Baraýlyň

Duşman geldi Lebap boýun ot eýläp, Turuň, begler, ol döwüşe baraýlyň! Şahymerdan Murtezany ýat eýläp, Boluň, begler, şol soweşe baraýlyň! Är ýigitler gazat güni çykanda, Düldül böküp, asman saýy bakanda, Çaýlar dolup, gyrmyzy gan akanda. Är deý durup, şol söweşe baraýlyň! Görogludan şu gün alyp tilsimi, Kurhan açyp, gel, içeýliň kasamy, Şu gün bolsun Isgenderiň kysymy, Är deý durup, şol söweşe

Görülsin indi

Gorky ede-ede ryswamyz çykdy, Her ne nesip bolsa, görülsin indi! Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýyk Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn ind Möwlam bermiş bize niçe galany,— Kytnamy, Perwerdi, Halaç, Çylany, Başdan-aýak ýygyp hurdu-kelany, Zalym beg üstüne ýörülsin indi! Gaýrat edip, şirin jandan geçeli, Gylyçdan gyrmyzy ganlar seçeli, Duşman bilen aramyzy açaly, Hemme şol ykrara gurulsyn indi! Bir ýerde

Boldugy bardyr

Biziň ärsarynyň goç ýigitlerniň Her zaman başy jem boldugy bardyr Mejlis içre gülgün şeraplar içip, Şady-horram oýnap güldügi bardyr. Türpe edeplidir otursa-tursa, Bary gulak goýar, biri gep ursa, Her ýerde özünden ulyny görse, Onuň gadryn ýagşy bildigi bardyr. Ýagşysy, ýamany aýly-saýlydyr, Ata çyksa, ýaraglydyr, şaýlydyr, Guýma sagdyk, ispyhany ýaýlydyr, Görenler haýrana galdygy bardyr.

Dönmenem, begler

Watan üçin çykdym gyr at üstüne, Tä janym çykynça, dönmenem, begler! Dikdir serim, düşmen duşman astyna, Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler! Ilim üçin şirin jandan geçer men, Düldül münüp, ganat baglap uçar men, Namart dälem, hakdan kasam içer men, Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler! Ýesir galmaz, oglan-uşak aglaýyp, Oda düşmez, aşyk ýürek daglaýyp, Men hem şu gün Murtezadan çaglaýyp, Kasam

Çagdyr bu çaglar

Ölçerme odumy, gozgama derdim, Dert başymdan aşan çagdyr bu çaglar. Nadanmyşam, bir biwepa dil berdim, Ýardan köňlüm sowşan çagdyr bu çaglar. Şunça jepa çekdim, bolmady paýym, Bu nalyşym eşitmedi hudaýym, Gökdäki röwşenim — ýyldyzym, aýym Halka urup ýaşan çagdyr bu çaglar. Gahba pelek otyr çarhyn ters towlap, Dost köňlün galdyryp, duşmanyň awlap, Etim çişe düzüp, süýegim çowlap, Süýeklerim bişen

Ýaňaklaryň alyna

Söwdügim, gül özün para eýlemiş, Reşk ediban ýaňaklaryň alyna. Akmaga gül özün para eýlemiş, Ynanyp, dünýäniň mekru-alyna. Şirin lebiň meňzär asala, ganda, Men senden aýrylyp, gideýin kanda? Yşkyňda gark olmuş jigerim ganda, Ynanmasaň, bakgyl eşkim alyna. Ýar ýaryny, ýarym, söýen ýaraşyr, Gel birzaman bize söýen ýaraşyr, Diýseň: «Nesimi dek soýan ýaraşyr», Herne kylsaň, ygtyýaryň alyna.

Ahy-zar olar

Garasaç jan, seni gören kişiniň Gije-gündiz işi ahy-zar olar. Höziri bolmaýyn ýazu-gyşynyň, Hesretiňde ýörüp, ömri har olar. Meni sen öldürdiň gara göz bile, Bagrymy eretdiň şirin söz bile, Husn içinde elli bile, ýüz bile Bäs eýleseň, hemme şermysar olar. Sen bezenip, haçan çyksaň daşary, Turuzar sen halka ruzy-magşary, Möwlamyň ýaradan peri-beşeri, Hemme gelip, saňa hyzmatkär olar.

Beter, Hatyja

Arzymy eşitgil, eý, söwer ýarym: Günbe-günden derdim beter, Hatyja! Yşkyňda galmady namysym, arym, Munça jebr eýlediň, ýeter, Hatyja! Men seniň yşkyňdan gelip men dada, Gel, jebr etme indi mundan zyýada, Gözleriň ogşaýdyr mysal jellada, Müjgän tygyň jandan öter, Hatyja! Takat ýok, görmesem gara gözüňi, Dünýä hyrajyna bermen özüňi, Perde tartyp dolamagyn ýüzüňi, Gel, indi nykabyň göter, Hatyja!

Soltan, Hatyja

Goýmaz rakyp görnüşiňe gelmäge, Gözeller içinde soltan, Hatyja! Bir gün gülli desmal içinde gözgi Eýlär men sen tarap rowan, Hatyja! Gizli derdim saňa eýlesem haly, Bilenler aşyk diýr, bilmedik—däli, Gözgüýe bak, göter gülli desmaly, Bolsun biz garypdan nyşan, Hatyja! Derdim köpdür, maňa tebip duş gelmez, Köňlüm gamgyn, dünýe sözi hoş gelmez, Hijran oky dogry geler, duş gelmez, Sanjylar bagryma

Harap eder

Çaparman algyr ýigidi Ahyr galla harap eder. Çyra ýanmaz gök ýüzünde, Degse, gülle harap eder. Baryşsaň mert bile baryş, Namartlardan bitmez her iş, Neri ýörüş, aty ýaryş, — Uzak pelle harap eder. Almak üçin il gezer pir, Ýyl-ýyldan nebsi güýç getir, Her ýetenler: «Sopy men» diýr, Gury selle harap eder. Tebibiň bolmasa duçar, Niçik şypa tapar bimar, Hassa galyp biygtyýar — Awy berip, harap eder.