, Walla, ol hiç ýer tutmaýa. Her wagtda bir duş geler, Ýaz ötüp, ýene gyş geler, Mert elinden çoh iş geler, Namartdan bir iş bitmeýe. Panydyr bu dünýä, pany, Ýokdur hiç kime paýany, Bedasylyň bir nyşany — Ýüz görüp, köňül güýtmeýe. Adam ogly bolsa ysyň, Barma ýanyna näkesiň. Bir akylsyz muhannesiň Hergiz minneti gitmeýe.

Pisada döndi

Bu ýyl bir ýaman ýyl bolup, Haýr işler pisada döndi. Ähli-diller bidil bolup, Şatlygy naşada döndi. Zebun geçdi niçe aýlar, Örtendi pakyrlar, baýlar, Ne ajaýyp abat jaýlar Ýykyldy, bibada döndi. Garny doýman aşdan-nandan, Halaýyklar geçip jandan, Begzadalar çykyp sandan, Maslahat betzada döndi. Süýthor baýlar wagtyn tapyp, Gezer pakyrlary çapyp, Jomartlar suprasyn ýapyp, Satygçy hannada döndi.

Bedewsuwar indi

Ýörsün gyzylbaş üstüne Niçe bedewsuwar indi. Läş dökülsin läş üstüne, Alynsyn hemme ar indi. Baryp ülkesin çapaly, Üýnüne suwlar sepeli, Ar alyp, abraý tapaly, Ýar olsa biribar indi. Sapar esbaby şaýlansyn Hem ýagşy-ýaman saýlansyn, Bir mert daşyndan aýlansyn, Namartdan set bizar indi. Uýat gelse ýüzümize, Duraly şul sözümize, Köp mahaldyr gözümize Bolmuş giň jahan dar indi. Gorkup ekiz, üçem

Ärsarynyň ýigitleri

Her ýerde çoh abraý tapar Ärsarynyň ýigitleri. Ganym görse, dogry deper Ärsarynyň ýigitleri. Hiç zada salmaz nazarlar, Daýyma mestan gezerler, Hem okyrlar hem ýazarlar Ärsarynyň ýigitleri. Orta ýerde top dikerler, Iki ýanda sap çekerler, Watan üçin gan dökerler Ärsarynyň ýigitleri. Özi Hatam çöreklidir, Hemme arslan ýüreklidir, Seýilhanda gereklidir Ärsarynyň ýigitleri. Iki ýana elleşerler, Alar

Özge dem bolmaz

Ganymat bil saglyk bilen gezeniň, Dem şu demdir, biliň, özge dem bolmaz; Bikärdir ýaltanyp, ýaman ýöreniň, Bu bir hassalykdyr, asla em bolmaz. Bir niçeler gezer mele don geýip, Örtener nebsiniň oduna köýüp, Magtanarlar ile «sopy men» diýip, Emma weli gözlerinde nem bolmaz. Hergiz köňül bermäň ýalan pirlere, Magtanyp, keramat satsa sizlere, Dilenip gezerler, hordur gözlere, Şeýtanyň şägirdi hergiz

Ýaraşmaz

Götär diýip, tagna, terene etmek Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz; Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz. Asly musulmana dininden dänmek, Ömre ygtybar, jan barlygna yşanmak, Begres geýip, bile kemer guşanmak Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz. Kümüş bolmaz, ýagşy zikge ursaň mise, Gahry gelmez, eger «gul» diýseň tüýse, Öwüt tutmaz, öwüt berseň bir pise, Ýagşy taglym ýaman ýara

Gygyrmak bilen

Gapyl ýatma, adam, tur işiňi gör, Geçdi kerwen, durmaz gygyrmak bilen; Ajal gelip, tutar ýakaňdan bir gün, Tutansoň, aýrylmaz çagyrmak bilen. Azygyň taýýar et, ýagşy çag—bu çag, Ara gorkulydyr, gerekdir ýarag, Tetärik kem, wagt teň, menziliň-ýyrag, Ýetdirmez özüňe zarp urmak bilen. Rast ýol barka, egri ýola gider sen, Neçün beýle özüň asy eder sen, Aga-döne gedem-gedem eder sen, Goýmazlar parahat

Içinde

Arzy-halym bir-bir beýan edeýin, Gezer boldum ýazsyz gyşyň içinde; Derdim güýçli, men örtenmän nädeýin, Gowga köpdür syna-başyň içinde. Jepa çekip, dünýä ýolun tapmadym, Toýlar tutup, atlar her ýan çapmadym, Çekip gonaklary, halat ýapmadym, Bisan boldum deňi-duşuň içinde. Bu garyplyk üstümizden gitmedi, Köňül maksat-myradyna ýetmedi, Gaýgy-gamsyz meniň wagtym ötmedi, Gezmedim hiç köňül hoşuň

Halym bardyr

Eý byradar, gozgar bolsaň derdimi, Ejiz, ebgär düşen bu halym bardyr; Bir senem yzynda bolup diwana, Hywa, Buhar gitmek hyýalym bardyr. Çyn byradar bolsaň, bile gider sen, Garyp, misgin, pakyr köňlüm güýder sen, Sen meniň hakymda doga eder sen, Soralmaz, idelmez ahwalym bardyr. Hasratynda elip kaddym dal eden, Ýyglamakdan gözde ýaşym sil eden, Köýünde süňňümi ýakyp, kül eden, Jebr etgiji

Sil bolar boldy

Gije-gündiz aglamakdan «ýar» diýip, Indi gözüm ýaşy sil bolar boldy; Bilbil idim, saýrar idim «gül» diýip, Saýragan tillerim lal bolar boldy. Diýmez boldum ahyr «ýar-ýar» diýmekden, Ýok boldum, tükendim gussa iýmekden, Eý ýaranlar, gam öýünde köýmekden Elip dek kamatym dal bolar boldy. Aklym çaşdy, gitdi dumly-duşuna, Ahyr gark bolar men gözüm ýaşyna, Şirin janym düşüp yşk ataşyna, Ýanyp eda