Arşy aglaýa

Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň, Adyň asman gider arşy aglaýa. Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň, Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa. Eýrana gylyç ur, ýörüt sypahy, Başyňda berk bolsun döwlet kulahy, Humaýun dagynda şirleriň şahy, Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa. Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen, Rumustan beýnisi, döwüň biri sen. Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen, Guştasp ogly dek belli belaýa. Pişiň

Reýgan eýledi

Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp, Şum pelek azabym reýgan eýledi. Ýazan kitaplarym sile aldyryp, Gözlerim yzynda girýan eýledi. Gapyllykda duşman aldy daşymyz, Dargatdy her ýana deňi-duşumyz, Bäş ýylda bir kitap eden işimiz— Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi. Bir niçämiz goly bagly gul bolup, Niçeler yzynda sargaryp, solup, Kimi berip, anyň bahasyn alyp, Her kime bir belli baha eýledi. Şum pelek

Ýörmeli boldy

Eý ýaranlar, musulmanlar, Jebirde ýormeli boldy. Nije zähmet çeken janlar Jepany görmeli boldy. Jahan giňdir, melamat kän, Arada köýdi şirin jan, Üstümizde rehimsiz han, Bil ahyr urmaly boldy. Azypdyr gökleň hanlary, Kän görür bize hallary, Goýman sürdi bar mallary, Göz dikip durmaly boldy. Magtymguly, aýama jan, Biliň guşa, geý gazap don, Hetden aşdy bu zalym han, Ahyr tor gurmaly boldy.

Çowdur han üçin

Ahmet patyşadan habar almaga, Umyt etdi iller Çowdur han üçin. Sag-salamat baryp, gaýdyp gelmäge, Oňmady ykballar Çowdur han uçin. Baglar doňup galdy, ýagyşlar görmän, Bulut bewl saldy, bu derde arman, Zemin zaýa boldy, pelekler perman, Jennet boldy çöller Çowdur han üçin. Kaza gahra mündi — perin syndyrsa, Pelek hyýal etdi — mährin indirse, Derýa joşa geldi — suwdan gandyrsa, Muştak boldy köller

Döker bolduk ýaşymyz

Istär — elden çyka döwlet humaýym, Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz. Dilegim duş eýle, gözel allahym, Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz. Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn, Çille mest nerlermiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz. Derwüşler köňli jem dursun namaza, Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza, Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, — Togsan dolup, tamam bolsun

Döke başlady

Gomüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler Ýurdy birýanyndan ýyka başlady. Jemagatsyz azan bir gury sesdir, Niçe mollaň okan ylmy hebesdir, Kazylaryň käri çaý bile nasdyr, Bir bozuk nyşana tuta başlady. Işanlary her gapyda tapylar, Mollalarna ýok myjabat ýapylar, «Öwlüýä men» diýip jögi sopular, Gygyryp, asmana böke başlady. Çykar beýabana

Gözel «Şirgazy»

Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!» Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!» Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, Sende telim aldy, açyldy dilim, Gelsin diýip garar ol gerkez ilim, Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!» Seljerer men indi agy-garany, Dost, rakyp, gardaşym, haky, ýarany, Okydym, göterdim kitap, «Kurany», Gider

Diş gitmek

Tagam lezzetin bilmez Dahanyňdan diş gitmek. Aňyrsyzy azdyrar Götin döwlet — baş gitmek. Şeýtan ýolun bek eýlär, Gara ýüzün ak eýlär, Ýüz müň günä ýok eýlär, Säher gözden ýaş gitmek. Peltesiz ýag çyraga — Yşyk salmaz gyraga, Ilin salar aýaga, Aýak galyp, baş gitmek. Niçe pise zar bolup, Ýatsaň ýeg bimar bolup, Hoşdur ýagşa ýar bolup, Bir ýamandan daş gitmek. Ulaşmaganlar gama, Şükr etmezler bu

Geçdi diýip aglaryn

Eý, ýaranlar, ömrümden Geçdi diýip aglaryn. Gitdi aklym ornundan, Çaşdy diýip aglaryn. Giden gelmez ýolundan, Dönmez ýaman pälinden, Diýanat halk elinden Uçdy diýip aglaryn. Häzir biziň zamanda, Ýaman sözler zybanda, Zulum işler jahanda Joşdy diýip aglaryn. Bu eýýamda betkärler Ýüz til bile aldarlar. Kany niçe dildarlar, Geçdi diýip aglaryn. Niçe sada deň-duşlar Şeýtan biligin başlar, Ýüz

Ili gözlär

Ilinden aýra düşen — Ah urar, ili gözlär. Ýolundan aýra düşen — Jäht edip, ýoly gözlär. Gökde pelek gerdandyr, Halk ýerde sergezdandy Ne bazygär jahandyr, Göz açan maly gözlär. Kimlerde altyn täçdir, Kimler saýyl mätäçdir, Kimler düýpden gallaçd Kim parça, haly gözlär. Kim nan tapmaz iýmäge Kim ýer tapmaz goýmag Kim don tapmaz geýmäg Kim tirme şaly gözlär. Bu jahan bir puştadyr, Kim zinde, kim